Ketrin Putzuň (Catherine Putz) awtorlygynda çap edilen makalada Russiýanyň türkmen gazyna täzeden isleg bildirmeginiň mümkin bolan sebäpleri hem-de iki ýurduň arasynda golaýda dikeldilen söwdanyň käbir detallary bellenilip geçilýär.
“Geçen oktýabrda S&P Global tarapyndan sitirlenen analitikler [bu söwdanyň dikeldilmeginiň aňyrsyndaky] mümkin bolan syýasy motiwasiýalara ünsi çekdiler – Transhazar gaz geçirijisini ýoldan çykarmaga synanyşmak” diýip, awtor ýazýar.
Russiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky soňky ylalaşygyň jikme-jiklikleri mälim edilmeýär. “The Diplomat” täze geleşikde Gazpromyň türkmen gazynyň 1000 kub metrine 110 dollar tölemegi teklip edendigini, “Eurasianet” neşirine salgylanyp habar berýär. Bu maglumaty energiýa habarlaryny çap edýän bakuwly bir internet saýtyna salgylanyp ýetiren “Eurasianet” täze nyrhy “masgaraçylykly pes baha” atlandyrýar.
Degişli maglumat ‘Gazprom’ 30-njy iýuna çenli 1,155 milliard kub metr türkmen gazyny satyn almagy planlaşdyrýar“Käbir çeşmelere görä, Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky soňky ylalaşyk gysga möhletli kontrakt bolup, ol 2019-njy ýylyň iýul aýynyň aýagyna çenli dowam eder. Apreliň ortalarynda käbir rus media habarlarynda gazyň göwrümi 1.1 milliard diýlip aýdyldy” diýip, “The Diplomat” ýazýar.
15-nji aprelde çap eden beýanatynda Russiýanyň “Gazprom” kompaniýasy Türkmenistandan 2019-njy ýylyň 30-njy iýunyna çenli 1,155 milliard kub metr gazy satyn almagy planlaşdyrýandygyny aýtdy.
23-nji aprelde “The Jamestown Foundation” aň-düşünje guramasy hem öz websaýtynda “Uzaga çeken säginişikden soň, Gazprom Türkmenistandan edýän importyna täzeden başlaýar” ady bilen Wladimir Sokoryň awtorlygynda syn çap etdi.
Makalada häzirki wagtda Türkmenistanyň Russiýa bilen edýän söwdasyndan gijikdirmezden girdeji görmek isleýändigi aýdylýar.
2010-njy ýylda Russiýanyň ornuny Hytaý eýeleýänçä, “Gazprom” türkmen gazyny iň köp import edýän kompaniýady.
“Reuters” habar agentliginiň 16-njy aprelde çap eden habaryna görä, 2009-njy ýyla çenli Türkmenistan Russiýa ýylda 40 milliard kub metr tebigy gazy eksport edýärdi.
Degişli maglumat Russiýa türkmen gazyny täzeden import edip başlady2015-nji ýylda “Gazprom” kompaniýasy Türkmenistandan import edýän gazynyň möçberini ýylda 11 milliard kub metrden 4 milliarda çenli azaltmak baradaky planyny yglan edipdi.
2016-njy ýylyň 4-nji ýanwarynda “Türkmengaz” döwlet konserni Russiýanyň “Gazprom” kompaniýasynyň türkmen gazyny satyn almagy bes edýändigini mälim etdi.
Türkmenistan tebigy gaz baýlygy taýdan dünýäde dördünji orny eýeleýänem bolsa, ony eksport etmekde käbir kynçylyklary başdan geçirýär. Resmi Aşgabat 2017-nji ýylda Eýrana gaz akdyrmagyny bes edip, häzirki wagt Russiýa bilen gaz söwdasyny täzeleýänçä, diňe bir alyja, ýagny Hytaýa garaşly bolup galýardy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383. Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.