Wladimir Bukowskiý "Men çepçi lagerden hem däl, sagçy lagerden hem. Men konslagerden" diýipdi.
"Men üç sany garynjany tutup, kürüşgäniň içine taşladym, sebäbi men olaryň adamlardan näderejede gowudygyny görmek isledim. Elbetde, olar kürüşgeden çykmaga çalyşdylar, emma men olary yzyna itekledim. Olar jemi bir ýüz segsen çemesi synanyşyk etdiler, emma bularyň hemmesi netijesiz boldy. Soň olar köşeşdiler we aşak çöküp, tegelenip oturdylar. Geň galmaly, olar nämäniň pikirini ýa gürrüňini etdiler? Men olary uzak wagtlap synladym, ýöne olar şondan soň gaçmaga synanyşmadylar. Içi garynjaly kürüşge otlukda tas üç günläp durdy. Birnäçe gezek ýagyş sepeledi, gün ýaşdy we dogdy, emma olar şol tegelenip oturmaklaryny dowam etdirdiler we murtlaryny gymyldatdylar, belki-de anekdot aýdyşandyrlar. Eýsem olar başga näme etsinler? Olar eýýäm ählisine düşündiler, olara indi başga hiç zat gerek däl."
Bu 1942-nji ýylyň 30-njy dekabrynda Başgyrdystanda doglan, orta bilimli, 1961-nji ýylda syýasy sebäpler esasynda uniwersitetden çykarylan, Orsýetde samizdatyň, özneşiriň gözbaşynda duran intellektuallaryň biri Wladimir Bukowskiniň galamyndan çykan anti-sowet eserleriň diňe biri.
Ol samizdat (özneşier) barada gürrüň edip, “ony özüm ýazýaryn, özüm redaktirleýärin, özüm senzuradan geçirýärin, özüm çap edýärin, özüm paýlaýaryn, özüm hem jezasyny çekýärin, ýagny özneşir üçin türmede oturýaryn” diýipdi.
Sowet dissidenti, adam hukuklaryny goraýjy, ýazyjy we tankytçy Wladimir Bukowskiý 27-nji oktýabrda, 77 ýaşynyň içinde Britaniýada aradan çykdy.
Ol sowetleriň syýasy tussaglary ruhy hasshanlarda çüýretmek praktikasynyň üstüni açdy we bu ýagdaý kommunizmiň gündogar Ýewropadaky köklerini sarsdyrdy diýip, "The Guardian" gazeti ýazdy.
Şeýle-de neşir Bukowskiniň hiç wagt öz eden işlerini mahabatlandyrmandygyny, kiçigöwün bolandygyny, Sowet Soýuzynyň ýykylmagyny bolsa, ony dolandyranlaryň samsyklygy bilen düşündirendigini belledi.
"KGB onuň ganym duşmanydy, olar ony ýigrenýärdiler, ol olary ýigrenýärdi. Ahyrynda olar ony ýurtdan çykaryp kowdy" diýip, iňlis gazeti ýazdy.
Türkmenistanda W.Bukowskiniň we beýleki sowet dissidentleriniň eserlerini çap etmek mümkinçiligi 1980-nji ýyllarda az wagtlyk dörän hem bolsa, türkmen terjimeçileri bu pursatdan peýdlanyp ýetişmediler.
Biziň bilşimizden, Azatlyk tanymal dissident ýazyjynyň aýdan pikirlerinden gysgaça bir bölegi türkmen okyjylaryna ilkinji bolup ýetirýär (eger ýalňyşýan bolsak, öňünden ötünç soraýarys!).
Sowet soýuzy hakynda
"Bu ýurtda her gün duran ýeriňde ýöremekden başlanýar."
"Betbagt ýurt, ýönekeýje dogruçyllyk gowy bolanda gahrymançylyk hökmünde, erbet bolanda – ruhy hassalyk diýip kabul edilýär."
"Sowet adamlary "çüýreýän kapitalizm" hakynda näme diýýär? "Çüýremesine çüýreýär, emma ysy ne gözel!" A soň süýjülik bilen dem alýarlar."
