Öz topragynyň azatlygy ugrunda göreşen ol ynsan halk söýgüsine mynasyp bolupdyr. Halk aýdym-sazlarynda onuň yşky-lirikasy galypdyr.
Aşygyň neberesi
Belli türkmen şahyry Dosmämmet 1815-nji ýylda Aşgabadyň etegindäki Änew obasynda doglup, 1865-nji ýylda şol ýerde aradan çykypdyr diýip, Türkmen ensiklopediýasy ýazýar.
Şol hasapdan şahyryň doglanyna 200, aradan çykanyna-da 150 ýyl boldy.
Türkmen edebiýatynyň taryhynyň 3-nji tomunyň 1-nji kitabynda şeýle maglumat bar: “Dosmämmеtlеriň aňyrsy Çärjеwiň Sakar obasyndan. Bularyň düýp babalaryna Şaban Aşyk diýer ekеnlеr. Şaban Aşygyň ogly molla Sapar bolupdyr. Molla Saparyň ogly bolsa Dosmämmеdiň kakasy Gurbanguludyr. Bular Amydеrýa boýundan gaýdyp, Änеwiň ýokarsynda ýerlеşýän Kеltе çynara, soňra ol ýerdе hеm birnäçе ýyl oturyp, Manyş obasyna göçüp gaýdýarlar. Manyşda az wagt oturyp, Änеw obasyna göçüp gеlýärlеr.
Bularyň häzirki nеsillеrinе hеm sakarlar diýip aýdýarlar” (276-sah).
Görşümiz ýaly, sowatly nesliň asly şahandaz Aşykdan gaýdýar.
Köp dawaly Bagabat
Şaban Aşygyň göçüp gelen döwürlerinde, ol sebit Bagabat ady bilen tanalypdyr. Sebäbi dag etegindäki toprak gara baglyga bürelip oturypdyr. Dosmämmet dünýä inen döwürlerde oňa Änew ady berlipdir.
Suwly hem hasylly toprak asyrlar boýy rahatlyk görmändir. 18-nji asyryň aýagyndaky bir jeňde Bagabat örän ýowuz tozdurylyp, onuň suw üpjünçiligi ýumrulypdyr.
Ol ýerde durmuşy ýaňadan başlamak üçin, dirilik çeşmesi täze suwy getiripdirler. Şondan soň Bagabadyň ýerinе parsça “Aby-now” (“Täzе suw”) diýen at galyp, ol ýerli özgеrişde Änеwe öwrülipdir.
Änew Dosmämmediň ýaşan döwründe-de aşa gowgaly bolupdyr. Ýerli millet mydama öz topragyny gorapdyr. Dosmämmet şol watançylaryň ruhy daýanjy ekeni. Şahyrda şeýle söz bar.
Dosmämmеt diýr, köňlüm sеndеn üzülmеz,
Taryhda ýazylmyş, Änеw bozulmaz.
Dosmämmеdiň ölümi barada Türkmen ensiklopediýasy şeýle ýazýar. “Şahyr halk arasyndaky rowaýata görä, obasy gabawa düşen mahaly, duşman güllesinden wepat bolupdyr”. (3 tom, 217-sah.)
Medeni merkez
Öňki Bagabat, soňraky Änew gadymy medeni merkezlerden biri saýylýar. Ol ýer “Änew medeniýeti” diýen ýörete at bilen taryhda aýratyn orun alýar. Bagabatda ilkinji gezek metal işlenip bejerilipdir. Soňraky zamanlarda bilim merkezi bolupdyr. Ol döwürden galan Seýit-Jamaleddin metjidiniň gözelligi köpleri haýran edipdir.
Bagabat bagşy-sazandalaryň mekany bolupdyr. Türkmen saz-sungatynda aýratyn orun alan Durdy bagşy, eserleri aýdyma öwrülen Ysmaýyl, şahyr Zahydy hem Emirhan bagşy ýaly tanymal adamlar Dosmämmediň döwürdeşleri saýylýar.
Dosmämmediň özi-de aýdym aýdyp, saz çalyp bilipdir. Ol aýdymlaryny Damana ýolundan aýdýan ekeni.
Häzirki döwürde Dosmämmediň ady bilen baglanyşykly “Dözmenem”, “Bir gelin”, “Garagäz”, “Dosmämmet” ýaly aýdymlar aýdylýar. Olary Dosmämmediň özi saza geçiripmi ýa-da Durdy bagşy – muny aýtmak kyn. Ýöne Dosmämmet ölensoň, ol aýdymlary Durdy bagşy aýdypdyr.
Durdy bagşy her üýşmeleňde öz dostuny ýat edip, aýdym-saza başlapdyr. Damana ýoluna-da “Dosmämmediň ýoly” diýer ekeni. Bu barada bagşynyň oglundan galan gowy ýatlama bar.
Şahyryň betbagtlygy
Dosmämmediň ömri betbagtlykdan doly. Ol heläkçilik öz halaýany bilen durmuş gurup bilmezlikden başlanýar.
Döwrüniň bilimli mollasy bolan adam ogluna söýgi, aşyk bolmak ýaly zatlardan el çekmegi maslahat berip ýalbarýar.
– Gurbany diýr akyl özün har etmez,
Gören biwepaýa özün ýar etmez.
Ne bela sen, sözüm saňa kär etmez,
Meger bagryň seniň daşdan, Dosmämmet!
– Dosmämmet, Haka boýun sunar men,
Döne bilsem men bu ýoldan döner men,
Emma subhy-şamlar ýar diýp ýanar men,
Düşmüşem ataşa-nara men, ata!
Jemgyýet şu näsazlykdan halas bolup bilmändir. Bu ugurda şahyryň döreden eserleriniň aglabasy aýdym-saza siňipdir.
Watançylyk
Edebiýatçylar Dosmämmediň Watançylyk hereketini Seýdiniň hem Zeliliniň Watançylygy bilen deňeşdirip, onuň il-gün baradaky eserleriniň birneme pesde durýandygyny aýdýarlar.
Ol dogry. Ýöne Watana bolan söýgüsiniň hiç kimden pes bolmadygyny aýtmak gerek. Öz topragynyň erkinligi üçin janyny gurban edensoň, näme diýip bolar?
Şahyryň eserleri soňky gezek 1962-nji ýylda çap bolupdyr.
Elipbiniň özgerendigini hem täze nesliň kemala gelýändigini nazara alsak, Dosmämmedi bu döwrüň ýaşlaryna tanatmaga wagt ýetdi hem onuň belli seneleri ýetip geldi.
Hudaýberdi Hally, ýazyjy.
Bu ýerde aýdylanlar awtoryň şahsy pikiri.