Aşgabadyň mekdeplerinde onlarça oglan gutardyş şahadatnamalaryny almak dabaralaryna gatnaşyp bilmedi

Illýustrasiýa suraty

Aşgabadyň orta mekdeplerinde onlarça oglan şu ýyl okuwy tamamlaýan ýaşlar üçin niýetlenip geçirilen gutardyş şahadatnamalaryny almak dabaralaryna gatnaşyp bilmedi.

“Şu gün Türkmenistanyň, hususan-da, Aşgabadyň orta mekdeplerinde okuwçylar üçin mekdebi tamamlandyklary hakyndaky şahadatnamalary gowşurmak dabarasy geçirildi. Ýöne bu çärä çagyryş boýunça harby gulluga alnyp gidilen okuwçy oglanlaryň onlarçasy gatnaşyp bilmedi” diýip, anonim şertde maglumat beren habarçy 21-nji iýunda aýtdy.

Degişli maglumat “Dostum harby gullukdan aşgazan keseli we aýaklarynda ýaralar bilen yzyna dolandy”

Azatlyk Radiosynda bu mekdepler we oglanlar barada doly maglumatyň bardygyna garamazdan, howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli olary köpçülige mälim etmekden saklanýar.

Azatlyk Radiosynyň bu barada habar beren habarçysynyň tassyklamagyna görä, şu ýyl mekdebi tamamlaýan okuwçy oglanlary çagyryş boýunça harby gulluga alyp gitmek çäresi geçen hepdäniň dowamynda amala aşyrylyp başlandy.

Habarçy gulluk etmeli ýerine gitmäge taýýarlanýan ýaş oglanlaryň Aşgabadyň demirýol wokzalynda üýşüp duran pursatlaryny görkezýän suratlary iberdi.

Geçen hepdäniň dowamynda düşürilen bu suratlarda ýörite bellenen ofiserleriň ýolbaşçylygyndaky bu ýaş oglanlaryň sanynyň onlarçadygyny görse bolýar.

Soňky birnäçe aýyň dowamynda türkmen häkimiýetleri raýatlary goşun gullugyna çekmek çärelerini güýçlendirdiler.

7-nji iýunda Aşgabadyň häkimiýetleriniň orta mekdebi şu ýyl tamamlaýan 18 ýaşly okuwçylary mekdepden harby gulluga çagyrýandygyny, Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçysy habar berdi.

Şonda habarçy Aşgabadyň harby wekilliginiň işgärleriniň harby gulluga ýaşy ýeten okuwçylary häzirki çagyryş möwsümine ýetişdirmek üçin mugallymlary gyssap, gysga wagtyň içinde degişli okuwçylaryň ähli bahalarynyň goýulmagyny talap edýändigini gürrüň beripdi.

Degişli maglumat Türkmenistanda bilim, harby gulluk we ýaşlar

“Goňşymyň uly gyzy şu ýyl uçurym bolýar. Ol käbir klasdaşlarynyň harby gulluga çagyrylýandygyny tassyklady. Olaryň orta bilim hakyndaky şahadatnamalaryny ene-atalary alar” diýip, habarçy aýdypdy.

20-nji maýda Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçysy Russiýanyň ýokary okuw jaýynda bilim alýan türkmenistanly bir studentiň Moskwadan Aşgabada dolanan güni çagyryş boýunça harby gulluga alnyp gidilendigini habar berdi.

Şuňa meňzeş wakanyň 1-nji iýunda hem bolandygyny, “Hronika Türkmenistan” neşiri 4-nji iýunda mälim etdi.

“Türkiýäniň ýokary okuw jaýlarynda bilim alýan türkmenistanly studentleriň ýene dört sanysy Aşgabada dolanan güni, paýtagtyň halkara aeroportundan göni çagyryş boýunça harby gulluga ugradyldy” diýip, neşir öz habarynda belledi.

​Mart aýynyň dowamynda Aşgabadyň harby bölümleriniň işgärleri daşary ýurtlarda bilim alýan ýaşlaryň ene-atalaryna jaň edip, olaryň harby gulluk borjuny ýerine ýetirmegi üçin ýurda dolanmagyny talap edendigini, Azatlyk Radiosynyň paýtagtdaky habarçylarynyň biri 1-nji aprelde habar berdi.

Şondan soňra Azatlyk Radiosynyň beýleki bir habarçysy ene-atalaryň daşary ýurtlarda okaýan çagalaryna jaň edip, olara okuwlary doly tamamlanýança, ýurda dolanmazlygy tabşyrýandygyny gürrüň berdi.

20-nji martda Türkmenistanyň ýaragly güýçlerine nobatdaky çagyryş yglan edildi. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň gol çeken permanyna we buýrugyna laýyklykda, 18 ýaşy dolan raýatlar 2019-njy ýylyň aprel-iýun aýlarynyň aralygynda harby gulluga çekilmeli edildi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.