Türkmenistanda, aýratyn-da Aşgabatda hususy awtoulagynda kireý edýän sürüjilere garşy gözegçilikler güýçlendirilip, şäherde hususy taksileri tapmagyň kynlaşan mahaly, sosial ulgamlarda taksi temasyny ýaňsa alýan suratlar, wideolar we degişmeler peýda bolup başlady.
Türkmenistanda ilat tarapyndan giňden peýdalanylýan IMO tilsimindäki ulanyjylaryň biri suwuň derejesi dyzyňa golaýlaýan sil gelen bir köçede legeniň içinde oturyp, elindäki pili bilen, kürek urup gaýygy öňe hereket etdirýän ýaly bolup görünýän adamyň suratyny çap etdi.
Suratda bu adamyň kellesiniň depesinde “TAXI” belgisi ýerleşdirilip, ondan ortaça 1 ýarym metr çemesi öňde duran beýleki bir adamyň ony egilip, çep elini arkasyna goýup, sag elini öňe tarap uzadyp, garşy alýan pursadyny görse bolýar.
IMO tilsimini ulanyjy bu suratyň aşagynda “A, beýle taksä häzir rugsat berilýärmi?” diýen sorag bilen ýurtda hususy taksilere girizilen gadagançylygy ýaňsa alypdyr.
Bu tilsimi ulanyjylaryň ýene biri ýolda duran eşegiň kellesiniň depesinde “TAXI” belgisi goýlan suraty paýlaşyp, ýurtdaky taksi gadagançylygyny we ýetmezçiligini kinaýalaýan ýaly bolup görünýär.
IMO-da taksi temasyndan paýlaşylan suratlaryň ýene birinde iki adamyň 100-lik dollarlaryň üstünde iki elini garnynyň üstünde goýup ýatan pursaty görünýär. Bu suratyň aşagynda “soňky birnäçe günüň dowamynda taksiçileriň ýagdaýy” diýlen kinaýaly ýazgy ýerleşdirilipdir.
Azatlyk Radiosynda ýokarda gürrüňi edilen suratlary we maglumatlary paýlaşan ulanyjylar barada doly maglumatlaryň bardygyna garamazdan, howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli olary köpçülige ýetirmekden saklanýar.
Galyberse-de, mundan öň sosial ulgamlarda “11-lik taksi” hakyndaky degişmeler köp göze ilýärdi.
Hususan-da, ýurtda geçirilýän köpçülikleýin çärelerden soň, öýüne gaýtmaga jemgyýetçilik transportyny tapmaýan ýaşlar agşam ýagyşda ýa-da beýlekide öýlerine “11-lik takside” gelendigi barada degişme çap edýärdiler. “11-lik taksi” ýaşlaryň arasynda iki aýagyňy, ýagny öýüňe pyýada gelendigiňi aňladýar.
Türkmenistandaky hususy taksi problemasy, prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň 4-nji aprelde içeri işler ministri Isgender Mulikowa “berk käýinç” yglan etmeginiň yzýanyna gabat geldi.
Şonda prezident “ýolagçy gatnatmak boýunça ulag hyzmatlaryny ýerine ýetirmäge ygtyýary bolmadyk käbir sürüjileriň ýol hereketiniň düzgünini gödek bozup, ulag hadysalarynyň, heläkçilikli ýagdaýlaryň döremegine sebäp bolýanlarynyň bardygyny” belledi.
Prezidentiň Mulikowa beren kaýinjinden soň, Aşgabatda Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň (PÝGG) işgärleri lisenziýasy bolmadyk, hususy kireý bilen meşgullanýan sürüjileri aç-açan diýen ýaly “awlap”, jerime salyp başladylar.
11-nji aprelde Azatlygyň paýtagtdaky habarçysy şäherde taksi ýetmezçiliginiň ýiti duýulýandygyny, şol sebäpli ýaşaýjylaryň aglabasynyň jemgyýetçilik awtobuslaryndan peýdalanmaga mejbur bolýandygyny gürrüň berdi.
Ýöne ol paýtagtyň köçelerinde gatnawlary amala aşyrýan awtobuslaryň sanynyň ilatyň transport zerurlyklaryny ödärden ejizdigini, şol sebäpli günüň birinji ýarymynda awtobuslaryň ýolagçylardan hyryn-dykyn dolýandygyny we aýallar bilen erkekleriň arasynda dawa-jenjeliň hem döreýändigini aýtdy.
11-nji aprelde Daşoguz welaýatynyň polisiýa işgärleri hususy ulagynda etraplaryň arasynda kireý edýän sürüjileri hem “awlap” başladylar.
Türkmenistanda hususy ulagynda, lisenziýasyz kireý edýän sürüjilere garşy gözegçilikler 2016-njy ýylyň ahyryndan güýçlendirilip başlanypdy. Şonda hususy awtoulagy bilen kireý etmekçi bolýan raýatlar azyndan 12 adam bolup birleşip, hojalyk jemgyýeti diýilýän ýörite firma şekilli edara döretmeli edildi.
Kireý edýän taksi sürüjileriniň ençemesi munuň üçin talap edilýän resminamalaryň aşa çylşyrymlydygy sebäpli firmany döretmegiň tas mümkin däldigini, Azatlyga gürrüň beripdiler.
Ýerli ýaşaýjylaryň we synçylaryň ençemesi döwlet eýeçiligindäki sary reňkdäki taksileriň diňe Aşgabat we Awaza şäherlerinde hereket edýändigini we olaryň ilatyň aglabasynyň maddy mümkinçiliginden aşa gymmatdygyny belleýär.
Türkmenistandaky taksi ýetmezçiligi we munuň ilata ýetirýän täsirleri barada türkmen häkimiýetleri resmi metbugatda çykyş etmän gelýärler. Ýöne hususy taksileriň işine gözegçiligiň güýçlendirilmegi, prezident Berdimuhamedowyň 30-njy ýanwarda ministrlikleri, pudak edaralaryny birleşdirip, transport ulgamyny hususylaşdyrmak barada karar kabul etmeginden iki aý gowrak wagt soňa gabat geldi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383. Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.