Habarçy: Maryda gündiz toý toýlamaga çykan az boldy, agşam polisiýa 'içenlere' jerime saldy

Türkmen TW-si Marydaky dabarany görkezýär.

Azatlyk radiosynyň Marydaky habarçysy 27-nji sentýabrda, Garaşsyzlyk baýramynyň bellenýän gününde welaýat paýtagtynda gündiz hiç bir baýramçylyk çäresiniň bolmandygyny habar berýär.

Şu gün, 27-nji sentýabrda Mary şäherinde gündiz hiç bir şowhun bolmady, ne aýdym-saz, ne tans boldy. Emma agşam “Watan” habarlar programmasy Mary şäherini aýdym-sazly, adamlar topar bolup gezim edýän we toý tutýan görnüşde görkezdi" diýip, habarçy aýtdy.

"Adamlar "Watan" ýalan sözledi diýip gülýärler" diýip, habarçy sözüniň üstüni ýetirdi.

Görnüşinden, döwlet telewideniýesinde, Türkmenistanda adatça edilişi ýaly, öňünden düşürilen wideolary görkezdiler.

Habarçynyň tassyklamagyna görä, ýurduň baş baýramçylygynyň bellenýän gününde Mary şäherinde gezime çykan adam hem, öňki ýyllardaka garanda, juda az boldy.

“Köçelerde maşyn kän, sebäbi baýramçylyk, adam köp bolar, kireý ederin diýip çykan sürüjiler hem bar” diýip, habarçy il içinde kireýkeşler diýip bilinýän hususy taksiçileriň “gelenimize görä, ýakan ýangyjymyzy bir ödäp bilsek” diýip, gaýgy edendiklerini hem sözüne goşdy.

Emma muňa garamazdan, şäherde aýlanyp ýören polisiýa işgärleri kän, olar bilen bile aýlanýan ýangyn söndürijileri hem görse bolýar.

“Polisiýa işgärleri gün ýaşandan soň “Gaz-69” kysymly ýörite maşynlarynda aýlanyp, iki-ýeke üýşüp barýan adam görseler, olara rasiýa arkaly “öýe gaýdyň, aýalanyp ýörmäň” diýip, ýoldan gidip baryşlaryna aýdyp geçdiler” diýip, habarçy aýtdy.

Onuň sözlerine görä, agşam kafeleriň agzynda hem polisiýa işgärleri köp boldy, olaryň “Gaz-69” maşynlary bolsa golaýda durdy. Eger-de kafelerden “ýagdaýyny oňaryp çykan” adamlary görseler, polisiýa işgärleri olary birsellem synlap, göwünlerine ýaramadyk adamlary maşyna basyp, näbelli tarapa alyp gidýärdi.

“Käbiri “biz serhoş däl, öýe barýas, taksi tutjak bolup durus” diýse-de diňlemediler, “Ýörüň, ekspertiza gideliň, şol ýerde bileris” diýip, “Gaz-69” maşyna südenekledip mündürilen adamlary hem gördüm. Kafeniň agzyndan ýygnalan şäherlileriň içinde tanyş oglanlar hem bardy. Şu gün olaryň birnäçesi bilen habarlaşdym. Olara jerime ýazyp, ertire çenli saklapdyrlar” diýip, habarçy aýtdy.

Içimizde toý-baýram diýip, birki gezek içenler hem bardy. Emma az içen ýa köp içen diýip, hiç kime parh goýmaýarlar” diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran 35 ýaşyndaky maryly aýtdy.

Degişli maglumat Maryda un satyn aljak ýaşaýjylardan öňümizdäki aý üçin nobata ýazylmak talap edilýär


"Adamlar bu ýagdaýdan örän nägile. Baýramçylyk günleri polisiýa işgärleri beýleki günlere garanda hem güýçlendirilýär, olar adamlara baýramçylykda öňküden kän azar berýärler” diýip, özüni Baýram diýip tanadan 40 ýaşly sürüji meniň baýramçylygy nähili geçirdiň diýip beren soragyma ajy ýylgyryp jogap berdi.

“Baýramçylyk bolsa, gaýiler (ýol gözegçilik polisiýasy – red. belligi) has köpelýär, olar geçen awtoulagy saklap, dokument barlaýarlar. Şu gün agşam sagat 19:50-de bir maşyn şäheriň Mollanepesköçesiniň ugrunda gyra geçip sägindi-de, ýolagçy düşürdi. Şol wagtam polisiýa işgäri peýda boldy. Ol sürüjiden dokumentlerini görkezmegini sorady” diýip, habarçy polisiýa işgäri bilen sürüjiniň nähili düşünişendigini gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, polisiýa ofiseri sürüjiniň dokumentlerini eline alyp, “nähili düzgün bozanyňy bilýärmiň?” diýip soraýar. Sürüji “bilemok” diýýär. “Säginmeli däl ýerde sägindiň, ynha, bolanok diýen yznak bar-a!”. “Wiý, bilmändirin, bir gezeklikçe bagyşla?” diýip, sürüji boýnuny burýar. “Ýok, bagyşlap bilemok” diýip, polisiýa işgäri jerime ýazmaga başlady. Sürüji: “Ýazma, düşünişeli?!” diýdi. “Onda bar, maşynyň içindäki adamlary düşürip gel” diýip, polisiýa işgäri aýtdy.

Degişli maglumat Lebapda PÝGG gözegçiligi güýçlendirdi; raýatlar ‘para zerarly’ ulaglaryny sürmekden saklanýar


Azatlyk radiosy bilen anonimlik şertinde gürleşen ozalky polisiýa ofiseriniň sözlerine görä, Mary welaýatynda her gün onlarça adam sürüjilik şahadatnamasyny alýar. Emma olaryň okap, öz güýji bilen prawa (sürüjilik şahadatnamasy) alýany juda az, sebäbi biletden geçselerem, köplenç sürmekde ýykylýarlar.

“Barybir ýykýarlar” diýip, prawa aljaklaryň köpüsi synaga taýýarlanmaýar. Prawa almaki üçin synagdan geçmäge baraňda, 3 müň manadyňy alyp barmaly. Muny hemmeler bilýär. Sebäbi adamlar prawa aljak bolsalar, öňki alanlardan näçe bermeli diýip soraýarlar. Olaryň ynanjyna görä, para bermeseň, prawa bermeýärler. Netijede, prawa alýanlaryň köpüsi olar ýönekeý zatlary, znaklaryň nämäni aňladýandygyny hem bilmeýär” diýip, ozalky ofiser aýtdy.

Şeýle-de ol, adamlar düzgüni näçe erbet bilse, munuň polisiýa üçin şonça köp bikanun gazanç bolýandygyny sözüne goşdy.