“Azatlygyň” ýurt içindäki habarçylary walýuta konwertasiýasynyň çäklendirilmegi netijesinde kyn ýagdaýda galan türkmen telekeçileriniň ýurtda öndürilýän dokma önümlerini goňşy ýurtlara, şol sanda Özbegistana, Azerbaýjana we Gazagystana äkidip, ýerine azyk önümlerini alyp gelmäge barha kän ýykgyn edýändiklerini habar berýärler.
Soňky aýlarda türkmenler goňşy Gazagystana, türkmen uçarynda gelip bolýan az sanly ýurtlaryň birine gaçak dokma önümlerini getirmäge has köp ýykgyn edip başladylar diýip, “Türkmenhowaýollaryndaky” çeşme “Azatlygyň” habarçysyna gürrüň berdi.
Şu aralykda “Roýters” habar agentligi energiýa eksportlary çäklendirilen türkmenleriň “elsüpürgiç gaçakçysyna öwrülýändigini” habar berdi.
“Ykdysady çataklyga düşen ugurtapyjy türkmenler goňşy Gazagystana elsüpürgiç, ýassykdaşyy, ýorgandaşy, düşeküsti ýaly zarlary daşap, güzeran aýlajak bolýarlar” diýip, halkara habar gullugynyň Almatydaky habarçysy 23-nji aprelde ýazdy.
Onuň sözlerine görä, näresmi söwdagärleriň ala-mula hytaý sumkalaryna salyp getirýän ýükleri wagtal-wagtal aeroportuň ýolagçy ýükleriniň alynýan ýerinde dyknyk, böwet döremegine sebäp bolýar.
Uzyn milli köýnek geýnen, başlary gyňaçly, 45-50 ýaşlaryndaky türkmen aýallary Aşgabatdan Almaty şäherine gelýän her reýsde diýen ýaly kän ýük getirýär diýip, habarda aýdylýar.
“Azatlyk” radiosy 28-nji martda Ýewgeniý Kanşin atly ýolagçynyň düşüren wideosyny çap etdi we ol wideoda“Türkmenhowaýollarynyň” 18-nji martda Aşgabatdan Almaty şäherine amala aşyran reýsinden soň, gazak aeroportynyň ýolagçy goşlaryny paýlaýan bölüminde emele gelen kadasyz ýagdaý görkezilýär.
Şol bir wagtda, türkmen uçarynda gelmeli ýükleriň köpüsiniň wagtynda gelmän, ýolagçylar üçin goşmaça alada döredýändigi aýdylýar.
Mundan öň türkmen raýatlarynyň Azerbaýjanda, Hindistanda gaçak mallar, şol sanda altyn-kümüş bilren tutulandygy barada hem habarlar çykdy.
“Türkmenhowaýollaryndaky” çeşmäniň “Azatlyk” radiosynyň habarçysyna anonim ýagdaýda beren maglumatyna görä, näresmi söwdagärleriň Aşgabat aeroportunyň üsti bilen daşaryk çykarýan önümlerine esasan ýörite gulluklaryň işgärleri ýol açýar ýa-da şolaryň kömegi bolmasa, bu işi beýle aňsat edip bolmaýar.
“Häkimiýetler halkyň güzeran ýagdaýlaryny mümkin boldugyça agyrlaşdyryp, olary ugran ugurlarynda özlerine para bermäge mejbur etjek bolýarlar, bu olaryň düşewüntli biznesine öwrüldi” diýip, aeroportdaky çeşme aýtdy.
Netijede, ýurtda öndürilýän az sanly ýerli önümler dükanlarda bahasy zor bilen arzan saklanylýan harytlar bolup, olary hümmeti barha aşak gaçýan manatda satyn almak we dollaryň “gara bazar” nyrhlaryndan satmak bilen gazanylýan puluň bir bölegi ýörite gulluklaryň işgärleriniň jübüsine düşýär diýip, bu ýagdaýy öwrenen çeşmä habarça aýtdy.
Şu aralykda Türkmenistanyň türk häkimiýetleri bilen bilelikde işläp, Türkiýede ýaşaýan we işleýän zähmet migrantlaryny hem has berk yzarlap başlandygy belli boldy.
“Azatlyk”radiosy mundan öň Türkiýede bikanun ýagdaýada ýaşaýan türkmenistanly zähmet migrantlarynyň kynçylyklary barada köp maglumat berdi we, şeýle kynçylykara garamazdan, Türkiýe türkmen zähmet migrantlarynyň nähilem bolsa baryp we işläp, gazanç edip bilýän az sanly ýurtlarynyň biri bolmagynda galýar.
Emma indi, “Türkmenistanyň Hronikasy” neşiriniň ýazmagyna görä, “Türkmenhowaýollarynyň” Stambuldan Aşgabada gelýän uçarlarynyň hersinde Türkiýeden deportasiýa edilen onlarça türkmen yzyna gelýär.
Neşiriň maglumatyna görä, deportasiýa edilen türkmenler, şol sanda Türkiýede kanuny ýagdaýda işläp, ýurduna toýa-beýlekä gaýdan türkmenler hem aeroportda ençeme sagat saklanyp, berk sorag edilýär.
Deportasiýa edilen türkmenlere deportasiýa harajatlaryny tölejekdikleri hakynda dilhaty ýazdyrylsa, kanuny esada işleýän türkmenlere yzlaryna, Türkiýä dolanan wagtlarynda problemalarynyň boljagy duýdurylýar.
Ýerli synçlar, şol sanda hukuk goraýjy Farid Tuhbatullin türkmen häkimiýetleriniň bu görýän çäreleriniň halkyň ýagdaýyny has-da agyrlaşdyrýandygyny aýdýarlar.
“Bu görülýän çäreler ýagdaýa diňe ýaramaz täsir ýetirýär diýip bolar, sebäbi hökümet eýýäm uzak wagt bäri sosial problemalaryň çözgüdi bilen meşgullanmaýar, oňa derek diňe Türkmenistandaky adamlaryň däl, eýsem daşaryk çykmaga ýetişen we şeýdip ýurt içindäki garyndaşlaryna kömek edýän raýatlaryň hem ýagdaýyny çylşyrymlaşdyrýar” diýip, adam hukuklaryny goraýan “Türkmen inisiatiwasy” toparynyň başlygy F. Tuhbatullin Wenadan telefon arkaly “Azatlyk radiosyna beren gürrüňinde aýtdy.
Onuň pikiriçe, bu ýerde ýeke-täk çözgüt belki-de “hökümet ýüzüni adamlara tarap öwürmeli we olaryň esasy problemalaryny öwrenmeli, olary çözmäge çalyşmaly, iş ýerlerini döretmeli, gerek bolsa, daşary ýurt ekspertlerinden kömek soramaly”.
Emma hukuk goraýjy türkmen häkimiýetleriniň bu hili ukyplarynyň bardygyna ynanmaýar.