Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki köp gatly jaýlarda lagym, agyz suw we ýyladyş turbalarynyň ýarylmagy bilen bagly ýagdaý yzygiderli ýüze çykýar diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy bu regiondan habar berýär.
Degişli maglumat Maryda turbanyň ýarylmagy netijesinde ilat 14 sagat suwsuz galdy“Türkmenabadyň 1-2-nji mikroraýonlaryndaky köp gatly jaýlarda turbalar yzygiderli ýarylýar. Lagym, agyz suw we ýyladyş turbalarynyň ýarylmagy netijesinde suw yzygiderli kesilýär, ýyladyş ulgamy hatardan çykyp, öýler buz ýaly bolýar. Şeýle-de, ilat öz zerur bolan hajatlaryny kadaly ýerine ýetirip bilmeýär” diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy 3-nji martda gürrüň berdi.
Habarçy turbalaryň ýarylmagy bilen bagly wakalaryň soňky hepdelerde has-da köpelendigini aýdýar. Ol turbalary bejermek işleriniň käte ençeme sagada, ýöne köplenç birnäçe güne çekýändigini hem belleýär.
“Ýaşaýjylar suw, hajathana zerurulyklaryny bir alajyny tapyp oňuşýarlar.Ýöne bahar pasly gelip ýeten bolsa-da, Türkmenabat şäherinde howanyň temperaturasy gijelerine heniz hem -2 gradusa çenli ýetýär. Bu bolsa buz ýaly öýi ýylatmak meselesini kynlaşdyrýar” diýip, türkmenabatlylaryň ençemesi bilen söhbetdeş bolan habarçy aýtdy.
Degişli maglumat Köşüliler gurluşyklar zerarly toguň we suwuň yzygiderli kesilmeginden şikaýat edýärlerTürkmenabatlylaryň sözüne görä, ýerli häkimiýetler, şol sanda Öý dolandyryş müdirlikleri turbalaryň yzygiderli ýarylmagynyň sebäplerini düşündirmeýärler. Azatlyk Radiosynyň bu barada Lebap welaýat häkimliginden we Öý dolandyryş müdirliklerinden kommentariý almak synanyşyklary hem netije aýtdy.
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurtda ýaşaýyş jaýlarynyň ýyladyş ulgamlaryny abatlamak we olaryň ulanyş ýagdaýyny üpjün etmek barada irgözinden alada etmelidigini her ýylyň güýzünde ençeme gezek tekrarlaýar.
Muňa garamazdan, gymmatbaha gurluşyklar alnyp barylýan Türkmenistanda ýaşaýjylar jaýlaryň infrastrukturasynda ýüze çykýan näsazlyklar bilen bagly dürli oňaýsyzlyklary yzygiderli başdan geçirýärler. Bu barada Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçylary we garaşsyz neşirler ençeme ýyl bäri habar berip gelýärler.
Degişli maglumat Aşgabatda yssyda ençeme jaýyň ýaşaýjylary suwsuz galdy“Türkmenistanyň Hronikasy” neşiri fewralyň 18-den 19-na geçilen gije Parahat-7/1 etrapçasyndaky 19-njy jaýda ýyladyş turbalarynyň ýarylandygyny habar berdi.
“Ertesi irden işgärler gelip, turbalary bejerdiler. Bu döwürde ýyladyş ulgamlary işlemedi” diýlip, neşiriň habarynda aýdyldy.
Bu wakany Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylarynyň biri hem tassyklaýar, ýöne ol bu ýerde ýagdaýyň has çynlakaýdygyna ünsi çekýär we turbalaryň yzygiderli hatardan çykmagynyň jaýlaryň gurluşygyndaky näsazlyklar bilen baglanyşyklydygyny aýdýar.
“Topragyň çökmegi ýa-da gurluşykdaky kemçilikler turbalaryň gysylmagyna we deşilip, ýarylmagyna getirýär. Bu sebitde turbalar yzygiderli ýarylýar, liftler hatardan çykýar. Soňky wakadan soň, şäher prokuraturasy Parahat 7 etrapçasyndaky jaýlar, hususan-da çagalar bagynyň we Saglyk öýüniň binalary bilen bagly derňewleri başladyp, jenaýat işini gozgady” diýip, aşgabatly habarçy agzalýan binalary barlamak işlerine gatnaşýan resmi işgäriň gizlinlik şertinde beren maglumatyna salgylanyp, 3-nji martda gürrüň berdi.
Ol bu binalaryň fundamentinde jaýryklaryň emele gelip başlandygyny hem aýdyp, häzirki wagt jaýlaryň abatmy ýa däldigini kesgitlemek boýunça derňewleriň dowam edýändigini belledi.
Azatlyk Radiosy bu barada Aşgabat şäher häkimliginden we prokuraturasyndan häzirlikçe kommentariý alyp bilmedi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.