Türkmen TW-siniň işinden nägile prezident "Mirasa" täze başlyk belledi, tomaşaçylar senzuradan nägile

Türkmen TW-siniň alyp baryjysy we şorta Aşyrmyrat Gurbanow. Arhiw suraty

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň “Miras” teleradioýaýlymynyň wagtlaýyn bellenen başlygyny wezipesinden boşadyp, bu wezipä Guwanç Baýramdurdyýewi belledi.

Azatlyk bilen söhbetdeş bolýan türkmen tomaşaçylary we hukuk goraýjylar Türkmenistanda senzuranyň saklanyp galýandygyny, metbugata berk kontrollyk edilýändigini we onuň diňe propaganda guraly hökmünde ulanylaýndygyny aýdyp, nägile bolýarlar.

“Miras” teleradioýaýlymynyň öňki başlygy Bäşim Ataýew 7-nji maýda, “işde goýberen kemçilikleri üçin” wezipesinden boşadyldy. Ýöne, adatça bolşy ýaly, çäre görlen resminiň nähili kemçilik goýberendigi anyklaşdyrylmady.

Şol gün prezident Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň başlygy Nurmämmet Garlyýewe berk käýinç we soňky duýduryş yglan etdi.

Degişli maglumat Berdimuhamedow media ýolbaşçylaryny bir hepdede ikinji gezek tankyt etdi

TDH-nyň anyklaşdyrylmadyk maglumatyna görä, ol “wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, teleradioýaýlymlaryň işine gözegçiligi gowşadypdyr”.

Türkmenistanyň prezidenti döwlet eýeçiligindäki medianyň işinden yzygiderli nägile bolýar we sebäbini açyk aýtmazdan, ýolbaşçy işgärleri tiz-tizden täzeläp durýar.

Ýerli hukuk goraýjylar prezidentiň media guramalarynyň ýolbaşçylaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak bilen meşgullanmagynyň milli kanunçylyga sygmaýandygyny, bu ýagdaýyň ýurtda kanun esasynda gadagan edilen döwlet senzurasynyň saklanyp galmagyna sebäp bolýandygyny öňe sürýärler.

Degişli maglumat Prezident "Mirasyň" başlygyny täzeledi, synçylar Berdimuhamedowyň senzurany saklap galandygyny belleýärler

Hukuk goraýjy Farid Tuhbatulliniň "Azatlyk" bilen söhbetdeşlikde aýtmagyna görä, "bu ýagdaýlar Türkmenistanyň resmi metbugatynyň ýurduň öz halkyny we halkara jemgyýetçiligini habardar etmäge däl-de, eýsem azaşdyrmaga gönükdirilendigini görkezýär".

Dünýäde metbugat azatlygyna gözegçilik edýän “Serhetsiz reportýorlar” guramasy 2019-njy ýylyň metbugat azatlygy indeksinde Türkmenistany 180 ýurduň arasynda iň yzdaky orunda, Demirgazyk Koreýadan hem soňky ýerde ýerleşdirdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.