Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň hem-de Içeri işler ministrliginiň işgärleri Lebabyň Türkmenabat şäherinde we Farap, Saýat hem-de Çärjew etraplarynda hasapda duran öňki neşekeşlere we ten söwdasyny edýän adamlara şugulçylyk etdirýär.
Bu barada Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçysy howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli atlandyrylmazlyk şertlerinde habar berýär.
“MHM we polisiýa olary halkyň arasynda şugul hökmünde ulanýar” diýip, habarçy anonim şertde gürrüňdeş bolan lebaply bir polisiýa işgäriniň sözlerine salgylandy.
Degişli maglumat Türkmenistanyň howpsuzlyk gulluklary studentleri şugulçylyga çekmek işini aktiwleşdirdi
Lebapda güýç edaralary häzirki wagtda şugullary, esasan, daşary ýurtlarda işleýän raýatlaryň Türkmenistandaky dogan-garyndaşlaryny hem-de halk içinde pikir-garaýyş beýan etmekde aktiwlik görkezýän raýatlary yzarlamakda ulanýar.
“Türkmenabatda şugullar köpçülikde erkin pikir aýdýanlar, mobil telefonda VPN ulanýanlar, hem-de daşary ýurtlarda köp ýyl bäri işleýänleriň ýakynlary barada häkimiýetlere hasabat bermeli” diýip, habarçy aýtdy.
Onuň sözlerine görä, regionda howpsuzlyk edaralary öňki neşekeşleriň hem-de ten söwdasyny edýän raýatlaryň il çinden getirýän maglumatlaryna bil baglaýar.
“Olar bolsa adamlaryň ykballary barada öz maglumatlarynyň esasynda netije çykarylýandygyna düşünmeýärler” diýip, habarçy lebaply polisiýa işgäriniň beren maglumatlaryna salgylandy.
“Olardan halkyň arasynda adaty we adaty bolmadyk maglumatlary getirmek talap edilýär” diýip, ol sözüne goşdy.
Olaryň edýän işine jogap edip, MHM we polisiýa öňki neşekeşlere, ten söwdasyny edýän raýatlara bikanun nas söwdasyny, arak söwdasyny we ten söwdasyny etmäge rugsat berýär.
Kanun goraýjy edaralar köpçülikde erkin pikir aýdýanlaryň hem-de daşary ýurtlarda işleýänleriň ýakynlarynyň nirelere gidip-gelýändigi, olaryň kimler bilen nämeleri gürrüň edýändikleri barada şugullardan maglumat talap edýär. Şeýle-de, habarçynyň sözlerine görä, toý märekelerde ýa-da çärelerde ýurt syýasatyny tankytlap söz aýdýanlar güýç edaralarynyň wekillerini gyzyklandyrýar.
Degişli maglumat Garaşsyz neşirler bilen interwýu: Döwletiň 'gülala-güllük wagzyna' alternatiwa zerur
Türkmenistanda raýatlaryň kanun goraýjy edaralaryň wekilleri tarapyndan şugulçylyga çekilmegi täzelik däl. Mundan ozal, Azatlyk Radiosy ýokary okuw jaýlarynda talyplara şugulçylyk etdirilýändigini habar beripdi, galyberse-de has ozalky maglumatlarda MHM işgärleriniň daşary ýurtlarda bilim alýan studentleriň arasyndan adamlary şugulçylyga çekýändigi barada habar beripdi.
Ýatlasak sentýabryň ortalarynda Türkmenistanyň Ýörite gulluklary ýurduň ähli ýokary okuw jaýlaryndan studentleri şugulçylyga çekmek işlerini güýçlendiripdi. Şonda şugulçylyga çekilýän studentlerden syýasy çärelerden nägile kursdaşlaryny habar bermek talap edilipdi. Galyberse-de, olara telefonda VPN ulanýan studentleri anyklamak, mümkin boldugyndan olaryň telefonlaryny dörmek tabşyrylypdy.
Hukuk toparlarynyň halkara hasabatlarynda-da aýdylyşy ýaly, Türkmenistanda häkimiýetler raýatlaryň hereket hem-de maglumat giňişligini berk çäklendirýär. Human Rights Watch guramasy golaýda çap eden ýyllyk hasabatynda Türkmenistanda häkimiýetleriň raýatlaryň maglumat giňişligini berk gysýandygyny hasabat berdi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.