Ol halk arasynda „Sapar halypa“ diýen at bilen tanalýar. Bu ady ussat Magtymguly Garlynyň beýik hyzmatynyň ýanynda, oňa taý bolup gazanypdyr.
Goşa ganat
Beýik Magtymguly Garlynyň aýdymlarynyň saz bezegi örän kämil. Şol kämillikde Sapar Bekiniň gyjagynyň öz orny bar.
Bilermenler bagşynyň ajaýyp owazyny belende göterýän goşa ganatyň biri onuň öz elindäki dutar bolsa, beýlekisi oňa goşulýan gyjak diýýärler. Gyjagyň owazy adam sesine golaý bolansoň, bagşa çeküwli perdelere barmaga ýardam edýär hem ony birneme doýgun, owazly hala getirýär.
Magtymguly Garlynyň gyjakçysy Sapar Beki ýaly ussat başga bir bagşynyň ýanynda bolmandyr ýa-da olar ýaly şeýle uzak wagtlap, bilelikde hyzmatdaşlyk edip bilmändirler. Çuwal bagşy bilen Sapar Bekiniň hyzmaty bütin ömre, boýdan-başa gidýär.
Türkmen radiosynda saklanýan Magtymguly Garlynyň altmyşa golaý ses ýazgylarynda, gyjak bar bolsa, ol Sapar Bekiniň gyjagy bolupdyr.
Ykbal birligi
Ussat sazanda Sapar Beki 1896-njy ýylda, öňki Ýylanly etrabynda düýä inipdir. Elbetde, onuň takyk güni belli däl. O döwürler dokument berlen gün sene hökmünde ýazylýan ekeni.
Şeýlelikde, ol Magtymguly Garlydan ýedi ýaş kiçi bolýar. Ahyrky netijede ol bagşydan ýedi ýyl soň ýogalypdyr. Ýaradan olara deň ömür beripdir; bagşy hem, onuň meşhur gyjakçysy-da 68 ýaşda dünýäden ötýärler. Bu örän geň. Olar bir gonamçylykda, bir ýerde ýanaşyk ýatyrlar.
Sapar Beki owal başda Hywa ýolunyň saz çalyş usulyny öwrenipdir. Il içine çykyp, ýaňy adygyp başlanynda, Magtymguly Garly bilen duşuşypdyr. Magtymguly Garly Ýylanla göçüp baranyndan, köp wagt geçmänkä, Sapar Bekini tapypdyr hem ony ýüzugra tanapdyr.
Sapar Beki bolsa öňki tälim alan mekdebini üýtgedip, täze ýoly, ýagny „Alili bagşynyň“ özleşdiren ýoluny öwrenmeli bolupdyr. Gysga wagtda ol bu ýoly özleşdirmegi başaryp, hatda ony kämilleşdirmäge girişipdir.
Iki ussat
Olar mydama bile gezipdirler, bir hörpden gopupdyrlar, uly toýlary sowup, halka hyzmat edipdirler. Ýaşuly adamlaryň aýtmagyna görä, Sapar Beki hem edil Magtymguly aga ýaly, diýseň sypaýy hem arassaçyl bolupdyr. Ol daşyndan synlanyňda-da, özüne hormat gazanyp bilýän nurana ynsan ekeni.
Iki ussadyň arasyna käte tow düşende, olar biri-birinden öýkeleşip, az salym gepleşmänem gezipdirler. Ýöne Sapar Beki üçin Magtymguly Garly ýaly beýik bagşy bolmaýşy ýaly, Magtymguly Garla-da Sapar Bekiniň ornuny tutjak sazanda tapdyrmandyr. Şol taýsyz ýalňyzlyk olary ýene birleşdiripdir.
Şeýle öýkeleşikleriň biri barada, ýazyjy Beki Seýtäkow höwes bilen gürrüň bererdi.
– Daşogza baranymda, beýik bagşynyň hassahanada ýatandygyny eşitdim. Ýoldaşlarym bilen bagşyny soramaga barsak, ol ýerde Sapar Beki zowzuldap aýlanyp ýör. Bizi görüp, ylgap öňümizden çykdy. Ejizläpdir. „Aramyza tow düşdi. Meni bagşy bilen ýaraşdyryň“ diýdi. Biz Sapar gyjakçyny ýanymyza alyp, bagşynyň ýatan otagyna girdik. Bagşy biziň salamymyzy aldy ýa almady, gözi Sapar Bekä düşenden, bir daýandy: „Geldiňmi, Safar jan, inim“ diýidi. Asyl ikisi äbede-jüýje. Bize üns berýän ýok.
Ine, olar şeýle dost bolupdyrlar. Şol dostluk hem içki berk baglanyşyk beýik sungaty döredipdir.
Soňky sazlary
Onuň gyjagynyň owazy gürrüňsiz başga bagşylaryň aýdymlarynda-da galypdyr. Ilaman Annanyň, Gurban Seýitmämmediň, Akjagül Myradowanyň aýdymlarynda-da, Sapar halypanyň gyjagynyň owazynyň bardygyny aýdýarlar.
Magtymguly Garly bar wagtynda, Sapar Beki onuň yzyna düşüp, milletiň arasyna çykar ekeni. Beýik bagşy aradan çykandan soň, Sapar Beki beýleki bagşylaryň öňüne düşüp, toýlara barypdyr.
Ol ýaş bagşylary yzyna tirkäp, türkmen radiosyna getiripdir. Olaryň sesiniň ýazgy edilmegini gazanypdyr. Sapar Bekiniň ýüz tutan gapysy açyk bolupdyr.
Ýöne bir hakykat bar. M. Garlynyň dutarynyň ýanynda çalynýan gyjagyň owazyny gürrüňsiz Sapar Bekiniňki diýip tanaýarlar. Iki ussat başgalara meňzemeýän gaýtalanmaz derejä baryp ýetýär. Şeýle taýsyz derejäni, aýdaly, başga bagşylaryň ýanynda görmek kyn. Diýmek, beýik ussadyň açylmagy üçin, ýene bir ussat gerek ekeni.
Üstümizdäki ýylda Sapar Bekiniň dünýä inenine 120 ýyl bolýar.
Hudaýberdi Hally, ýazyjy.
Bu ýerde aýdylanlar awtoryň pikiri.