Türkmenistanyň Mary welaýatynda Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň (PÝGG) işgärleri hususy eýeçilikdäki ulagynda kireý edýän sürüjiler bilen bir hatarda, awtoulagly raýatlary hem saklap, olara dürli bahanalar bilen pul jerimesini salýarlar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň Mary welaýatyndaky habarçylarynyň biri habar berýär.
“Polisiýa işgärleri göni sürüp barýan awtoulaglaryň yzyndan sürüp, maşynlaryny gyra geçirip saklamagy talap edýärler. Soňra sürüjiler ulagyndan düşüp, polisiýa ulagynda oturan polisiýa işgärleriniň ýanyna barmasa, olar ulagdan hem düşmeýärler. Sürüjiler polisiýa işgäriniň ýanyna baranda, ‘ulagyň kemerini dakmansyň’ diýýärler. Olar ‘biz dakynýarys’ diýse, başga bahana tapýarlar. Ýagny ‘ulagy saklanyňda, gyradaky yşygyňy ýakmadyň’ ýa ‘apteçkaň ýok’ ýa-da başga zat diýip, jerime saljak diýýärler. Adamlar bu zatlaryň ýerli-ýerindedigini aýtsa-da, olary diňlemeýärler” diýip, howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli anonim şertde maglumat beren habarçy 16-njy iýulda gürrüň berdi.
Onuň sözlerine görä, adamlaryň köpüsi polisiýa bilen dawalaşanda, oňaýly netije bolmajagyny bilip, ýa jerimäni tölemäge ýa-da onuň ýarysy möçberindäki pul serişdesini para hökmünde bermäge razy bolýar.
“Olar öňem dünýäden halys doýan, çagalaryna iýmäge zat tapman ýören adamlar. Polisiýa işgärleri jerime ýazjak diýensoň, şol adamlar günäsi ýok bolsa-da ejizläp, ýalbarmaga başlaýarlar. Sebäbi hökümet bilen sögüşseň utulýandygyňy, hiç bir edaranyň arzyňy diňlemeýändigini, ähli günäniň arz eden adamyň üstüne ýüklenýändigini indi adamlaryň tas ählisi bilýär. Şol sebäpli hiç kim diýen ýaly polisiýa bilen sögüşmeýär. Polisiýa hem bu ýagdaýdan peýdalanyp, adamlaryň depesine çykýar. Adamlarda indi diňe ýalbaryp ýaşamaly diýen düşünje bar” diýip, marylylaryň onlarçasy bilen söhbetdeş bolan habarçy aýtdy.
Habarçy bu çäräniň hususy awtoulagynda kireý edýän sürüjilere garşy gözegçilikleriň güýçlenen mahalynda başlandygyny we şondan bäri hem dowam edýändigini belledi.
“Hususy ulagynda kireý edýänleriň güni has hem kyn. Olara polisiýa işgärlerinden başga-da, salgyt gullugynyň işgärleri hem gözegçilik edýär. Polisiýa we salgyt gullugynyň işgärleri ulagynda adam bolan sürüjini saklap, ony ulagdan çykarýarlar. Ulagdaky adamlara onlarça soga berýärler. Siz sürüjini tanaýarsyňyzmy? Nädip tanaýarsyňyz? Ady we familiýasy näme? Ýaşaýan ýeri nirede? diýen soraglary berýär. Sürüjiniň adyny aýdyp, familiýasyny bilemok diýeniňde, olar yzyny diňlemän, göni jerime ýazýarlar. Käbir sürüjiler ýanyndaky barja puluny berip sypjak bolýar” diýip, habarçy gürrüň berdi.
Azatlyk Radiosy ýokarda gürrüňi edilen ýagdaýlar boýunça PÝGG-niň Mary welaýatyndaky edarasyndan kommentariý alyp bilmedi.
Türkmenistanda hususy awtoulagynda kireý edýän sürüjilere edilýän gözegçilikler prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň 4-nji aprelde içeri işler ministri Isgender Mulikowa “berk käýinç” yglan etmeginiň yzýany güýçlenip başlandy.
Şondan bäri Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň (PÝGG) işgärleri ýurduň ähli welaýatlarynda we paýtagt Aşgabatda hususy awtoulagynda kireý etmekde güman edilýän sürüjileri “awlaýarlar”.
Azatlyk Radiosynyň Lebapdaky habarçylarynyň biriniň geçen hepdäniň ahyrynda beren maglumatyna görä, regionyň köçe-ýol hereketine gözegçilik edýän polisiýa işgärleri we döwlet salgyt gullugynyň işgärleri “öz ulagynda ýolagçy gatnatmak arkaly güzeran aýlamaga çalyşýan adamlara jerime salmagy soňky günlerde has-da güýçlendirdiler”.
“Döwlet hususy taksiçilere patent berip, işsizlikden kösenýän adamlary goldamagyň, işsiz adamlary azaltjak bolmagyň deregine, ozalam gara gündäki maşgalabaşylaryň şu yssy howada der döküp gazanan çörek puluny hem elinden alýar” diýip, 56 ýaşyndaky hususy taksiçi Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen eden söhbetdeşliginde aýtdy.
6-njy iýunda Azatlyk Radiosynyň Balkandaky habarçylarynyň biri hususy awtoulagynda kireý edeni üçin saklanan sürüjä birinji gezekde 300 manat, ikinji gezekde 600 manat jerime salynýandygyny, üçünji sapar saklanan sürüjiniň sürüjilik şahadatnamasynyň elinden alynýandygyny gürrüň berdi.
2016-njy ýylda Türkmenistanda hususy awtoulagy bilen kireý etmekçi bolýan raýatlar azyndan 12 adam bolup birleşip, “hojalyk jemgyýeti” diýilýän ýörite firma şekilli edara döretmeli edildi.
Hususy awtoulagynda kireý edýän taksi sürüjileriniň ençemesi munuň üçin talap edilýän resminamalaryň aşa çylşyrymlydygy sebäpli firmany döretmegiň tas mümkin däldigini, Azatlyk Radiosyna gürrüň beripdiler.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.