Balkanly, daşoguzly we lebaply ene-atalara okuwçylaryň mobil telefonlary mekdebe getirmeginiň berk gadagandygy duýduryldy

Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanyň mekdeplerine mobil telefonlary getirmegi we ulanmagy çäklendirýän gadagançylyk Aşgabatdan soň, ýurduň Balkan, Daşoguz we Lebap welaýatlarynda hem täzeden güýçlendi.

Azatlyk Radiosynyň bu barada habar berýän ýurt içindäki habarçylary şu günler agzalýan welaýatlaryň orta mekdeplerinde ene-atalar ýygnaklarynyň geçirilýändigini aýtdylar. Bu ýygnaklarda ene-atalara okuwçylaryň mobil telefonlary mekdebe getirmeginiň berk gadagan edilýändigi duýduryldy.

Degişli maglumat Aşgabadyň mekdeplerinde ‘mobil telefon gadagançylygy’ güýçlendi

“Klas ýolbaşçylar ýurtda mekdeplere mobil telefonlary getirmegi we ulanmagy gadagan edýän täze kararyň güýje girendigini aýtdylar. Ýöne bu karary görkezmediler. Şeýle-de, olar ‘telefonlaryň çagalaryň terbiýesine ýetirýän zyýanlary’ barada dürli mazmundaky mysallary gürrüň berdiler” diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli gizlinlik şertinde maglumat beren lebaply habarçy gürrüň berdi.

Onuň sözüne görä, 15-nji ýanwarda Türkmenabat şäheriniň 1-nji mekdebindäki klas ýolbaşçylaryň biri okuwçylaryň we mugallymlaryň arasynda “pornografik wideo materiallara tomaşa edýänleriň bardygynyň üstüniň açylandygy” barada maglumat berdi. Ýöne ol bu wakanyň haýsy mekdepde bolandygy barada takyk bir zat aýtmady.

“Klas ýolbaşçylar çagalaryň mugallym bilen okuwçynyň arasynda bolýan käbir wakalary hem gizlin wideo düşürýändigini we ony Internete goýýandygyny hem nygtadylar. Şonuň üçin olar döwrebap telefonlaryň mekdebe getirilmeginiň berk gadagan edilýändigini aýtdylar. Ýöne olar ene-atalara çagalaryna kamerasy ýok, ýöne habarlaşmak üçin ýönekeýje telefony alyp bermegi maslahat berdiler” diýip, habarçy ene-atalaryň ençemesine salgylanyp gürrüň berdi.

Ol bu gadagançylygy käbir ene-atalaryň gowy garşy alandygyny, käbiriniň özarasynda garşylyk görkezendigini hem belledi.

“Gurply maşgalalaryň çagalary gymmat mobil telefonlary ulansa, eli ýuka hojalyklaryň çagalary hem şony talap edýärler. Mysal üçin, Samsung C10 telefony 15 müň, iPhoneX 19 müň manatdan bahalanýar. Lebaply mugallymlaryň her aýda alýan zähmet haklary ortaça 1200 manada barabar. Olar çagalaryna iPhone telefonyny satyn almak üçin 20 aýa golaý işlemeli bolýarlar. Daýhanlar bolsa, döwlete bir aýda 30 tonna pagta ýa-da 60 tonna bugdaý tabşyrmaly bolýarlar” diýip, habarçy belledi.

Azatlygyň habarçylary şuňa meňzeş ýagdaýlaryň Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň orta mekdeplerinde hem gaýtalanýandygyny aýtdylar.

Azatlyk Radiosyna bu aýdylanlary Lebap, Daşoguz we Balkan welaýat häkimliklerine hem Baş bilim müdirliklerine tassyklatmak ýa-da inkär etdirmek başartmady.

Degişli maglumat Telefonyndan Fransiýadaky sary keltekçelileriň suraty çykan okuwçynyň ýüzüne şarpyk çalyndy

Ýöne bu waka Aşgabadyň mekdeplerine mobil telefonlary getirmegi we ulanmagy çäklendirýän gadagançylygyň täzeden güýçlenendigi baradaky habarlaryň yzýanyna gabat geldi.

14-nji ýanwarda Azatlygyň paýtagtly habarçysy öňki ýyllardan tapawutlylykda, bu ýyl bu gadagançylygy berjaý etmegiň diňe okuwçylardan däl, eýse mekdep mugallymlaryndan hem talap edilýändigini aýtdy.

Türkmenistanyň mekdeplerinde ýa-da ýokary okuw jaýlarynda studentleriň we okuwçylaryň mobil telefonlary ulanmagyny çäklendirýän gadagançylyklar wagtal-wagtal güýçlendirilýär. Bu çäräniň çäginde mobil telefonlary mekdebe getirmegiň gadagandygy ýatladylýar ýa-da ondaky şahsy maglumatlar barlanýar.

Geçen ýylyň 1-nji fewralynda Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň işgärleriniň duýdansyz Aşgabadyň mekdeplerine aýlanyp, okuwçylaryň mobil telefonlaryny barlandygyny, Azatlygyň habarçysy gürrüň berdi.

Türkmen häkimiýetleri we media serişdeleri bu gadagançylyklar we olaryň sebäpleri barada kelam agyz söz aýtmaýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.