Aşgabadyň we Marynyň keselhanalarynda derman tapdyrmaýar

Aşgabatda ýerleşýän döwlet eýeçiligindäki dermanhanalaryň biri. Arhiwden alnan surat

Aşgabadyň we Marynyň hassahanalarynda dermanlaryň käbir görnüşleriniň ýetmezçiliginiň ýiti duýulýandygyny, Azatlyk Radiosynyň bu welaýatdaky we paýtagtdaky biri-birinden garaşsyz habarçylary habar berýärler.

“Aşgabadyň keselhanalarynda, hususan-da, ýokanç keselleri bejerýän hassahanada ýörite sanaw esasynda getirilýän dermanlar, şol sanda inçekeselli näsaglarda ulanylýan antibiotikler, bagyr ýetmezçiliginden ejir çekýän agyr näsaglarda ulanylýan dermanlar-da tapdyrmaýar. Süýji keselli näsaglar üçin mugt berilýän insulin hem gytaldy. Häzir bu keseli bolan näsaglar insulini öz hasabyna satyn aljak bolsalar-da, tapyp bilmeýärler” diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan aşgabatly habarçy 21-nji awgustda gürrüň berdi.

Degişli maglumat Marynyň hususy dermanhanalarynda uzyn nobatlar döredi

Paýtagtyň saglyk edaralarynyň işgärleriniň we bu ýerlerde saglyk bejergisini alýan näsaglaryň hossarlarynyň ençemesi bilen söhbetdeş bolan habarçy ýurtda agyr näsaglar üçin niýetlenen dermanlaryň diňe döwlet gözegçiligindäki keselhanalara berilýändigine hem ünsi çekip, şeýle diýýär:

“Gurply adamlar hassahanalaryň baş lukmanlaryna para berip, bu dermanlary öňünden köp mukdarda satyn alyp goýýarlar. Netijede beýleki näsaglar üçin derman galmaýar, şeýdip derman gytçylygy emele gelýär” diýip, habarçy Aşgabadyň ýokanç keselleri bejerýän hassahanasynda işleýän bir lukmanyň sözüni getirdi.

Habarçy bu gytçylygyň fonunda, dermanlaryň bahasynyň yzygiderligymmatlamagynyň hem dowam edýändigini aýdyp, käbir derman serişdeleriniň bahasyny mysal getirdi.

“Ýönekeý hasaplanýan Infezol dermanynyň bir çüýşesi ilki 200 manatdy, soňky aýlarda iki esse gymmatlap, 400 manada ýokarlandy, häzir 600 manada durýar. Ýöne ol hem dermanhanalarda tapdyrmaýar. Şeýle-de, gan azlykda ulanylýan Eritropoetin dermanynyň bir gutusy 800 manada barabar, ýöne bu derman hem tapdyrmaýar” diýip, habarçy aýtdy.

Derman ýetmezçiliginiň Mary welaýatynyň, şol sanda Baýramalynyň hassahanalarynda hem duýulýandygyny, munuň käbir näsaglaryň saglyk ýagdaýyna ýiti täsir ýetirýändigini, bu regiondaky habarçylarymyzyň biri gizlinlik şertinde habar berýär.

“Ýakynda Marynyň welaýat hassahanasynda bir näsag operasiýa edilen döwri narkozyň – ketomin – az möçberde goýberilendigi sebäpli ol öz wagtyndan ir özüne gelipdir. Näsag agrysyna çydaman, koma ýagdaýyna gidipdir. Muňa şol wagt hassahanada narkozyň az bolmagy sebäp bolupdyr” diýip, bu habarçy bu keselhanada işleýän lukmanlaryň birnäçesine salgylanyp, 21-nji awgustda gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosy ýokarda aýdylan maglumatlary Aşgabadyň ýokanç keselleri bejerýän hassahanasyna, şeýle-de Mary şäheriniň köp ugurly we Baýramalynyň keselhanalaryna ne tassyklatmak, ne-de inkär etdirmek başartdy.

Degişli maglumat Türkmenistanda ýokanç keselli raýatlara köplenç hakyky diagnoz ‘goýulmaýar’

21-nji awgustda Azatlyk Radiosy bu barada kommentariý almak üçin Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen hem habarlaşdy.

Redaksiýa ýurduň saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň kömekçisiniň edarasyndan Aşgabadyň we Marynyň hassahanalarynda derman ýetmezçiligi baradaky habarlar hakda soranda, telefona jogap beren jogapkär resmi “Bizde şeýle maglumat ýok, bular ýalňyş maglumatlar. Bize şeýle maglumatlar bilen jaň etmäň” diýip, telefony taşlamak bilen çäklendi.

Azatlyk Radiosy ýurtda dermanlaryň gytçylygy we gymmatlamagy barada yzygiderli habar berip gelýär. Bu gytçylygyň fonunda, Aşgabatda möhleti geçen dermanlaryň hem satylýandygy mälim bolupdy.

Şeýle-de, Azatlyk Radiosy türkmenistanlylaryň ençemesiniň, eger ýagdaýyny tapsalar, karz-kowala girip, dertlerini daşary ýurtlara gidip bejertmegi ileri tutýandygy barada hem habar berdi. Azatlyk bilen söhbetdeş bolan türkmenistanlylar munuň sebäbini ýönekeý adamlara edilýän saglyk hyzmatynyň hiliniň örän peselendigi bilen düşündirýärler.

Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki telewizion kanallary we metbugat serişdeleri derman ýetmezçiligi baradaky maglumatlary agzaman, hökümetiň saglyk syýasatyny mahabatlandyrýan maglumatlary köpçülige ýetirýär.

Şeýle-de, resmi metbugat ýurt raýatlaryna prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan çap edilen “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitabynda görkezilýän dermanlyk çaýlary içmegi maslahat berýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.