Aşgabatda gyssagly tiz kömek çakylyklarynyň ýygjamlaşandygy aýdylýar

Arhiwden alnan surat

Geçen anna, şenbe we ýekşenbe günleri Aşgabatda adamlaryň saglyk ýagdaýynyň duýdansyz ýaramazlaşmagy we Tiz kömek ulaglarynyň köpçülikleýin çagyrylmagy bilen bagly ýagdaýlar ýüze çykdy.

Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylarynyň we çeşmeleriniň ençemesiniň öz şaýat bolan ýagdaýlaryna, Tiz kömek işgärlerine we lukmanlara salgylanyp aýtmagyna görä, Tiz kömek ulagy bilen paýtagtyň keselhanalaryna getirilen adamlaryň duýdansyz ýürek näsazlyklaryndan, gan basyşynyň aşa ýokarlanmagyndan we insultdan ejir çekýändigi anyklandy.

“Bu näsaglar dürli keselhanalara ýerleşdirildi. Olaryň arasynda heläk bolup, ýogalanlar hem bar. Şeýle-de, olar diňe gartaşan adamlar däl. Olaryň arasynda orta ýaşlaryndaky erkekler we aýallar hem bar” diýip, howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli anonim şertde maglumat beren habarçy 18-nji iýunda gürrüň berdi.

Habarçy adamlaryň saglyk ýagdaýynyň duýdansyz ýaramazlaşmagyna we Tiz kömek ulaglarynyň köpçülikleýin çagyrylmagyna dürli keselhanalarda, şol sanda il içinde “Demirýol hassahanasy” diýlip bilinýän keselhanada işleýän lukmanlaryň hem geň galýandygyny aýtdy.

“Şu günler Aşgabatda howanyň temperaturasy 38-40 gradus aralygynda üýtgeýär. Bu görkezijiler Türkmenistan üçin iýun aýynda kadaly diýlip hasaplanýar. Lukmanlar ‘şu günlerde magnitli tupan ýok ýalydy’ diýýärler. Olaryň özleri hem adamlaryň köpçülikleýin saglyk problemasyna uçramagyna düşünmeýärler” diýip, habarçy belledi.

Degişli maglumat Azatlygyň habaryndan soň, Aşgabatda süýjükeselli näsaglaryň insulin elýeterliligi kadalaşdy

Azatlyk Radiosynyň biri-birinden garaşsyz Aşgabatdaky başga iki çeşmesiniň aýtmagyna görä, anna güni paýtagtda aýrybaşga ýerlerde bolan iki wakada hem, biri ýaşy 40-dan geçen aýal we beýlekisi ýaşy 60-dan geçen adam keselhana ýerleşdirildi.

“Wakalaryň birinde duýdansyz huşuny ýitiren aýal keselhana ýerleşdirilenden soňra, lukmanlar aýalyň hossarlaryna onuň insultyň öňýanynda bolandygyny, ýöne munuň sebäplerini özleriniň hem bilmeýändigini aýdýarlar” diýip, anonim şertde söhbetdeş bolan çeşme 17-nji iýunda gürrüň berdi.

Beýleki bir wakada ýaşy 60-dan geçen adam duýdansyz özüniň nirede oturandygyny bilmeýändigini aýdýar we şondan soňra huşuny ýitirýär.

“Lukmanlar keselhana ýerleşdirilen ýaşulynyň hem insultyň öňýanynda bolandygyny aýdýarlar. Ýöne munuň hem sebäplerini düşündirip bilmeýärler” diýip, beýleki bir çeşmämiz anonim şertde 17-nji iýunda gürrüň berdi.

Imo sosial ulgamynda ýaýradylan çagyryşlaryň biri

Azatlyk Radiosynyň bu habarlar barada Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginden kommentariý almak üçin synanşyklary netije bermedi.

Azatlyk Radiosynyň paýtagtdaky habarçylary bilen anonim şertde söhbetdeş bolan aşgabatly lukmanlaryň ençemesi soňky ýyllarda türkmenistanlylaryň iň köp duçar bolýan keselleri barada hem maglumat berip, ýürek-damar we rak kesellerinden ejir çekýän adamlaryň köpelendigini tassyklady.

“Aşgabadyň rak keselleri bejerýän hassahanasy näsagdan doly. Bu ýerde ölýän adamlar köp. Statistika gizlenýär” diýip, aşgabatly lukmanlaryň biri gürrüň berdi.

Imo sosial ulgamynda ýaýradylan çagyryşlaryň ýene biri

Azatlyk Radiosynyň habarçylary Türkmenistanda ilat tarapyndan giňden ulanylýan Imo sosial ulgamynda hem rak keselinden, aýratyn-da, leýkemiýadan ejir çekýän hossarlaryna ýa-da tanyş-bilişlerine kömek etmegi soraýan adamlaryň çagyryşlarynyň yzygiderli çap edilýändigini belledi.

Geçen aýyň ahyrynda Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky çeşmeleriniň ýene biri soňky bir ýylyň dowamynda Tejenden, Lebapdan we Marydan Aşgabada gelip rak keselini bejertmek isleýän birnäçe adamyň aradan çykandygyny aýtdy.

“Mundan 7 aý çemesi öň, Lebapdan Aşgabada gelen gyzyň bir göwsüni aýyrdylar. Şondan birnäçe aý soň hem ikinji göwsüni aýyrdylar we ýakynda ol gyz aradan çykdy” diýip, anonim şertde maglumat beren çeşme belledi.

Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçylary we çeşmeleri raýatlaryň duçar bolýan hassalyklary bilen ýekme-ýek galýandygyny, hökümet tarapyndan agyr näsaglara tas ýardam berilmeýändigini aýdýarlar.

“Türkmenistanlylar rak keselini bejertmek üçin talaba laýyk bejergi alyp bilmeýärler. Ýurtda medisina hyzmatlar çendenaşa gymmat we onuň hili ýaramaz” diýip, habarçylaryň biri belledi.

Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolýan türkmenistanlylaryň ençemesi täze gurulýan saglyk desgalarynda işgärleriň aglabasynyň medisina enjamlaryndan peýdalanyp, näsaglaryň keselini anyklap bilmeýändigini aýdýarlar.

Bu habarlaryň fonunda, soňky ýyllarda öz saglygyny bejertmek üçin daşary ýurtlara, şol sanda Eýrana, Hindistana we Türkiýä gidýän türkmenistanlylaryň barha köp göze ilýändigi barada Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçylary ençeme gezek habar berdiler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.