“Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Türkmenabatdaky azyk haryt satylýan dükanlarynda möhleti geçen harytlar satylýar. Bu önümler esasan daşary döwletlerden getirilen ýa-da içerki telekeçileriň öndüren önümleridir” diýip, howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpleri gizlinlik şertlerinde maglumat beren habarçy aýtdy.
Onuň maglumatlaryna görä, birleşmäniň iýmit önümleri satylýan dükanlaryndaky harytlaryň aglabasynyň ýaramlylyk möhleti 2018-nji ýyla çenli bolup, olaryň arasynda ýaramlylyk möhleti iki ýyl mundan ozal, 2017-nji ýylda gutaran azyk önümleri hem bar.
“Gaplanan balyk, nohut we beýleki azyk harytlaryň ýaramlylyk möhleti 2017-nji ýylyň ortalarynda geçipdir” diýip, habarçy aýdýar.
Onuň maglumatyna görä, ýaramlylyk möhleti geçendigine garamazdan, heniz hem agzalýan dükanlarda alyjylara hödürlenýän harytlaryň arasynda gaplanan kömelek, gaplanan energiýa içimlikleri, gaplanan süýjedilen çaý, alkogol içgileri we piwolar bar.
Degişli maglumat Aşgabadyň hususy dükanlarynda möhleti geçen harytlar satylýar“[Bu] dükanlara daşary ýurtlardan getirilen konditer önümleriň, şokoladlaryň, kemputlaryň ýaramlylyk möhleti bir ýyl ozal geçipdir” diýip, habarçy belledi.
Ol birleşigiň binýadyndaky azyk önümleriniň bahalary barada-da maglumat berdi:
“Bu ýerde etiň, şol sanda guş etiniň bahalary bazara garanyňda ençeme prosent gymmat. 1 kilogram jylka et 70-80 manat töwereklerinde, towuk eti 40 manat. 40 manada bazarda sygyr etini satyn alsa bolýar” diýip, habarçy gürrüňe dowam edýär.
Towuk etiniň 1 kilogramynyň bahasynyň Türkmenabadyň hususy dükanlarynda 40 manada ýeten wagty, Türkmenistanyň döwlet telewideniýesi 24-nji sentýabrda ýerli towuk we ýumurtga önümçiliginde gazanylandygy aýdylýan sepgitleri mahabatlaýan wideo reportažy efire berdi, telewideniýäniň alyp baryjysy bir guşçulyk toplumynda 1 million jüýjäniň çykarylandygyny tomaşaçylara “buşlady”:
“Guşçulyk toplumynda ikinji gezek 1 million jüýje çykaryldy. Bu üstünlik garaşsyzlyk baýramyna özboluşly sowgatdyr” diýip, “Watan” döwlet habarlar gepleşiginiň alyp baryjysy aýtdy.
Birleşigiň binýadynda ýerli önümçilik bilen meşgullanýan hususy firmalaryň alyp barýan işleri döwlet telewideniýesinde yzygiderli wagyz edilýär.
Degişli maglumat Aşgabadyň käbir ýaşaýjylary döwlet dükanlarynda satylýan unuň hilinden şikaýat edýär
Türkmenistanda Senagatçylar we telekeçiler birleşigi soňky ýyllarda has-da örňäp, ýurduň hususy pudaklarynda öz täsirini giňeltdi. 2008-nji ýylda döredilen Birleşik öz işiniň ileri tutulýan esasy ugurlarynyň hatarynda ykdysadyýetiň hususy sektoryny goldamakdan, kiçi we orta telekeçiligi goldamaga ýardam bermekden ybaratdygyny aýdýar. Ýurtda 11 ýyldan gowrak bäri hereket edýän birleşigiň binýadyndaky firmalara häzirki günlerde döwlet tarapyndan köp milliardlyk megaproýektler ynanylýar.
Azatlyk Radiosynyň habarçysy 1-nji oktýabrda birleşige agza firmalaryň Türkmenabat şäherinde ýerleşýän azyk dükanlaryna aýlanyp, olarda ilata hödürlenýän iýmit önümleriniň “tas ählisiniň ýaramlylyk möhletiniň geçendigini” habar berdi.
Beýleki tarapdan, habarçynyň maglumatyna görä, “bu dükanlarda harytlaryň bolçulygy göze ilýär, et we çörek önümleri täzeligine satylýana meňzeýär”
“Ýaramlylyk möhleti geçen önümler adam ömrüne howp salýar” diýip, habarçy ýerli ýaşaýjylaryň aladalaryny beýan edýär.
“Bu dükanlaryň ýaramlylyk möhleti geçen iýmit önümlerini “Sanepidemiýa” gullugynyň işgärleri barlamaýarmy?” diýip, Birleşige agza “Kämil” hususy söwda merkezine baran türkmenabatly bir ýaşaýjy 1-nji oktýabrda Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.
Azatlyk Radiosy bu maglumatlar boýunça Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşiginden kommentariýa alyp bilmedi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.