Migrantlar Aşgabatdan güwänama almagyň kynlaşýandygyny, basyşyň güýçlenýändigini aýdýarlar

Stambul. Migrantlaryň protesti. Arhiw suraty

Daşary ýurtlarda, hususan-da Türkiýede ýaşaýan we işleýän türkmen raýatlarynyň Türkmenistandan sud edilmändikleri hakynda güwänama almagy barha çylşyrymlaşdyrylýar we gymmatladylýar.

Mundan ozal raýatlar, düzgün boýunça, sud edilip-edilmändigi baradaky dokumenti Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň maglumat bölüminden alyp bilýärdiler. Emma indi ol ýerde beýle dokumenti ele bermegiň gadagan edilendigini aýdýarlar diýip, “Azatlygyň” habarçysy habar berýär.

Mundan başga, daşary ýurtlardaky türkmen raýatlary bu meselede türkmen DIM-niň hyzmatyndan hem peýdalanyp bilýärdiler. Emma, habarçynyň maglumatyna görä, türkmen DIM-niň kanselýariýasy indi raýatyň bu hili möhümiüçin IIM-eýüz tutmaýandygy barada bildiriş asylyp goýuldy.

Degişli maglumat Türkmenistan daşary ýurtlarda ýaşaýan raýatlaryny zerur dokumentlerden mahrum edip bilermi?

Bu habar mart aýynyň ortalarynda Ankarada Türkmenistanyň we Türkiýäniň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda geçirilen syýasy geňeşmeleriň yz ýanyna gabat geläýr. Türkmen DIM-niň resmi websaýtynda habar berilmegine görä, 13-nji martda Ankarada Türkmenistanyň we Türkiýäniň raýatlarynyň özara gelip gitmek meseleleri hem aýratynlykda ara alnyp maslahatlaşyldy.

Bu habardan biraz soň, “Türkmenistanyň Hronikasynyň” ýazmagyna görä, türk polisiýasy 21-nji martda Stambulda kanuny esasda işleýän türkmen zenanlaryny we erkeklerini saklap, olary öňünden taýynlanan we bikanun işler bilen meşgullanýandyklaryny tassyklaýan dilhatylara gol çekdirmek synanyşygyna başlady.

Aýdylmagyna görä, bu çäre Türkmenistanyň Türkiýedäki konsullygynyň işgärleri hem goşulýar we olar Türkiýede işleýän türkmen raýatlarynyň ýurda dolanmagy üçin psihologiki basyş görkezýärler.

“Azatlyk” radiosy Türkiýedäki türkmen konsullygynyň işgärleriniň zähmet migrantlaryna edýän basyşlarynyň güýçlendirilýändigi barada mundan öň geçen ýylyň maý aýynda habar berdi.

2018-nji ýylyň maýynda “Azatlygyň” habarçysy bilen anonim şertde gürleşen türkmen raýatlarynyň gürrüň bermeklerine görä, Türkiýede ýaşaýyş ýa-da zähmet rugsadyny almak isleýän türkmen migrantlarynyň käbiri Türkmenistanyň Stambuldaky konsullygyna zerur dokumentleri soramaga baranda,ol ýerde berk soraga çekildi.

Şondan öň, aýdylmagyna görä, Stambulyň Migrasiýa edarasy türkmen migrantlarynyň öz ýurdunda sud edilip, edilmändigi baradaky resminamany Türkiýäniň kazyýetinden getirmegini soraýan eken.

Degişli maglumat Migrantlar Stambulyň migrasiýa edarasynyň öňünde protest geçirdi

“Soňky üç aýdan bäri ol resminamany öz ýurduňdan, konsullygyň üsti bilen almagy talap edýärler” diýip, Türkiýede ýaşaýan türkmen migranty geçen ýylyň maýynda aýtdy.

Onuň sözlerine görä, konsullyk öz ýurdundan şeýle resminamany soraýanlardan şol wagt 9 amerikan dollary möçberinde döwlet tölegini alýardy. Emma indi, “Azatlygyň” habarçysynyň 17-nji aprelde beren maglumatyna görä, konsullyga bu ugurdaky hyzmatlary üçin 30 dollar möçberinde töleg tölemek talap edilýär.

“Indi sud edilip-edilmändigiň baradaky güwänamany diňe konsullygyň üstünden almaly. Mundan başga, goşmaça kynçylyklar hem döredilýär, konsul "näme üçin seniň özüňe ýurtda güwänama berenoklar, munuň bir sebäbi bar bolmasyn?" diýip, basyş bilen sorag edýär” diýip, habarçy bilen gürleşen türkmen migranty aýtdy.

Degişli maglumat Türkmenistanda howp abanýandygyny aýdýan türkmen Türkiýeden deportasiýa edilýär

Türkiýe, Türkmenistandaky ykdysady kynçlyklar, işsizligiň barha köpelmegi bilen baglylykda, türkmen zähmet migrantlarynyň iň köp ýykgyn edýän ýurtlarynyň biri bolup durýar. Emma ýurtdan daşary ýurtlara işlemäge gidýänleriň sany-da, işsizlik baradaky maglumatlar-da Türkmenistanda açyk çap edilmeýär.

Şol bir wagtda, Türkiýede ýaşap, Birleşen Milletler guramasynyň bosgunlar edarasyna ýüz tutýan, üçünji bir ýurtdan oturym almaga synanyşýan türkmenistanylar hem bar.

Mysal üçin, 2016-njy ýylda BMG-niň bosgun durumyny alan 32 ýaşly türkmen Rüstem Ýusubow ýanwar aýynyň aýagynda özüniň Türkmenistana iberilmek üçin tussag edilendigini aýdyp, “Azatlyk” radiosyna habar ýetirdi we şondan bäri onuň ykbaly nämälim bolmagynda galýar.

Degişli maglumat Türkiýede talyplar jemgyýetini döreden student Türkmenistanda tussaglykda saklanýar

Ondan öň, 2018-nji ýylyň fewralynda Türkiýede okaýan türkmen studenti Omriuzak Omarkulyýew Türkmenistana aldaw ýoly bilen alnyp gidildi we iýun aýynda uzak möhletli türme tussaglygyna höküm edildi.

Türkiýede türkmen studentleriniň jemgyýetini döreden ýaş aktiwist Türkiýäniň Gorkut Ata adyndaky Osmaniýa uniwersitetiniň ikinji kursunda okaýardy we geçen ýylyň ýanwarynda öz alyp barýan işleri we maksatlary hakynda “Azatlyk” radiosyna gürrüň beripdi.