Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 5-nji iýunda, Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli daşky gurşawy goramak ulgamynyň işgärlerine gutlap, onuň ösümlik we haýwanat dünýäsini baýlaşdyrmak, tebigaty aýawly saklamak boýunça giň gerimli işleriň yzygiderli durmuşa geçirilýändigini aýtdy.
Şol bir wagtda ýurduň paýtagtynda kebeleklere, beýleki mör-möjeklere garşy himiki serişdeleriň ulanylýandyg, bu çäreden soň ölýän guşlaryň köpelendigi barada maglumatlar bar.
Azatlyk Radiosy bu meseleler boýunça hukuk goraýjy, ozalky suw işgäri we ekolog Farid Tuhbatullin bilen söhbetdeş boldy.
Azatlyk: Farid, Türkmenistanda ekologiýa, daşky gurşawa aýawly çemeleşmek meselesi häzir nähili ýagdaýda? Häkimiýetler bu barada hiç problema görmeýärler, synçylar bolsa muňa garşy çykýarlar. Siz nähili pikirde?
Farid Tuhbatullin: Hakykatdanam, Türkmenistanyň ekologiýasynda uly problemalar bar we bu eýýäm birinji ýyl beýle däl. Sebäbi problemalar çözülmeýär-de, oňa derek haýsydyr bir programmalar, hususan-da bu ugurdaky halkara hyzmatdaşlygy bilen bagly çäreler yglan edilýär, bu barada beýik münberlerden gürrüň edilýär. Iş ýüzünde bolsa, ýa asla hiç bir iş edilmeýär, ýa-da ýagdaýlaryň has-da agyrlaşmagyna getirýän hereketler edilýär.
Degişli maglumat Trend: Hazardaky adalaryň üstüne Türkmenistanyň 170 gektarlyk emeli adasy goşuldyMeniň pikirimçe, häkimiýetlerde jemgyýetiň öňünde hiç bir jogapkärçilik ýok. Bu diňe ekologiýa babatynda däl, ähli ugra degişli. Belki-de, hakyky ekspertleri ýygnap, emele gelen agyr ýagdaýa tankydybaha berilmegini gurnamak üçin isleg ýok ýa-da muňa mümkinçilik ýok.
Eger şeýle edilse, ýagdaýa has çynlakaý, has töwerekleýin baha berlerdi. Munuň üçin, elbetde, ilki saglygy saklaýyş, daşky gurşaw, diňe tebigy goraghanalar däl, nebit-gazly ýerler boýunça, adamlaryň ýaşaýan ýerlerinde, kanallaryň, derýalaryň geçýän ýerlerinde hem umumy monitoring geçirilmegi zerur. Bu örän çynlakaý ekologiýa ýagdaýy bolup durýar we olary aýry-aýrylykda, şol bir wagtda-da umumy bir strategiýa esasynda çözmek gerek. Ilkinji nobatda hem, men bu barada ozal hem çykyş etdim: mysal üçin, biziň Milli howpsuzlyk ministrligimiz bar, olar häkimiýetleri goramak bilen meşgul. Ýöne, meniň düşünişimçe, ekologiki howpsuzlyk meselesi hem olar üçin birinji orundaky problema bolmaly.
Azatlyk: Ýurdy bagy-bossanlyga öwürmek meselesi nähili, soňky onýyllykda millionlarça düýp agaç nahaly oturdyldy. Emma olaryň suwsuz guradylýandygy aýdylýar. Emma bu meselede statiska çap edilmeýär. Bu nahallara näçe serişde sarp edilýär, olar kimiň hasabyna ekilýär we saklanýar? Bular hem belli däl.
