Döwlet eýeçiligindäki medianyň berýän umytly maglumatlaryna garamazdan, Türkmenistanda bu ýyl hem pagta hasylynyň garaşylyşyndan pes boljagyny aňladýan maglumatlar gelip gowuşýar.
Azatlygyň regionlardaky habarçylary bilen söhbetdeş bolan daýhanlaryň, hünärmenleriň tassyklamagyna görä, oba hojalygynda wada berlen reformalara garamazdan, öňki ýyllarda bolan kynçylyklar saklanyp galýar.
Radionyň Mary welaýatyndaky habarçysy bilen söhbetdeş bolan hünärmen bu sebitde gowaçalaryň köpçülikleýin gunça dökýändigini gürrüň berdi.
“Öňki ýyllarda gowaçalar diňe suwsan halatynda, suwy gijigende gunçalaryny döküp başlardy. Beýle bolanda, gowaçany näçe çalt suwaryp ýetişseň, şonça çalt gunça dökülmeginiň öňüni alyp bolýardy” diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli adynyň aýdylmazlygyny soran maryly agronom aýtdy.
Onuň sözlerine görä, häzir gowaçalar diňe suwsadylan halatynda däl, hemme ýerde diýen ýaly gunçalaryny dökýär.
“Sanap gördüm, her düýp gowaçada on gunçanyň dökülen ýerleri-de bar. Bu geljekki hasyl üçin örän uly urgy bolar” diýip, hünärmen sözüni dowam etdirdi.
Degişli maglumat Türkmenistanda pagta ýygymyndaky mejbury zähmet gowaça çürtümine çenli öňe süýşdiAýdylmagyna görä, gowaçalaryň gunçalaryny köpçülikleýin dökmegi “bit degmegi” bilen düşündirilýär. Netijede, häzir gowaçalara bitlere garşy derman sepip başlapdyrlar. Emma Azatlygyň habarçysy bilen söhbetdeş bolan agronom “bit degmesi” düşündirişiniň özi üçin ynandyryjy däldigini aýdýar.
“Ýere gaçan gunçalary ýeke-ýeke elime alyp, barlap gördüm. Ýöne ol gunçalaryň hiç birinde iýlen ýa deşilen ýerine gözüm düşmedi. Şu sebäpden, meniň pikirimçe, häzir gowaçalaryň gunçalaryny dökmeginiň anyk sebäbini aýdardan ir hasaplaýaryn” diýip, maryly hünärmen aýtdy.
Azatlygyň Daşoguz welaýatyndaky habarçysy bilen gürleşen daýhanlar ýurduň demirgazygyndaky suw ýetmezçiliginden we “gurçuk kebeleginiň köpelmeginden” zeýrenýärler.
“Biz tarapda gowaçalary suwarmaga suw ýetmeýär. Munuň üstesine gurçuk kebelegi hem köpeldi. Mineral dökünler bilen üpjünçilik meselämiz hem çözülmän galýar” diýip, anonimlik şertinde gürleşen daşoguzly kärendeçi Radio bilen söhbetdeşlikde gürrüň berdi.
Azatlyk geçen ýyl Daşoguzdaky ekerançylyk ýaplaryna suwuň wagtynda goýberilmändigini, netijede gowaça ekiljek ýerleriň ýuwuş suwlarynyň hem derekli tutulmandygyny habar beripdi. Geçen ýyldan tapawutlylykda, bu ýyl Türkmenistanda ygally geldi. Emma ýerli synçylar ýurduň regionlaryndaky suw desgalaryna zerur bolan ideg işleriniň edilmeýändigini, döwletiň bu işler üçin ýeterlik serişde goýbermeýändigini aýdýarlar.
Suw, dökün we tehnika meseleleri türkmen daýhanlary üçin hemişe diýen ýaly problema bolmagynda galýar, şol bir wagtda döwlet mediasy önüm öndürijiler üçin ähli şertiň döredilendigini tekrarlaýar.
Daşoguzdaky habarçymyz bilen söhbetdeş bolan kärendeçi esasy problemalaryň biriniň gowaça kesellerine garşy göreşmek üçin ulanylýan himiki dermanlaryň ýeterlik bolmazlygy bilen baglydygyny aýtdy.Onuň bu sözlerini Ahal, Lebap welaýatynda ýaşaýan kärendeçileriňhem birnäçesi tassyk etdi.
“Gowy hasyl almak üçin diňe suw, mineral dökün we wagtly-wagtynda bejeriş işlerini geçirmek ýeterlik däl, gowaçany zyýanly mör-möjeklerden, kesellerden goramak üçin ýeterlik derejede himiki dermanlar hem gerek. Özem bu dermanlar wagtynda gerek” diýip, daşoguzly kärendeçi aýtdy.
Onuň tassyklamagyna görä, edil häzirbu hili himiki dermanlary tonnalap berselerem peýdasy ýok, sebäbi näbelli keseller geljekki hasyla eýýäm etjegini etdi, adamlar hasyldan umydyny üzdi.
“Kärendeçiler indi girdeji almakdan geçen, tohum, tehnika berilerini ýapsalaram razy, ýa-da öňki ýyllarda bolşy ýaly, ýene bergidar çykarlar” diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran daşoguzly kärendeçi aýtdy.
Aýdylmagyna görä, regionyň Ruhubelent, Gurbansoltan eje etraplarynda guraýan gowaça hem köp göze ilýär.
Gowaçanyň ýagdaýynyň Lebap welaýatynda hem gowy däldigi habar berilýär we bu esasan suw ýetmezçiligi bilen düşündirilýär.
“Türkmenistanyň Hronikasy” neşiriniň iýul aýynyň aýagynda beren maglumatyna görä, şu ýyl Çärjew etrabynyň “Jeýhun” oba hojalyk birleşiginiň ýaşaýjylary gowaçany bir gezek hem suwaryp bilmändir. Munuň sebäbi suw desgalaryna ýyllap ideg edilmezligi, Amyderýadaky suwyň ekerançylyk ýaplaryna gelip bilmezligi bilen düşündirilýär.
Balykçy, Araplar, Üçbaş, Esgiler ýaly obalaryň kärendeçileri suwdan doly diýen ýaly mahrum, daýhan birleşikleriniň agronomlary ýadaýyň çynlakaýdygyny duýdurýarlar diýip, TH habar berýär.
Degişli maglumat Türkmenistanda bugdaý plany 'dolandan' soň galla önümleri kärhanalarynda 'uly derňewler' başlandyMälim bolşy ýaly, Türkmenistanda soňky otuz ýylda üçünji oba hojalyk reformasy geçirilýär. Ýurduň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazow ýogalmazyndan öň öz Täze oba syýasatynyň başa barmandygyny boýun aldy, prezident Berdimuhamedow bolsa geçen ýylyň sentýabrynda täze tekliplerini orta atyp, öňki yglan eden oba hojalyk syýasatynyň işlemändigini gytaklaýyn tassyk etdi.
Halkara hukuk toparlary Türkmenistany oba hojalyk işlerinde mejbury zähmeti ulanmakda yzygiderli tankyt edýärler.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.