Belarusyň döwlet statistika gullugynyň ýaýradan hasabatynda Türkmenistan 2018-nji ýylda Belarusa göçen raýatlarynyň sany boýunça ikinji orunda ýerleşdirildi. Bu barada “Belarusy i Rynok” neşiri “Belstat” döwlet gullugyna salgylanyp, 18-nji sentýabrda habar berdi.
“2018-nji ýylda Türkmenistanyň 4001 sany raýaty Belarusa göçüp geldi. Bu sanyň aglaba bölegini türkmenistanly studentler emele getirýär” diýlip, neşiriň habarynda aýdylýar.
Degişli maglumat 2018-nji ýylda Türkmenistanyň 50 müňe golaý raýaty Türkiýä göçdiHabarda geçen ýylyň dowamynda Belarusyň ýokary okuw jaýlarynda 7 müň 700 sany türkmenistanly studentiň bilim alandygy we olaryň Belarusdaky daşary ýurtly studentleriň iň uly toparyny emele getirýändigi hem bellenilýär.
Hasabatda 2018-nji ýylda Belarusa göçüp baran raýatlarynyň sany boýunça birinji orunda Russiýa we ikinji orunda Ukraina ýerleşdirilipdir. Bu ýurtlardan degişlilikde 7 müň 40 we 3 müň 404 adam Belarusa göçüpdir.
Belarus statistika gullugynyň maglumatynda Belarusda öň ýaşap ýören, ýöne geçen ýylyň dowamynda ýurtdan göçüp giden türkmenistanlylaryň sany barada hem maglumat berilýär.
Oňa laýyklykda, 2018-nji ýylda Türkmenistanyň 1 müň 118 raýaty Belarusdan göçüp gidipdir. Ýöne hasabatda bu türkmen raýatlarynyň yzyna Türkmenistana dolanandygy ýa-da beýleki döwletlere göçüp gidendigi barada hiç zat aýdylmaýar.
Azatlyk Radiosynyň belarus häkimiýetleriniň ýaýradan sanlary barada Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň we Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň Aşgabatdaky edaralary bilen habarlaşyp, kommentariý almak synanyşyklary hem häzirlikçe netije bermedi.
Belarus türkmenistanly ýaşlaryň ýokary bilimini dowam etdirmek üçin saýlap alýan esasy ýurtlarynyň hatarynda agzalýar. Şu aýyň başynda Tut.By neşiri Belarusyň döwlet uniwersitetine okuwa giren türkmenistanly studentleriň sanynyň ortaça bäş esse ýokarlanandygyny habar berdi.
4-nji sentýabrda çap edilen habarda Belarusyň döwlet uniwersitetinde 2018-nji ýylda 120 türkmen studentiniň bilim alandygy, 2019-njy ýylda olaryň sanynyň 600-e ýetendigi mälim edildi. Ýöne ýokary okuw jaýynyň uniwersitete çenli bilim boýunça fakultetiniň dekany Wýaçeslaw Malofeýew bu artyşyň Türkmenistanyň öz raýatlarynyň daşary ýurtlaryň ýokary okuw jaýlarynda bilim almagyna degişli girizen çäklendirmeleri bilen baglydygyny hem sözüniň üstüne goşdy.
Degişli maglumat Belarusyň döwlet uniwersitetine okuwa giren türkmenistanlylaryň sany ortaça bäş esse artdyAzatlyk Radiosynyň ýerli habarçylarynyň we synçylaryň ençemesi Türkmenistandaky ykdysady kynçylyklar, işsizlik, azyk harytlarynyň we hyzmatlaryň gymmatlamagy bilen baglylykda, türkmen raýatlarynyň eklenç gözleginde daşary ýurtlara esasan-da, Türkiýä, Russiýa we Birleşen Arap Emirliklerine gitmäge mejbur bolýandygyny aýdýarlar.
Türk statistika gullugynyň 23-nji iýulda ýaýradan hasabatynda Türkmenistan 2018-nji ýylda Türkiýä göçüp baran raýatlarynyň sany boýunça dördünji orunda ýerleşdirildi. Hasabata görä, geçen ýyl Türkmenistanyň 50 müňe golaý raýaty Türkiýä göçdi.
Şol bir wagtda, Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolýan Türkiýedäki türkmen migrantlarynyň we çeşmeleriniň onlarçasy bu ýurtda eklenç gözleginde zähmet çekýän türkmenistanlylaryň resmi bolmadyk sanynyň on müňlerçedigini aýdýarlar.
Şu ýylyň maý aýynyň ahyrynda Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky ygtybarly çeşmeleriniň beren – türkmen häkimiýetleri tarapyndan tassyklanmaýan, ýöne inkär hem edilmeýän – maglumatlarda soňky 10 ýylyň dowamynda 1 million 879 müňden gowrak adamyň ýurdy terk edendigi we bu sanyň ýurduň daşyna gidip-gelýän türkmenistanlylary öz içine almaýandygy aýdylýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.