Bir zady ýürekden höwes etseň, oňa gowşarsyň diýen düşünje bar. Meniň Artyk Atajan baradaky höwesim hem şeýleräk boldy.
Ol baryň 70-nji ýyllaryň ortalarynda tanalyp başlady. Şol döwürlerde özbek hem türkmen halkynyň beýik aýdymçysy Kamiljan Atanyýazow agyr derde ýolugyp, eli tar çalmaga ýaramady, ýöne aýdym aýdyp bilýärdi. Şonda onuň ýakyn şägirdi Artyk Atajan oňa köp gezek sazandarlyk etdi. Şol wagtyň özünde Artygyň özi-de Hywa ýolundan nusgawy aýdymlary aýtdy.
Olar iki aýdymçy öz senedi bilen halklar arasyndaky ruhy hem medeni birligi täzeden jana girizdiler. Magtymgulynyň, Keminäniň, Mollanepesiň hem beýleki türkmen şahyrlarynyň, şol sanda türkmen dessanlarynyň goşgularyny asyl nusgasynda aýtmagy başardylar. Olar türkmen poeziýasyna dürli halklaryň arasyndan söýgi gazandylar.
Beýik senet eýesi ýogalanda (1975), ,,onuň yzynda örän kämil şägirdi galdy” diýdiler. Artyk Atajan öz ussadyndan galan ýoly dowam etdirdi. Ol öz ussady ýaly, birnäçe ýyl geçensoň Türkmenistanyň halk artisti diýen iň ýokary hem hormatly ada mynasyp boldy.
Degişli maglumat “Ybraýym şadilli”Men şol ynsany görmek isledim, onuň aýdymlaryny özünden eşitmegi höwes etdim.
,,Ol Daşoguz hem Lebap toýlaryna gelýärmiş” diýen gürrüňler bardy. Bir gezek Aşgabatda-da aýdym aýdypdyr. Ýöne hiç birine nesibäm bolmady.
Soňra döwür bulaşdy, ol aýdym-sazlar hem Watan gaty uzakda galdy. Artyk bolsa öz aýdymlary bilen ýaşarýardy.
Aşa ýeke galan döwürlerimde, onuň bir aýdymy meniň yzymdan geldi. Onuň ady “Ömür öter”
Ömür öter, wagt öter,
Hanlar öter, şah öter(...)
Hiç wagt çykmaz ýadymdan,
Seniň gülüşleriň,
Seniň ýörişleriň,
Sözsüz garaýyşlaryň,
Halym soraýyşlaryň...
Bu aýdym meniň üçin ýürekden geçip, gözýaşa ýetdi.
Wagt geçdi. Bir gün Artygyň özi-de bu ýere – biziň ýanymyza geläýdi. Ol aslynda Karlowy Warydaky şypahana gelen eken, onuň soňky günlerinde Pragada bolup, biz bilen görüşdi.
Degişli maglumat Sapar halypaMeni ussat aýdymçy bilen tanyşdyranlarynda:
– Bu kişiniň "Üç gulakly adam” diýen kitaby bar – diýdiler.
Artyk Atajan biraz säginip durdy-da:
–"Hiç gulakly adam” diýmeli ekeniňiz. Bu milletiň gulagy ýok, bular aýdylany eşitmeýär – diýdi.
Şondan soň biziň aramyz ýakynlaşdy. Her halda, gürrüňimiz sungat barada boldy.
– Halk arasynda Kamiljan Atanyýazow öz senedini Artyk Atajana goýup gidipdir diýen gürrüň bar. Siz şoňa nähili garaýaňyz? – diýip, öňden eşiden gürrüňimi ýatladym.
– Ussat senedini özi bilen äkitdi, ony hiç kime galdyrmady. Bize onuň salan ýoly galdy. Biz şol ýoluň şägirtleri.
– Sizde türkmenlere örän uly ýakynlyk bar. Magtymgulyny hem beýleki şahyrlary olaryň öz ene dilinde döredişi ýaly aýdýaňyz. Babanyýaz şahyrdan galan “Ne peýda” diýen aýdymyňyz özbek sazyndaky türkmen aýdymy. Bu golaýlygy nädip gazandyňyz?
– Biziň hemsaýalarymyz türkmen. Hywada özbekler bilen türkmenler mydama garyşyp oturypdyrlar, olar baryş-gelişli bolupdyr. Belki, bilýänsiňiz, Horezimde Awşar, Agöýli, Gynyk ýaly türkmen obalary bar. Olar ir zamandan Hywada otyrlar.
– Köp aýdymlardan daşary sizde özbek-türkmen dostlygy hakda aýratyn aýdym bar. Bu nähili zerurlyk bilen döredi?
– Zerurlyk şol, halk diýleni ägirt uly daragt, ol dürli-dürli kiçi böleklerden düzülip, tutuş bir birligi emele getiripdir. Halka hyzmat etjek bolsaňyz, siz olaryň birini söýüp, birini goýup bilmersiňiz.
Ulus illere söýgi bagyş eden adamda köp-köp gowy aýdymlar bar. Olar türkmenler üçinem örän düşnükli. “Aýrylma”, “Görüň”, “Lezgi”, “Ömür öter”, “Ýara guban bu janym”, “Bir sen-sen” ýaly aýdymlary türkmenler söýýän bolsa gerek. Soňkulardan “Palaw” aýdymyny ýatlap bileris. Ol aýdymlar ýüzlerçe. Ol öz halypasy Kamiljan Atanyýazow ýaly senet eýesi boldy hem gowy şägirtler ýetişdirdi.
Ahyrynda Artyk Atajan öz ömrüni hem aýdym bilen jemledi.
“Hoş indi” aýdymynda “Golumda saýragan tarym hoş indi” ýa-da “Tenimde amanat janym hoş indi” diýýär. Ol sungat ussatlary bilen hoşlaşyp: “Ilin söýen Kamiljanlar hoş indi” diýýär.
Şeýle hyzmat bilen halka öz söýgüsini bagyş eden adam aramyzdan gitdi. Artyk Atajanyň wepaty – halklaryň ýitgisi. Sebäbi onuň halklar arasyndaky hyzmaty ägirt uludy.
Artyk Atajanyň soňky döreden “Hoş indi” aýdymynda “Her şäherde gurdum täze ymarat” diýen setirler bar. Hawa, ol her ýürekde ymarat gurdy. Aýdym ölmeýär, ol ýürekden ýürege geçýär.
Redaksiýadan: Blogda beýan edilen pikirler awtora degişli.