Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň işi durzuldy

Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy. Türkmenistanyň Nebitgaz toplumynyň elektron gazetinden alnan surat

Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň işiniň indi 6 aýdan gowrak wagt bäri durzulandygyny, Azatlyk Radiosynyň Balkan welaýatyndaky habarçylarynyň biri habar berýär.

“Zawodyň 500 töweregi işçisi aýlyksyz zähmet dynç alşyna ugradylypdyr. Zawodda daşary döwletleriň maýa goýmagy netijesinde kapital remont işleri geçirilmese, Türkmenistanda döwülen enjamlary satyn almaga maliýe serişdesi ýok. Şol sebäpli zawodyň işi häzirlikçe togtadylypdyr” diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy 9-njy sentýabrda gürrüň berdi.

Habarçy tölegsiz zähmet dynç alşyna iberilen işgärleriň ençemesine salgylanyp, häzirki wagt zawodda diňe 20 töweregi garawulyň we arassaçylyk işlerine gözegçilik edýän işgärleriň işleýändigini aýdyp, şeýle diýdi:

“Bu işgärlere-de oktýabr aýyndan tölegsiz zähmet dynç alşyna ugradyljakdygyny aýdypdyrlar” diýip, habarçy belledi.

Türkmenistanyň Nebitgaz toplumynyň elektron gazetinde aýdylmagyna görä, bu toplum ýurduň nebiti gaýtadan işleýän senagatynyň öňbaşçysydyr we bu günki günde ýurtdaky senagat önümleriniň dörtden bir bölegi öndürilýär.

Şeýle-de, bu tolumda “ýurduň esasy eksport potensialyny düzýän etilirlenmedik awtobenzinler, awiasion we tehniki kerosin, reaktiw we dizel ýangyçlary, mazut, çalgy ýaglary ýaly köpsanly nebithimiýa önümleri öndürilýär”.

Degişli maglumat Prezident nebitgaz toplumynyň käbir edara-kärhanalarynda ýolbaşçylary çalyşdy

Azatlyk Radiosynyň toplumyň işiniň durzulandygy baradaky maglumatlary Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyna tassyklatmak ýa-da inkär etdirmek boýunça eden yzygiderli synanyşyklary häzirlikçe netije bermedi. Şeýle-de, toplumyň işiniň doly ýa-da bölekleýin durzulandygyny hem anyklap bolmady.

Ýöne bu maglumat, prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu toplumyň baş direktoryny wezipesinden boşadan we amerikan kompaniýasynyň Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyny döwrebaplaşdyrýandygy, şeýle-de Türkmenistanyň regionlarynda benzin gytçylygynyň dowam edýändigi baradaky maglumatlaryň yzýanyna gabat geldi.

2-nji sentýabrda geçiren iş maslahatynda Berdimuhamedow Ýazmyrat Muhammetmyradowy “işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin” Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň baş direktory wezipesinden boşatdy. Bu wezipä “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Batyr Amanow bellenildi.

Mundan ozal, iýulyň ahyrynda “Neýtralnyý Türkmenistan” gazeti düýbi Nýu-Ýorkda ýerleşýän Westport Trading Europe Limited amerikan kompaniýasynyň Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň durkuny täzelemek işlerine, hem-de toplumyň binýadynda täze desgalary gurmak işlerine gatnaşjakdygyny habar berdi.

Degişli maglumat Amerikan kompaniýasy Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodyny döwrebaplaşdyrýar

Westport Trading Europe Limited kompaniýasy mundan ozal Türkmenistanyň Lebap welaýatynda ýerleşýän Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň durkuny täzelemek işlerine-de gatnaşypdy.

Galyberse-de, ýurduň Lebap, Daşoguz we Mary welaýatlarynda indi iýun aýynyň başyndan bäri benzin gytçylygy dowam edýär. Bu welaýatlaryň ýangyç guýulýan stansiýalarynda A-95, A-93 we A-80 markaly benzin köplenç tapdyrmaýar.

Degişli maglumat Benzin gytçylygy dowam edýär. Köçelerde ulag göze ilmeýär

“Mary welaýatynda A-95 we A-93 markaly ýangyç hiç ýerde ýok. A-95 markaly benzini diňe Mary-Aşgabat awtobandaky ýangyç stansiýasynda tapsa bolýar. Başga hiç ýerde ýok” diýip, Azatlyk Radiosynyň maryly habarçysy 23-nji awgustda gürrüň beripdi.

Habarçy Lebap welaýatynda-da benzin gytçylygynyň ýiti derejede dowam edýändigini, Daşoguzda bolsa diňe A-80 markaly benziniň tapdyrýandygyny, ýöne muny-da regionyň çäkli möçberdäki ýangyç stansiýalaryndan satyn alyp bolýandygyny aýtdy.

Şol bir wagtda, Azatlyk Radiosyna ýurtdaky benzin gytçylygynyň Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň işiniň durzulandygy baradaky habarlar bilen ilteşiklidigini ýa-da däldigini häzirlikçe anyklamak başartmady.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.