Radionyň 20-nji maýda habar berşi ýaly, aşgabatly telekeçiler 15-nji maýa geçilýän gije Senagatçylar we telekeçiler bileleşigine çagyryldy we olara öz edara jaýlaryny şäheriň daşyndaky “Senagat zonasy” diýilýän ýere göçürmelidikleri aýdyldy.
Paýtagtyň häkimiýetleri mundan öň hem kiçi we orta telekeçileri şäheriň dürli ýerlerinde, şol sanda ýarym ýerzeminlerde ýerleşýän edara jaýlaryny, dükanlaryny dürli bahanalar bilen täzeden enjamlaşdyrmaga, ýapmaga mejbur edipdiler.
Ýöne bu gezekki göç talaplary Türkmenistanyň prezidentiniň 23-nji maýda Aşgabat şäher häkimliginde geçiren göçme mejlisiniň öň hem-de yz ýanyna gabat geldi.
Degişli maglumat Berdimuhamedow bikanun binalara, ýagyşlara, plastika, kebeleklere, hususy taksiçilere garşy 'çäre görmegi' tabşyrýarBu mejlis “Ak şäherim Aşgabat” atly XVIII köpugurly halkara serginiň öň ýanynda geçirildi we prezident şäherde bikanun gurulýan binalardan, käbir binalaryň göz öňünde tutulan maksatlar üçin ulanylmazlygyndan nägileligini bildirdi.
“Mysal üçin, käbir desgalaryň azyk we hojalyk dükanlaryna niýetlenen üçünji gatlary hususy fitnes-klublar, dürli gurnaklar, disko-merkezler we beýleki maksatlar üçin berlipdir. Munuň üçin ýörite bellenen ýerler bar, şol ýerler bolsa ulanylman dur” diýip, TDH Gurbanguly Berdimuhamedowyň sözlerini sitirleýär.
Emma prezident ýörite bellenen ýerler diýende niräni nazarda tutýandygyny anyklaşdyrmady. Telekçileriň käbiri bu talabyň döwlet serişdesine gurlan ofis jaýlaryna müşderi tapyp bermek maksadyndan ugur alýandygyny öňe sürýär.
Degişli maglumat TSTB monopoliýasy bazar kärendeçilerini telekeçilikden gysyp çykarýarMundan öň, şäherde eýeçiligi "gümürtik" diýilýän awtoduralgalar gurlanda hem, polisiýa köçeleriň gyrasynda ýa ýaşaýyş jaýlarynyň arasynda goýlan hususy awtomobilleri şol duralgalara “kowmak” kampaniýasyny alyp bardy.
Indi bu talap firma eýeleriniň hem öňünden çykana meňzeýär. Ýöne olar, hususy awtoulaglaryny jaýlarynyň ýanynda, ýakyn ýerde goýmaga endik eden sürüjilerden tapawutlylykda, şäher merkezinden çykarylmak bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar.
“Azatlygyň” habarçysynyň gürrüňdeş bolan firma eýeleriniň tassyklamagyna görä, edara jaýlary paýtagtyň merkezi etraplarynda ýerleşýän hususy firmalaryň köpüsi eýeleýän ýerinden Senagat zonasyna göçmek islemeýär we başga jaý gözleýär.
“Iri guramalaryň köpüsi “Parahat” etrapçasyndaky jaýlaryň aşagynda abadanlaşdyrylan ýerzeminlerden we ýarym ýerzeminlerden kireýine ýer almak isledi. Şu sebäpden häkimiýetler (polisiýa, uçastok polisiýasy, öý edarasynyň işgärleri) häzir esasan kiçi telekeçileriň kireýine alan ýerlerini gaýtadan we örän jikme-jik barlaýarlar” diýip, radionyň habarçysy aýtdy.
Degişli maglumat Hususy dükanlaryň gapylary möhürlendiOnuň sözlerine görä, bu barlagda häzir esasy mesele binanyň haçandan bäri kireýine alynýandygyny, ýagny täze kärendeçiniň – Senagat zonasyna göçmekden boýun gaçyrýan telekeçileriň bardygyny ýa ýokdugyny anyklamak bolup görünýär.
Şol bir wagtda, ýerzeminleri öňräkden bäri kärendesine alýan telekeçileriň kanun esasynda berlen rugsat hatlarynyň bardygyna garamazdan, indi firmalaryň edara jaýlarynyň (ofisleriň) ýerzeminlerde ýerleşmeli däldigi aýdylýar.
Şu aralykda, adatça bolşy ýaly, barlaglar telekeçiler üçin goşmaça çykdajy hem bolýar, olar barlagçylara 1 müňden 2 müň manada çenli pul berip, ýagdaýlaryny ýeňilleşdirmäge çalyşýarlar.
Ýöne bu “çykalga” hemişe kömek etmeýär, 30-njy mikroraýonda dükan ýa edara jaýy ýerleşdirilen ýerzeminleriň ähälisini boşatmaly etdiler, bu ilatyň bir böleginiň işini, beýleki böleginiň bolsa amatly hyzmatlary ýitirmegine alyp geldi diýip, “Azatlygyň” habarçysy aýtdy.
Degişli maglumat IIM-niň başlygyna berlen käýinçden soň hususy taksiçleriň başyndan 'apat indi'Prezident Berdimuhamedow apreliň başynda hususy taksiçiler “problemasyny” gozgandan soň hem häkimiýetler gyssagly çäre gördüler we bu ýüzlerçe raýatyň iş, gazanç mümkinçiligini çäklendirdi.
Bellemeli ýeri, döwlet baştutany 23-nji maýda geçiren göçme mejlisinde şäherdäki suw sowujylaryň ýeterlik däldigi, ýagyşdan soň zyýanly mör-möjekleriň köpelendigi, plastiki önümleriň daşky gurşawa zyýany, Aşgabatda işlemeli taksileriň şäher daşyna çykýandygy barada hem gürrüň etdi. Ýöne häzirlikçe şäher häkimiýetleriniň bu meseleler boýunça görýän çäreleri aýdyň bolman galýar.
Türkmenistanda telekçileriň kanun esasynda, häkimiýetlerden rugsat alyp guran ýa kireýine alan dükanlarynyň, edara jaýlarynyň "ýokardan berlendigi" aýdylýan görkezme esasynda ýapdyrylmagy, başga ýere göçürilmegi, täjirleriň bir bazardan başga bazara "kowulmagy", adamlaryň kynlyk bilen döreden iş orunlarynyň köpçülikleýin we yzygiderli ýapylmagy soňky 30 ýylda adaty zada öwrüldi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383. Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.