Aşgabatda öýsüz itleriň we pişikleriň awlanmagy dowam etdirilýär

illýustrasiýa suraty

Türkmenistanyň paýtagtynda häkimiýetler öýsüz haýwanlary ýok etmek boýunça çärelerini dowam etdirýärler. Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň we garaşsyz habar serişdeleriniň maglumatlaryna görä, şu günler öýsüz haýwanlary ýok etmek işine köçe süpürijilerden başga-da, polisiýa we hakyna tutulýan adamlar çekilýärler.

Aşgabatda öýsüz itleri we pişikleri ýok etmeklerini dowam etdirýärler. Munuň üçin öý dolandyryş edaralaryň işgärlerini we polisiýanyň ýerli bölüm işgärlerini çekýärler. Bir günde olar şäheriň jaý hojalyk edarasyna azyndan bir haýwanyň maslygyny tabşyrmaly bolýarlar diýip, "Türkmenistanyň Hronikasy" neşri 9-njy oktýabrda habar berdi.

Neşriň maglumatyna görä, soňky hepdelerde paýtagtyň köçelerinde ýörite awtoulaglar aýlanyp, her ýere zäherli azyk önümlerini zyňýarlar. Bu çäreler köçeleriň ugrunda we jaýlaryň ýerzeminlerinde haýwanlaryň maslyklarynyň köpelmegine getirýär. Soň olary öý dolandyryş edaralaryň işgärleri ýygnaýarlar.

Paýtagtda itleri we pişikleri köpçülikleýin ýok etmek boýunça işler guramaçylykly görnüşde ençeme wagt bäri alnyp barylýar. Häzire çenli bu işi köçe süpürijiler we şäheriň jemagat edaralarynyň işgärleri amala aşyrýardy.

Degişli maglumat Aşgabatda öýsüz itler we pişikler ýene tutulýar hem-de öldürilýär

Emma Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň sözlerine görä, soňky wagtda haýwanlary awlaýanlaryň arasynda adaty geýimli adamlar hem köpelipdir.

"Tutulan haýwanlaryň her birine 5 manatdan berip, bu işe gaýtadan arakhorlary we neşekeşleri çekip başladylar. Şonuň üçin olar öý haýwanlaryny hem ogurlaýarlar, hususan-da, IMO sosial ulgamynda ýitendigi ýa-da tapylsa pul baýragynyň beriljekdigi baradaky bildirişler köp" diýip, habarçymyz aýtdy.

Şeýle-de, onuň sözlerine görä, Aşgabatda jemagat gulluklaryň işgärleri üçin tabşyrylmaly itleriň we pişikleriň sanyna degişli talaplar hem saklanýar.

"Maňa mälim bolşuna görä, bir aý mundan öň öý dolandyryş edaralaryndan bäş sany haýwan talap edilipdir, emma munuň haýsy wagt aralygyna degişlidigini aýtmadylar" diýip, Aşgabatdaky habarçymyz 10-njy oktýabrda aýtdy.

"Türkmenistanyň Hronikasy" neşriniň maglumatyna görä, häzirki wagtda jemagat edaralaryň işgärlerinden günde öýsüz haýwanlaryň bir maslygyny tabşyrmak talap edilýär, talabyň berjaý edilmedik ýagdaýynda işgäriň aýlygyndan her gün bäş manat tutulýar.

Degişli maglumat Aşgabadyň häkimiýetleri itleri awlaýar, prezident ite kitap bagyşlaýar

Aşgabatda haýwanlary goraýjylar soňky aýyň dowamynda sosial ulgamlarda hilegärler barada duýduryşlaryň köpelenligine ünsi çekýärler. Olaryň sözlerine görä, näbelli adamlar raýatlaryň haýwanlary almaga islegli adamlary gözläp ýerleşdiren bildirişleri boýunça haýwanlary alýarlar we soň olary öýsüz haýwanlaryň toplanýan ýerlerine tabşyryp, gazanç edýärler.

Türkmenistanda haýwanlary gorap çykyş edýän aktiwistler bolsa basyşlara sezewar edilýärler.

Türkmenistanyň häkimiýetleri ýurtda öýsüz haýwanlar babatynda dowam edýän rehimsizlik meselesini açyk agzamaýarlar. Şol bir wagtda-da, şu ýylyň başynda ýurt ýolbaşçylary öýsüz haýwanlar üçin döwletiň hasabyna penahana we keselhana açmagy wada beripdi.

Şeýle penahana entek gurulmady, muňa derek döwlet baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowyň itlere bagyşlanan "Türkmen alabaýy" atly kitaby çap boldy, onuň Ahal welaýatynyň häkimi wezipesindäki ogly Serdar bolsa, alabaý itleri üçin gurlan desgany açdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.