Deliniň halkara aeroportynyň gümrük ofiseri daşary ýurtly ýolagçy aýallaryň birnäçesine, şol sanda türkmenistanly aýala nädogry çemeleşmek aýyplamalary esasynda wagtlaýyn işinden çetleşdirildi.
“Hindustantimes” neşiriniň maglumatyna görä, gümrük resmileri ol ofiseriň aýry-aýrylykda gelen ýolgaçy aýallary, ýanynda zenan ofiser bolmazdan, öz iş otagyna alyp gidendigini, munuň düzgüne ters gelýändigini aýtdylar.
Neşiriň maglumatyna görä, bu ofisere garşy derňew Delide ýaşaýan bir aýaldan elektron poçta arkaly gelen şikýat esasynda başlanypdyr. Ol aýal öz hatynda bu ofiseriň özüni 3-nji maýda zorlanandygyny, jynsy süteme we kemsitmä sezewar edendigini tassyklaýar.
Bu habar Hindistanda Türkmenistanyň dört raýatynyň 4,4 kg möçberinde bikanun altyn söwdasynda tutulandygy barada ýaýran maglumatlaryň yz ýanyna gabat geldi.
Güman edilýän wakalar 3-nji maýda boldy, emma bu ofiseriň iş kabinetine aýry-aýrylykda alnyp gidilen türkmenistanly we özbegistanly aýallar häzirlikçe hiç bir şikaýat etmändir.
Degişli maglumat Hindistanda Türkmenistanyň dört raýaty 4,4 kg möçberindäki bikanun gyzyl söwdasynda tutuldyAdynyň aýdylmazlygyny soran uly derejeli gümrük ofiseriniň neşire aýtmagyna görä, şol bölünişigi wagtynda işlän ofiserlerden sorag edildi we gözegçilik kameralarynyň ýazgylary gözden geçirildi.
Onuň sözlerine görä, derňew 3-nji maýda, ir sagat 1:30 töwereginde Türkmenistandan gelen bir aýalyň Deli aeroportunda häzir işinden çetleşdirilen gümrük ofiseri tarapyndan saklanandygyny görkezýär.
Ofiser ol aýaldan, gaçakçylyk şübhesi bilen baglylykda, jikme-jik barlag geçirilmeginde hyzmatdaşlyk etmegini soralýar. Netijede, türkmenistanly aýalyň ýanyndan altyn zynjyr tapylýar.
“Şondan soň ofiseriň ol aýaly öz iş kabinetine alyp gidişi görünýär” diýip, gözegçilik wideoýazgysynyň materiallaryndan habarly ofiser gürrüň berdi.
“CCTV ýazgylary ol aýalyň ofiseriň iş jaýynyň içinde bir sagada golaý bolandygyny görkezýär” diýip, ofiser aýtdy.
Şeýle-de ol bu ofiseriň şol gün, ir sagat 7:30 töwereginde Özbegistandan gelen ýolagçy aýaly hem saklap, soňra ony öz iş otagyna alyp gidendigini sözüne goşdy.
Bu diýilýän wakalar 3-nji maýda bolupdyr. Emma muňa garamazdan, aeroportda saklanan we erkek ofiseriň iş otagyna ýekelikde alnyp gidilen orta aziýaly zenan ýolagçylardan şikaýat gelip gowuşmandyr.
Degişli maglumat Delide Türkmenistanyň 28 raýaty bikanun gyzyl söwdasynda tutuldyDeli aeroportunyň gümrük komissary Amandeep Singh gürrüňi edilýän ofiseriň 4-nji maýda işden çetleşdirilendgini, onuň garşysyna derňew geçirmegiň buýrulandygyny aýtdy.
“Ol ofiser aýal ýolagçylary aýal ofiserleriň gatnaşmagynda sorag etmek baradaky düzgüni bozandygy üçin işden çetleşdirildi. Şeýle-de bizde käbir jynsy zorluk şikaýatlary bar, emma häzirlikçe subutnama ýok” diýip, Singh aýtdy.
Başga bir ofiseriň aýtmagyna görä, aeroport resmileri türkmenistanly aýal bilen aragatnaşyga çykypdyr, emma özbegistanly aýal eýýäm ýurtdan gaýdan eken.
Neşiriň maglumatyna görä, türkmenistanly aýalyň beren görkezmezi ýazylyp alyndy, ol özüni saklan ofiseriň iş otagynda 40 minut çemesi bolandygyny, soň altyn zynjyry bilen goýberilendigini tassyklady, emma islendik görnüşdäki jynsy zorlugyň bolup-bolmandygy barada soralanda, muny ne tassyklady, ne-de inkär etdi.
Ýolagçy aýallara nädogry çemeleşmekde güman edilýän ofiser bu aýyplamalary ret edýär.
Soňky döwürde türkmenistanlylaryň daşary ýurtlarda altyn gaçakçylygy bilen tutulyşy barada barha kän habar çykýar.
“The Times of India” neşiri 5-nji maýda“Türkmenistanly dört ýolagçynyň, şol sanda üç zenanyň çarşenbe güni aýrybaşga reýslerde Deliniň aeroportuna gelenden soň altyn gaçakçylygy sebäpli saklanandygyny habar berdi. Bu türkmen raýatlarynyň gyzyl gaçakçylygynda aýyplanyp, Hindistanda tussag edilmegi bilen bagly hindi metbugatynda soňky bir ýylyň dowamynda çykan dördünji habar boldy.
Metbugat maglumatlarynda aýdylmagyna görä, aýry-aýrylykda saklanan türkmen raýatlaryndan bikanun geçirmek synanyşygy edilen, umumy bahasy 1 million ABŞ dolalryndan hem geçýän 20 kilogramdan gowrak altyn şaý-sepleri konfiskasiýa edildi.
Türkmenistanly raýatlar Hindisatndan başga Belarus, Azerbaýjan ýaly ozalky sowet respublikalarynda hem altyn gaçakçylygynda tutuldy.
Ýerli synçylar Türkmenistanda walýuta söwdasyna girizilen çäklendirmeleriň ownuk telekeçilik bilen meşgullanýan raýatlary barha kän altyn gaçakçylygyna ýüz urmaga itekleýändigini aýdýarlar.
Ekspertleriň pikiriçe, gaza baý Türkmenistan soňky ýyllarda öz iň agyr ykdysady kynçylyklaryny başdan geçirýär we bu ýagdaý ilat arasynda maşgala eklmek üçin her hili töwekgelçiliklere baş goşýan raýatlaryň köpelmegine alyp gelýär.