"Hususy eýeçilik zähmetkeşlerden ogurlanan emläk, diýmek, ogrudan ogurlamak halal! Leninçilik esasynda berk netije çykarsaň, näme üçin ganhorlygy aklamaly däl? Adamyň başy ölümli, näme üçin ony edil häzir öldürmeli däl, ol barybir öljek ahyryn? Onuň logikadan dörtlük almagy ýöne ýerden däl."
Degişli maglumat Sowet döwrüniň tanymal dissidenti Wladimir Bukowskiý 76 ýaşynda aradan çykdy
Demokratiýa we azatlyk hakynda
"Demokratiýa – bu oňaýly jaý, owadan maşyn we işsizlere berilýän kömek puly däl. Ol, ähli zatdan ozal, göreşmek hukugy we göreş erki."
"Orsýet – gullar ýurdy. Ruslarda hiç wagt demokratiýa bolmady we bolmaz. Olar oňa ukyply däl, synanyşanyňa-da degmeýär. Biziň halkymyz bilen başgaça bolmaz."
Stalin hakynda
"...Halk şahsyýet kultunyň paş edilmegine nähili baha berdi? Haçanda Stalini mawzoleýden çykaryp, kreml diwarynda jaýlanlarynda, onuň mazarynda şeýle ýazgyly çemen peýda boldy: "Ölensoň aklananlardan ölensoň repressiýa edilene".
"Halkyň iň esasy duşmany Staliniň özi!" Geň ýeri, iki ýyl ozal ol jaýlananda bir-birini basgylan, onuň üçin ölmäge taýýar bolan adamlar muňa örän çalt ynandylar."
Deňlik hakynda
"Adamlar diňe gonamçylykda hemme taraplaýyn deňlige eýe bolýarlar. Eger-de öz ýurduňyzda ägirt uly gonamçylyk gurmak isleseňiz, sosialistleriň hataryna geçiň."
Häkimiýet hakynda
"Onlarça ýyllap adamlaryň kellelerini kesdiler we ahyrynda, her niçik-de bolsa, täze görnüşli, kellesiz adamlar doglup başlady. Iň esasysy ruhdan düşmezlik, sebäbi bularyň ählisi umumy bagtyýarlyk üçin edilýär ahyryn."
Sowetlerden soňky Orsýet hakynda
"Men agdarylyşykdan (GKÇP nazarda tutulýar - red.belligi) soň rus ýolbaşçylaryna SSKP-ni sud etmegiň gerekdigini aýtdym. Eger-de Nýurenberg sudy ýa şoňa meňzeş bir zat etmeseňiz, siz bu režimden hiç wagt dynmarsyňyz, bu uzaga çeker, iň ýamany bolsa, kommunistler janlanar. Ol edil ýaralanan wagşy haýwan ýaly, ony dyndyrmaly. Eger-de siz muny etmeseňiz, ol siziň bokurdagyňyzydan alar diýdim."
"Orsýetiň içinden indi buýsanara zat tapyp bilmersiňiz."
"Men pessimist däl we hemme zada örän rahat çemeleşýärin. Sebäbi ähli zadyň geçjekdigini bilýärin. Sowet Soýuzy geçdi, putinçilik Orsýeti hem geçer."
Gorky hakynda
"Gorkmak örän çalt bizar edýär. Bu ýürekgysgynç we fiziki taýdan kejikdiriji ýagdaý. Ondan dynsaňyz, uzak we gowy ýaşarsyňyz."
Ölüm hakynda
"...Men ölümiň nämedigine ir düşündim. Biz kommunal jaýda ýaşaýardyk, maňa Žukowskini, Puşkini okap berýän enem gözüniň alnynda diýen ýaly ýogaldy. Men özümiň hem şeýle boljagyna düşündim. Şol bir wagtda men dindar däldim, men munuň ýitip, ýok bolmakdygyna düşündim. Onsoň men, eger-de irräk gitmeli bolsa, muny ýatda saklamaryn we gynanmaryn. Şu sebäpden men hiç wagt ölümden gorkmadym."