F. Tuhbatullin: Bu dogrudanam zerur programma, hususan-da biziň klimat şertlerimizi, biziň ekologiýamyzy nazara alanyňda hökman edilmeli iş. Ýöne bu iş bilen professional adamlar, ýagny şu ugurdan baş çykarýan hünärmenler meşgullanmaly. Mysal üçin, sowet döwründe Tokaý hojalygy atlandyrylýan edara bardy, bu iş bilen hünärli adamlar meşgullanýardy. Dogry, olar beýle kän möçberde agaç nahallaryny ekmeýärdiler, emma olar eken baglaryna esewan edýärdiler, goraýardylar, olara jogap berýärdiler.
Mysal üçin, biziň Milli howpsuzlyk ministrligimiz bar, olar häkimiýetleri goramak bilen meşgul. Ýöne, meniň düşünişimçe, ekologiki howpsuzlyk meselesi hem olar üçin birinji orundaky problema bolmaly.F.Tuhbatullin
Olarda bu ugurda bilimli hünärmenler bardy, degişli tehnikalary, öz düzgünleri, programmalary hem bardy.Emma häzir bu iş häzir köpçülik çäreleri görnüşinde, ýowarlar arkaly geçirilýär. Ýagny olar adamlary bir uçdan agaç ekmäge mejbur edýärler, olaryň soň gögereni, düýp tutany ýa tutmany hän adamy gyzyklandyrmaýar. Şu sebäpden men bu edilýän işleri, häzirki görnüşinde, manysyz hasaplaýaryn.
Aýdaly, men Daşoguz welaýatynda bu işiň nähili edilýänini gowy bilýärin. Ol ýerde hemişe ýowar geçirilýär, adamlary şäheriň töweregindäki gök zatlaryň, ýandak-syrkyna çenli, ählisini çapyp aýyrmaga mejbur edýärler. Bu şäheriň ekologiýa ýagdaýyna zyýan ýetirýär, peýda getirmeýär. Has anyklaşdyrsak, çäreler diýilýänler tebigaty goramaga, daşky gurşawy aýawly saklamaga peýda däl, zyýan getirýär.
Azatlyk: Suw meselesine gelsek, ozal Türkmenistan gowaça ekişi bilen bagly suwy bisarpa ulanmakda tankyt edildi. Emma gowaça ekişi dowam edýär, suwy tygşytly ulanmakda ilerlemeler barmy?
F. Tuhbatullin: Gynansak-da, suw problemasy diňe ekologiýa, oba hojalygy bilen baglylykda däl, belki, sosial sferada hem birinji problema bolup durýar. Sowet ýyllarynda men suw hojalygy ugrunda işledim, susuň örän köp möçberde oýlanyşyksyz ulanylandygyny gowy bilýärin. Şu sebäpden hem ýerleriň şorlamagy, hasyllylygyň pese gaçmagy, Aralyň guramagy ýaly problemalar döredi.
Degişli maglumat Türkmenistan başga pikirleri inkär edip, el bilen döredilen suw howdanynyň 'üstünlik getirjegini' tekrarlaýarMysal üçin, Ysraýylda pagta öndürmek üçin tutuş Merkezi Aziýada, şol sanda Türkmenistanda pagta öndürmek üçin ulanylýan suwdan 6 esse az suw ulanylýar. Ýagny, ol ýerde suw tygşytlamak tehnologiýalary hakyky ýagdaýynda ulanylýar, bizde bolsa bu uly problema bolmagynda galýar.
Meniň pikirimçe, bu tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy üçin daýhanlaryň belli möçberde suw üçin pul tölemegi gerek. Emma daýhanlar, daýhan birleşikleriniň agzalary, hususy oba hojalyk önümlerini öndürijiler garyp ýaşaýan wagtynda, elbetde, bu işleri amala aşyrmak mümkin bolup görünmeýär. Şu sebäpden men ýene bir gezek aýdýaryn, bu meseleleriň ählisini, şol sanda ykdysadyýet problemasyny bilelikde, toplumlaýyn çözmeli, ýogsa hiç zat üýtgemez.
Azatlyk: Şor suwlary gaýtadan ulanmak meselesinde Türkmenistanda bir garaýyşda, ekspertler başga garaýyşda, ýagny synçylar Garaşor çöketlihgine ýygnanan suwuň bugaryp, şor we zäherli tozana öwrüljegini duýdurýarlar?
F. Tuhbatullin: Açyk aýtsak, Garaşor köli, elbetde, ullakan akylsyzlyk bolup durýar. Bu ýere örän uly möçberde serişde gönükdirildi, emma netije bolmaz. Baryp Nyýazow döwründe, haçanda bu taslama ýüze çykanda, men we meniň kärdeşlerim mümkin bolan ýerleriň ählisine,şol sanda “Neýtarlnyý Turkmenistan” gazetine hem ýazdyk. Şonda biziň öňe süren delilimize görä, Daşoguz welaýatyndaky Sarygamyş köli şol wagtýerasty suwlary akdyrmak, bir ýere toplamak üçin 40 ýyl çemesi ulanylýardy.
Degişli maglumat Hökümet eksport üçin pagta planyny artdyrjagyny aýdýar, 'heläkçilikli' kölüň wagzy güýçlenýärÝygnalan suwlar ol ýerde arassalanmady, tersine, tebigat bu suwlaryň özüniň bugaryp, howa siňýändigini, olardan galan zäherli duzlaryň bolsa şol ýerde galýandygyny görkezdi. Galan suwuň bolsa ýagdaýy has ýaramazlaşýar. Garaşorda hem şu ýagdaý bolar we eýýäm bolup hem ýör. Şu sebäpden ekerançylykda ulanylan suwlaryň galyndysyny gaýtadan ulanmak meselesi örän weçylşyrymly, men mundan haýsydyr bir peýda geler diýip biljek däl, ýogsa bu hili suwlary aýyrmaly, olar zyýan berýär, ýerasty suwlaryň derejesini aşaklatmak gerek. Emma munuň üçin gowaça üçin ulanylýan suwuň möçberini azaltmaly, şonda problema öz-özünden azalar we aýrylar.
Azatlyk: Aral meselesine gelsek. Türkmenistantebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak boýunça başlangyçlary öňe sürdi, Hazar deňziniň ekologiýa abadançylygyny gorap saklamak boýunça sebit we dünýä ähmiýetli täze tekliplerini beýan etdi. Hakykatda Aşgabat bu meselede nähili rol oýnaýar, sözden işe geçilýärmi?
F. Tuhbatullin: Gynansak-da, bu mesele iş ýüzünde hiç bir iş edilmeýär. Mysal üçin, sowet döwründe Daşoguz welaýatynda we Özbegistanyň Garagalpagystan awtonom respublikasynda çaga ölüminiň derejesi bütin Sowet Soýuzynda iň ýokarydy. Şondan bäri bu ugurda statistiki maglumatlar ýok. Eger statistiki maglumatlar bolan bolsa, onda deňeşdirip, Türkmen häkimiýetleriniň bu problemany çözmek üçin edýän işleriniň getiren peýdasy boýunça käbir netijeleri çykaryp bolardy.
Degişli maglumat Arzuwlylar arassa howanyň arzuwyndaGöni aýdylanda, türkmen häkimiýetleri bu ugurda öwerlik iş etmeýärler. Mysal üçin, Daşoguz welaýatynda agyz suwunyň arassalygyny üpjün etmek üçin çäre görlendigi aýdylýar. Emma Daşoguzda gurlan suw arassalaýjy zawod işlemedi. Plan boýunça arassa suw adamlaryň ýaşaýan jaýlaryna akyp barmalydy. Beýle zat asla ýok.
Keselçilik, näsaglyk ýagdaýlarynda gowulaşma bolmady, erbetleşme welin boldy. Ýöne elimizde anyk statistiki maglumatlar bolmansoň, biz öňki we soňky ýagdaýlary deňeşdirip, netije çykaryp bilmeýäris. Emma görnüşinden ýagdaýyň diňe ýaramazlaşandygyny aýdyp bolar.
Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar