Kärendeçilere edilýän 'pile sütemi' dowam etdirilýär, lebaply daýhanlar nägile

Pile hasyly

Lebap welaýatynyň Kerki, Köýtendag etraplarynyň Ters, Zarpçy, Mes daýhan birleşiklerinden gelip gowşan maglumata görä, kärendeçilerden bu ýyl hem ýüpek gurçuklaryny idetmek ýa-da pul bermek talap edilýär.

Türkmenistanda bu ýyl hem daýhanlara edilýän "pile sütemi" dowam etdiriljege meňzeýär; öňki ýyllaryň tejribeleri oba adamlarynyň bu işden köplenç zyýan çekýändiklerini, tut ýapraklarynyň ýetmezçiligi, döwlet satyn alyş nyrhlary zerarly ýüpek gurçugyny idetmek isleýän adamlaryň köpelmeýändigini görkezýär.

Aşgabat bu ýyl ýurtdaky mejburlyklaryň baş ojagy bolan pagtaçylykdaky plan-tabşyryklaryyny artdyrýar, bugdaý planyny azaldýar we pile öndürmek baradaky talaplar öňküligine galjaga meňzeýär diýip, Azatlygyň habarçylary habar berýär.

Lebap welaýatynyň Kerki, Köýtendag etraplarynyň Ters, Zarpçy, Mes daýhan birleşiklerinden gelip gowşan maglumata görä, daýhan birleşikleriniň kärendeçilerinden bu ýyl hem ýüpek gurçuklaryny idetmek we pile tabşyrmak talap edilýär.

Degişli maglumat Kärendeçi daýhanlar “oňaýsyz şertlerde” ýeralmasynyň ekişine girişmäge “mejbur edildi”


"Gowaça, bugdaý ekmekde bolşy ýaly, pileçilikde hem hiç bir meýletinlik, öz maşgala ýagdaýyňa, şertlere, soňra alyp biljek girdejiňe seretmek ýok, adamlary diňe gorkuzyp, kärende ýerini elinden aldyrjagyny aýdyp, mejbur edip işledýärler" diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran kerkili kärendeçi aýtdy. Şeýle-de ol hiç bir kärendeçiniň gurçuk tutmak islemeýändigini, bu işiň olara zyýandan başga peýdasynyň ýokdugyny belledi.

Bu aýdylýanlary köýtendagly kärendeçiler hem tassyk etdi.

Olaryň sözlerine görä, häzir her kärendeçiniň pile üçin 500 manat möçberinde pul bermegi talap edilýär.

"Ol pul daýhan birleşikleriniň arçynlaryna gowşurylmaly ýa-da, bu puly berip bilmedik we bugdaý ekmek üçin kärende ýeri bolan adamlar, her gektar ýeri üçin iki guty gurçuk tohumyny alyp, olary idedip, pile tabşyrmaly" diýip, kärendeçiler özlerine, öňki ýyllarda bolşy ýaly, üçünji çykalganyň goýulmaýandygyny aýtdylar.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow soňky 13 ýylda yglan eden ikinji oba hojalyk reformasynda döwletiň satyn alyş nyrhlarynyň ýokarlandygyljakdygyny aýtdy.

Degişli maglumat Häkimiýetler mejbury pileçiligi agzaman, ýüpekçileriň 2262 tonna çig pile öndürendigini yglan etdi


Emma muňa garamazdan, daýhanlar ýetişdirilen 1 kilogram piläniň döwlet satyn alyş nyrhynyň 25 manatdygyny, bu bahanyň pile üçin çekilen zähmeti ödärden has pesdigini aýdýarlar.

Geçen ýylyň tejribesine seredilse, hökümet daýhanlaryň bu nyrhdan nägiledigini bilýär we, olary goşmaça höweslendirmek maksady bilen, tabşyrylan her kilogram pile üçin döwlet bahasyndan 1 kilogram künjara bermegi wada berdi.

"Geçen ýyl bu wada ynanan adamlar tabşyran pileleri üçin künjara alyp bilmediler. Türkmenistanda 1 kilogram piläni döwlet 1 dollar 25 sentden satyn alýar, daşary ýurtlarda 1 kilogram piläniň bahasy 30 dollardan geçýär" diýip, lebaply daýhan Azatlyk radiosyna aýtdy.

Türkmenistandaky pile planlary, ýüpek gurçugyny idetmek praktikasy sowet döwründen miras galdy. Emma daýhanlar ol döwürde hökümetiň tut, transport, jaý meselesinde kömek edendigini, goşmaça tölegiň ýa-da höweslendirmegiň häzirkiden gowurak bolandygyny aýdýarlar.

Degişli maglumat Oba mekdepleriniň mugallymlary ýüpek gurçugyny ýetişdirip, pile öndürmäge mejbur edilýär


Pile ýetişdirmekdäki şertleriň agralmagy Lebap welaýatynyň daýhan birleşmelerinde ýetişdirilýän piläniň kän esse azalmagyna getirdi diýip, radionyň kerkili söhbetdeşi anyk san getirmezden aýtdy.

Resmi maglumata görä, geçen ýyl Türkmenistan pile planyny 111,5 prosent ýerine ýetirip, 2 müň 262 tonnadan gowrak pile hasylyny aldy.

Türkmen häkimiýetleriniň pile salgydy diňe kärendeçileri däl, mekdep mugallymlaryny hem alada goýýar. Azatlykda bu ýyl beýle maglumat bolmasa-da, geçen ýylyň martynda Mary welaýatynyň oba mekdepleriniň mugallymlaryna 5-10 gramdan gurçuk tohumy paýlanyp berildi.

61 ýaşyndaky oba hojalyk hünärmeni Türkmenistanyň geçen ýyl 2030 tonna pile planyny doldurandygyna ynanmaýar.

Degişli maglumat Mugallymlara 'gurçuk plany' salyndy


Ýöne ol Azatlyk bilen anonimlik şertinde den gürrüňinde hökümetiň bu ýagdaýy, eger-de islese, aňsat düzedip biljekdigini, munuň üçin ýylda ekilýän arça gaçlaryna derek diňe bir ýyl tut agaçlaryny ekmelidigini aýtdy.

"Eger-de şu ýyl ekiljek 10 million düýp bag nahalyna derek her welaýatda 1 million düýp tut agajy ekilse, üç-dört ýyldan pileçilik, ýüpek gurçuklaryny idetmek mejbury zähmet bolmagyny bes eder" diýip, ol aýtdy.

Ýöne hünärmen tut agaçlarynyň bolçulygyny döretmegiň birinji meseledigini, esasan daýhanlara öz önümini azat bazar şertlerinde, satyp biljek iň amatly bahasyndan satmaga mümkinçilik berilmelidigini hem sözüne goşdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.