Ol "ýene bir ýigrimi ýyldan öz gorkan zatlaryň utanç boljagy hakynda oýlanmak peýdaly" diýipdi.
Degişli maglumat Gymmat düşen goşgy
"The New Times" neşiri sowet durmuşynyň mekdebini ruhy hassahanalarda, perm lagerlerinde we ýakasy gaýyşly Wladimir türmesinde geçen, 1976-njy ýylda çili kommunistleriniň lideri Luis Korwalan bilen çalşylan Wladimir Bukowskiniň özleri bilen eden söhbetdeşliklerinde we ýazan makalalarynda aýdan zatlaryny ýatlaýar.
2007-nji ýylyň sentýabrynda, Orsýetiň prezidentligine dalaş etmekçi bolanda, ol NT-nyň habarçysy Natalýe Morar bilen söhbetdeşlikde özüni gorkuzjak boluşlary, öz içindäki gorkusyny ýeňip bilşi hakynda gürrüň berdi.
Ol şonda "Iň beter nämeden gorkupdyňyz?" diýen soraga "Iň elhenji – özüň üçin däl, öz ýakynlaryň üçin gorkudy. Köplenç ýagdaýda hut şu haýbaty atardylar, olara nämedir bir zatlaryň ediljegini aýdardylar..." diýipdi.
Ol "Türmede nämeden gorkduňyz?" diýen soraga şeýle jogap berdi:
"Gorkmak – o diýen dogry söz däl. Köplenç türme möhletiniň uzaldylmagyndan howatyr edýärdik. Sen basyş astyna düşýärsiň, özem bu gutulgysyz bir zat. Seni uzak wagtlap ýeke adamlyk kamera ýa-da karsere iberip bilerler, ol ýerde seni sowuk bilen gynarlar. Köp adam şol ýerde sowuklady we öldi. Tussaga basyş görkezmegiň ýene bir giň ýaýran usuly bolsa ony aç saklamak, ýagny azyk normasynyň azaldylmagy, 9B diýilýän. Bu karserde saklanýanlar üçin adaty zat, emmakarserden daşardakylaryň hem islendigini şu azyk normasyna geçirmek mümkin. Adamy şeýle ýagdaýda tutuş bir aýlap saklap bilýärdiler we soňra alagadan onuň möhletini uzaldýardylar. Basyş görkezmek üçin jenaýat edip türme düşenleri hem ulanýarlar. Aleksandr Solženitsynyň we Warlam Şalamowyň türmede bolan wagtynda, syýasy tussaglar bilen jenaýatçylar dünýäsiniň arasyndaky gatnaşyk örän ýaramazdy, jenaýatçylaryň kamerasyna geçireris diýip gorkuzardylar."
Onlarça ýyllap adamlaryň kellelerini kesdiler we ahyrynda, her niçik-de bolsa, täze görnüşli, kellesiz adamlar doglup başlady. Iň esasysy ruhdan düşmezlik, sebäbi bularyň ählisi umumy bagtyýarlyk üçin edilýär ahyryn."W.Bukowskiý
Bukowskiý ruhy hassahanada näme bilen gorkuzandyklary baradaky soraga şeýle jogap beripdir:
"Gorkuzmadylar. Jeza çäresi hökmünde dürli dermanlary ulanmak – bu islendik ruhy hassahanadaky "normal" durmuşyň bir bölegidi. Sulfazin, aminazin diýen ýaly dermanlary ulanardylar. Sulfazin – şetdaly ýagyndaky kükürt erginidir. Ony damaryna goýberenlerinde, adamda absses: örän ýokary temperatura – 42 gradus we aýylganç agyry başlanýar. Adatça üç sanjym ederdiler... Sen gymyldap hem bilmeýärsiň we özüňi haja çüýlenen ýaly duýýarsyň. Aminazin edil sulfazin ýaly elhenç däl. Onda doly kütekleşme ýagdaýyna düşýärsiň. Seni naharlaýarlar, iýdirip-içirýärler, a sen diňe uklap, oýanyp bilmän ýatýarsyň..."
Ol bu gorky-howatyrlar arasynda nädip baş alyp çykdyňyz diýen soraga şeýle jogap beripdi:
"Ozaly bilen berk düşünmek gerek, siz wagşy haýwanlar bilen bir kapasada otyrsyňyz. Eger-de sähel gorýandygyňyzy bildirseňiz, bu siziň üçin erbet. Iň esasysy, haçanda bir aýylganç zat bolanda, iň ilkinji pursatlarda dowla düşmezlik. Bu erk tagallasyny talap edýär. Soň kelläňizi işledýärsiňiz: olar näme edip bilerler, näme edip bilmezler, näme etmekleri mümkin ýa-da etmezlikleri mümkin. Siz özüňizi rasional, oýlanyşykly adam ýaly görkezmäge başlaýarsyňyz, şu sebäpden gorky-howatyr yza çekilýär, sebäbi ol bir janawer duýgusy bolup durýar.
Bu ýerde hiç hili umumy serişde ýok, diňe erk tagallasy gerek. Eger-de sen bolup geçýän zatlaryň ählisinden özüňi üzňeleşdirip bilseň, özüňe gapdaldan seretseň, hamala sen subýekt däl-de, keseki synçy ýaly bolsaň, bu usul örän gowy kömek edýär. Eger-de bolýan zatlaryň bir gülkünç tarapyny tapsaň, bu-da kömek edýär. Ýagny bu meniň özüme-hä kömek etdi. Mysal üçin, bir gezek men aklawçymy ýanyma goýbermändikleri üçin açlyk yglan etdim. Meni zor bilen naharlamaga başladylar.
Olar muny meniň burnumdan ujy demirli şlanga salmak arkaly edýärdiler, ýöne şlanganyň demirli tarapy meniň burnumyň deşiginden uludy. Her gün meniň burnumyň deşiklerini ýyrtýardylar. Munuň üçin ilki gymyldamaz ýaly edýän köýnek geýdirýärdiler, tapçana daňýardylar we aýaklarymda oturyp, kellämi tutup saklap, ujy demirli şlangany burnuma dykýardylar. Dem alyş damarlarym ýyrtylýardy, hemme tarapdan gan akýardy we olaryň hemmesi meniň bokurdagyma gapgarylýardy. Bu her gün şeýledi. Ýatmak, uklamak mümkin däldi, açlyk yglan edemsoň, ölüm jezasy berlenleriň kamerasyna geçiripdiler. Ol ýerde bolsa okamagam, çilim çekmegem bolmaýar.
Onsoň gije kameranyň içinde öňe, yza ýöreýärin, haşlap burnumdan dem alýaryn we öz ýanymdan görsene, durmuşyň gurnalaýşyny,meniň burnum bilen Moskwanyň aklawçylar kollegiýasynyň arasynda bir baglanyşyk bolup biler öýdüp hiç wagt pikir etmändim diýýärin. Onsoň bu birden gaty gülkünç göründi. Gülkünç bolsa, diýmek, gorkunç bolmaýar. Beýle agyryly hem bolmaýar. Meniň ýene bir köp ulanan usulym, özem muny hemmelere maslahat berýärin, bu edil häzir siz üçin hemme zat şeýle umytsyz we gorkunç hem bolsa, ýigrimi ýyl soňra siz bu zatlary ýatlarsyňyz we gülersiňiz. Ýene ýigrimi ýyldan öz gorkyň, özüňde basyp ýatyryp bilmedik gorkyň üçin utanja galjagyň, ýüzüň gyzarjagy barada oýlanmagam örän peýdaly" diýip, Wladimir Bukowskiý NT neşirine 2007-nji ýylyň sentýabrynda aýtdy.
Metbugat materiallary esasynda taýýarlandy.
Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar