‘Aşgabadyň aeroportunyň resmileri hiç hili düşündiriş bermän, oglumy daşary ýurda okuwa goýbermediler’

Illýustrasiýa suraty

Türkmen häkimiýetleri daşary ýurtlara okamaga gitjek ýaşlara ummasyz maddy çykdajy etdirip, ähli resminamalaryny taýýarladýarlar we soňra-da Aşgabadyň halkara aeroportundan uçara goýbermeýärler diýip, Azatlyk Radiosynyň paýtagtdaky habarçylarynyň biri bilen söhbetdeş bolan ene-atalaryň biri aýdýar.

“Ähli çykdajylary edip, soralan resminamalary doly taýýarladyk. Hatda Belarus respublikasynyň wizasyny hem alyp, plastik bank kartynam, uçar biledinem aldyk. Oglum uçara münmäge baranda, aeroportdaky migrasiýa resmileri hiç hili düşündiriş bermän, ony uçara goýbermediler” diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli efirde ady üýtgedilen aşgabatly Maksadyň kakasy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna 30-njy sentýabrda gürrüň berdi.

Degişli maglumat Uzak möhletli esasda Demirgazyk Kiprde ýaşaýan türkmenler Aşgabatdan goýberilmeýärmi? Näme üçin?

Anonim şertde söhbetdeş bolan Maksadyň kakasy ogluny daşary ýurda okuwa ibermek üçin "gara bazaryň" kursunda 4500 amerikan dollary möçberinde çykdajy edendigini aýdyp, “eger ýaşlar daşary döwletlere okuwa goýberilmejek bolsa, onda näme üçin bu resminamalar taýýarlanan wagty, ene-atalar we ýaşlar öňünden habarly edilmeýä?" diýip, öz nägileligini bildirdi.

“Bu barada metbugatda, telewideniýede ýa-da resminamalary almak üçin baran döwlet edaralaryňda-da hiç zat aýtmaýarlar. Maddy çykdajydan başga-da ýaşlar höwes edýärler. Olar bu barada ýyl boýy arzuw edýärler. Olaryň arzuwy, umydy puç bolýar. Deň-duşlary ýurduň içinde ýa-da daşynda okuwa girenden soň, oglum häzir deň-duşlarynyň ýüzüne nädip seretjegini bilmeýär. Häzir bize rahatlyk ýok” diýip, Maksadyň kakasy gürrüň berdi.

Maksadyň kakasy şuňa meňzeş ýagdaýa diňe öz oglunyň däl, daşary ýurtlaryň ýokary okuw jaýlarynda bilim almak isleýän başga-da birnäçe türkmenistanlynyň duş gelendigini hem belledi. Şeýle-de, ol daşary ýurtlara işlemäge gitjek türkmenistanlylaryň aeroportuň migrasiýa resmilerine ortaça $3000 bermese, uçara goýberilmeýändigini hem aýtdy.

Türkmen studentine Belarus respublikasyndan iberilen çakylyk hatynyň nusgasy.

Azatlyk Radiosynyň bu barada Aşgabadyň halkara aeroportundan we Türkmenistanyň Döwlet Migrasiýa gullugynyň paýtagtdaky edarasyndan kommentariý almak synanyşyklary häzirlikçe netije bermeýär.

Bu aralykda, 30-njy sentýabrda Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan paýtagtyň ýene bir ýaşaýjysy daşary ýurtlara okamaga barýan türkmenistanlylaryň azyndan üç sanysynyň Aşgabadyň aeroportundan uçara goýberilmändigi barada habar berdi.

Degişli maglumat Türkmenistanda häkimiýetler öz raýatlarynyň Demirgazyk Kipre gitmegini çäklendirýär

“Iki sany oglan Russiýanyň we ýene biri Ýewropanyň ýokary okuw jaýlarynda okuwa ýerleşdi. Olaryň ähli resminamalary düzüwdi. Ýöne olar daşary ýurda okamaga gitmek üçin Aşgabadyň aeroportuna baranda, bu ýerdäki Migrasiýa gullugynyň we Milli howpsuzlygyň işgärleri olary uçara goýbermedi” diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan Aşgabadyň ýaşaýjysy aýtdy.

Soňky iki ýylyň dowamynda Türkmenistanda raýatlaryň, hususan-da daşary döwletleriň ýokary okuw jaýlarynda okamak isleýän ýa-da okuwa giren türkmen ýaşlarynyň ýurduň daşyna çykmakda dürli kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýandygy barada Azatlyk Radiosy ençeme gezek habar berdi. Bu çäre her okuw ýylynyň başynda, ýagny esasan-da awgust, sentýabr we oktýabr aýlarynda güýçlenýär.

19-njy awgustda Azatlyk Radiosynyň ýurduň içindäki we daşyndaky habarçylary hem-de çeşmeleri şu ýyl ýurtda diplomlary kabul edilýän daşary döwletleriň ýokary okuw jaýlaryna-da okuwa kabul edilen onlarça oglan-gyzyň Aşgabadyň aeroportunda uçara goýberilmändigini habar berdiler.

Şeýle-de, şol güni Demirgazyk Kiprde okaýan türkmen ýaşlarynyň biri şu ýylyň iýul aýynyň ortalaryndan başlap türkmen häkimiýetleriniň Kipriň demirgazyk böleginde okaýan ýa-da işleýän raýatlaryň ýurtdan çykmagyna rugsat bermeýändigini aýtdy.

“Tomusky dynç alşynda öýe [Türkmenistana] dolanan jigim hem häzir ýurtdan çykyp bilmän kösenýär. Onda okuw wizasy bar. Ol hiç bir düzgüni bozmady, ol bu ýerde işlemeýärdi, diňe kanun esasynda okaýardy” diýip, Kiprde okaýan türkmen studenti gürrüň beripdi.

Demirgazyk Kiprde ýaşaýan türkmen raýatlarynyň Türkmenistana gidenden soňra, öz ýurdundan çykarylmaýandygyny Demirgazyk Kipriň premýer-ministriniň orunbasary, daşary işler ministri Kudret Özersaý hem tassyklady.

28-nji sentýabrda Özersaý Nýu-Ýorkda türkmen resmisi, ykdysadyýet ministriniň orunbasary bilen duşuşandygyny we Türkmenistana giden türkmen raýatlarynyň yzyna Demirgazyk Kipre dolanyp bilmezligi bilen bagly temany maslahat edendigini habar berdi. Şeýle-de, ol bu meseläniň öňümizdäki günlerde hem ara alnyp maslahat ediljekdigini aýtdy.

Türkmen häkimiýetleri we media serişdeleri türkmenistanlylaryň ýurduş daşyna gitmekde ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary barada ne beýanat bilen çykyş edýärler, ne-de mesele gozgaýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.