Lebaply pensionerler heniz kartlara geçirilmedik pensiýa haklaryny almak üçin öňünden nobata ýazylýarlar

Bankomatdan pul almak üçin nobata duran adamlar. Arhiwden alnan surat

Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki pensionerler heniz plastik bank kartlaryna geçirilmedik pensiýa haklaryny almak üçin bankomatlaryň öňünde häzirden nobata ýazylyp başladylar.

“Şu aý Türkmenabat şäherinde pensiýa haklary heniz plastik kartlaryna geçirilmedik pensionerler bankomatlaryň öňünde düzülýän nobat sanawyna ýazylýarlar. Şu gün ‘Türkmenbaşy’ döwlet täjirçilik bankynyň öňünde düzülen nobat sanawyna ýazylan adamlaryň sany 2000-den geçipdir” diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan Azatlyk Radiosynyň lebaply habarçysy 5-nji sentýabrda gürrüň berdi.

Degişli maglumat Balkanda we Maryda bankomatlaryň öňünde döreýän uzyn nobatlar saklanýar


Belläp geçsek, Türkmenistanda pensionerleriň pensiýa haklary adatça aýyň 1-5-i aralygynda plastik bank kartlara geçirilýär.

Habarçy pensionerleriň öňünden nobata ýazylmagynyň sebäplerini bankomatlarda nagt puluň ýoklugy, olara pul serişdesi goýlan halatynda-da, onuň sanlyja adamyň pensiýa ýa-da zähmet hakyny almaga ýetýändigi bilen düşündirýär.

“Indi iki aýdan gowrak wagt bäri bankomatlarda nagt puluň kadaly tapdyrmazlygy bilen bagly mesele dowam edýär. Geçen aýlarda bankomatlarda nagt pul azdy, ýöne nobata duran adamlaryň sany ýüzlerçedi. Ilat köpçüligi pensiýa ýa-da zähmet haklaryny, kömek pullaryny almak üçin ençeme günläp, hepdeläp bankomatlaryň öňüne gatnady. Şol sebäpli bu aý adamlar pensiýa haklary heniz plastik kartlaryna geçmänkä nobata durup başladylar” diýip, habarçy aýtdy.

Habarçy käbir bank işgärleriniň bankomatlarda nagt puluň tapdyrmazlygyndan peýdalanyp, "çykgynsyz ýagdaýdaky raýatlardan bikanun pul almagyň täze usullaryny oýlap tapandygyna" hem ünsi çekýär.

“Bank işgärleri indi plastik kartyňdaky pensiýa hakyň 25%-ni öz hakyna almak hasabyna bank kartlardaky puly nagtlaşdyryp berip, gazanç edýärler. Nagt pula zerurulygy bolan raýatlar bu hyzmatdan peýdalanyp başlapdyr” diýip, habarçy lebaply pensionerleriň ençemesine salgylanyp gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosyna bu maglumatlary “Türkmenbaşy” döwlet täjirçilik bankynyň we “Senagat” paýdarlar täjirçilik bankynyň Lebapdaky şahamçalaryna tassyklatmak ýa-da inkär etdirmek häzirlikçe başartmady.

Ýöne Azatlyk Radiosynyň habarçylary bank işgärleriniň ençemesiniň banklar açylmazdan öň, bu ýerdäki bankomatlardan öz tanyş-bilişleriniň plastik kartlaryndaky zähmet, pensiýa, talyp haklaryny we kömek pullaryny nagtlaşdyryp berýändigi barada mundan ozal hem habar beripdiler.

“Bankomatlarda öňden hem az bolan pul serişdesini bank işgärleri alyp gutarýarlar. Sebäbi bank işgärleriniň käbiri öz tanyş-bilişleriniň kartlaryny ýygnap, olaryň kartlaryndaky puly bank açylmanka nagtlaşdyrýarlar. Olar munuň üçin kart eýelerinden pul alýarlar” diýip, maryly habarçy awgust aýynda gürrüň beripdi.

Degişli maglumat Marynyň bankomatlarynyň öňündäki uzyn nobatlar saklanyp galýar

Tomus aýynyň başyndan bäri Türkmenistanyň paýtagtyndaky we welaýatlaryndaky bankomatlarda nagt puluň ýeterlik derejede tapdyrmazlygy bilen bagly ýagdaý güýçlendi. Ýüzlerçe adamdan ybarat ilat köpçüligi öz pullaryny nagtlaşdyrmak üçin käte ençeme sagatlap, käte-de ençeme günläp nobata durmaly bolýarlar.

Geçen aýyň ahyrynda Türkmenistanyň Lebap welaýatynda ýerli häkimiýetleriň bankomatlaryň öňünde nobatlaryň döremeginiň önüni almak boýunça çäre görýändigi mälim boldy.

“Polisiýa bankomatlaryň öňünde duran adamlary saklaýar we soraga çekýär. Üstesine, döwlet edara-kärhanalarynda işgärler bilen söhbetdeşlik geçirilip, olaryň nobatlarda görünmezligi talap edilýär” diýip, Azatlyk Radiosynyň lebaply habarçysy aýtdy.

19-njy awgustda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurtda bank kartlaryna geçileli bäri dowam edýän we soňky aýlarda eli ýuka maşgalalar üçin uly kösençlige öwrülen nagt pul ýetmezçiligi problemasyny gytaklaýyn boýun aldy, ýöne, adatça bolşy ýaly, günäni resmileriň üstüne ýükledi.

Prezident “ýurduň banklary tarapyndan ornaşdyrylan bankomatlaryň işleýşine gözegçiligi gowşadandygy üçin” Merkezi bankyň başlygy Merdan Annadurdyýewe käýinç yglan etdi.

Şonda döwlet baştutany manat problemasynyň sebäplerini döwletiň maliýe syýasaty bilen baglanyşdyrman, diňe tehniki meseleler bilen düşündirmäge synanyşdy. Onuň sözlerine görä, ýurduň “banklarynda maliýe serişdeleriniň ýeterlik mukdary bar”.

Ýöne käbir synçylaryň, şeýle-de Türkmenistanyň Merkezi bankynyň ozalky başlygy Hudaýberdi Orazowyň pikiriçe, ýurtdaky manat ýetmezçiligi ozaly bank kartyna geçmek üçin ýeterlik infrastrukturanyň, şertleriň döredilmezligi bilen bagly.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.