9-njy maýda Türkmenistanyň paýtagtynda öýsüz itler awlandy. Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň sözlerine görä, günüň başynda, hususan-da, Görogly (öňki Şewçenko) köçesinde jemagat gulluklarynyň işgärleri birnäçe iti, şol sanda güjükleri tutup äkidipdir.
"Şu gün Ýeňiş güni, Görogly köçesinde birnäçe iti tutdular, olar ýaňy-ýakynda bu ýerde ornaşypdy we hiç kime päsgel bermeýärdi. Olara iýmit berýärdiler" diýip, habarçymyz aýtdy. Onuň sözlerine görä, tutulan haýwanlary ýörite ulaga salyp, näbelli bir ýere äkidipdirler.
"Irden itleri tutup äkiden ýörite awtoulagyň nomeri 70-26. Ol ýerde garry itler we güjükler hem bardy" diýip, Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy 9-njy maýda habar berdi.
Türkmenistanda öýsüz haýwanlary awlamak boýunça resmi çäreler adatça baýramçylyklaryň öňünde janlanýardy, emma şu ýylyň başyndan bäri Aşgabadyň ýaşaýjylary haýwanlaryň yzygiderli häsiýetde awlanmagyna, şol sanda tutulan wagty köpçüligiň içinde öldürilýän pursatlaryna şaýat boldular.
"Ýaňy-ýakynda Parahat 2/4 etrapçasynda daşara gezmäge çykan gyzgylt reňkli bir pişigi öldürip başladylar. Geçip barýan adamlar gykylyk etseler-de, köçe süpürijiler edýän işini dowam etdirdiler. Öý eýesi olar bilen ýakalaşyp, pişigini ellerinden aldy, emma janawar bir sagatdan öldi. Köçe süpürijiler bolsa polisiýany çagyrdylar. Şeýle-de, köçelere awy taşlaýarlar, meniň öz itim, awuly azygy iýipdir, zordan halas etdik" diýip, Azatlyk Radiosynyň söhbetdeşleriniň ýene biri aşgabatly zenan gürrüň berdi.
Aşgabatda öýsüz haýwanlaryň jemagat gulluklaryň işgärleri tarapyndan köpçülikleýin öldürilýän wagtynda, sosial ulgamlarynda çap bolýan maglumatlarda şäher ýaşaýjylarynyň, şol sanda çagalaryň haýwanlara rehimsizlik görkezýändigi barada habar berilýär. Türkmenistanda elýeterli IMO ulgamynda çap bolan maglumatlaryň birinde zulum edilen kiçijik pişigiň çagalaryň elinden alnandygy barada habar berilip, onuň suraty ýerleşdirilipdir.
Beýleki bir maglumatda gözi oýulan we aýaklaryna zeper ýeten güjügiň suraty ýerleşdirilipdir.
Azatlyk Radiosyna bu güjügiň öň halas edilendigi we onuň Kerki şäherinden bolan bir maşgala düşendigi mälim boldy. Aşgabadyň Hitrowka atly böleginde çörek zawodunyň golaýynda iki aý mundan öň tapylan bu itiň ykbaly barada Azatlyk Radiosyna adynyň efirde tutulmagyny islemedik aşgabatly haýwanlary goraýjy aktiwist gürrüň berdi.
Türkmenistanyň ýolbaşçylary birnäçe ýylyň dowamynda öýsüz haýwanlaryň meselesini düýpden gozgamandy, habar beriş serişdeleri hem bu problemany agzamandy.
Emma şu ýylyň 16-njy fewralynda Türkmenistanyň paýtagtynda haýwanlaryň köpçülikleýin ýok edilmeginiň fonunda ýurt baştutany haýwanlar üçin merkezleşdirilen keselhanany we penahanany gurmak planlaryny yglan etdi. Yzysüre ýurduň senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň banky agzalan penahananyň gurluşygy üçin raýatlardan we telekeçilerden pul toplamak işlerine girişdi.
Aşgabatly haýwanlary goraýjylaryň sözlerine görä, haýwanlar üçin keselhanany we penahanany döremek boýunça resmi planlaryň yglan edilmeginden soňra-da öýsüz haýwanlaryň ýagdaýynda oňyn üýtgeşiklik bolmandyr.
Türkmenistanly haýwanlary goraýjylar ýurtda bar bolan ýeke-täk penahanadaky aýylganç şertleri we muňa häkimiýetleriň üns bermeýändigini belleýärler.
"Guruljak penahana öýsüz it-pişikler üçin bolmaz, ol haýwanlar üçin tölegli myhmanhana, wagtlaýyn saklaýyş merkezi we tölegli hassahana bolar. Bu kommersiýa proýektidir" diýip, aşgabatly haýwanlary goraýjy aktiwistleriň ýene biri aýdýar.
Onuň sözlerine görä, häzirki wagtda tutulan diri itleriň alnyp barylýan ýeri, Çoganlydaky penahana kömek etmek isleýän meýletinçiler üçin ýapyklygyna galýar, şol bir wagtda-da onuň içindäki itleriň köpüsi açlykdan heläk bolýar.
"Meýletinçileri ol ýere goýbermeýärler. Olaryň getirýän azyk önümleri daşarda çüýräp galýar" diýip, Azatlygyň Aşgabatly söhbetdeşleriniň biri 9-njy maýda aýtdy.
Aşgabatly aktiwistler türkmen häkimiýetleriniň öýsüz haýwanlar üçin täze penahanany döretmek planlaryny yglan etmeginiň yzýany Çoganlydaky ýeke-täk penahananyň ýapylmagyna we ol ýerdäki haýwanlaryň ýok edilmegine howatyrlanma bildiripdi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.