90-njy ýyllardaky 'ştat kemeltme oýnunyň' mekdeplere gaýdyp gelmeginden howatyr edilýär

Täze okuw ýylynyň dabarasyna gatnaşyjylar

Türkmenistanda, prezidentiň 1-nji martda gol çeken karary esasynda, umumybilim edaralary hakyndaky düzgünnama üýtgetmeler girizildi, ýerli synçylar 1990-njy ýyllaryň başynda başlanan köpçülikleýin ştat kemeltmeleriň gaýtalanmagyndan alada bildirýärler.

TDH-nyň maglumatyna görä, “kadalaşdyryjy namalardaky üýtgetmelere laýyklykda, ...umumybilim okuw maksatnamasyny kesgitlenen möhletinden gysgaldylan möhletde özleşdirmäge mümkinçilik döredilýär”. Metbugatda bu kararyň mekdep mugallymlarynyň iş sagatlaryna ýa-daiş orunlaryna ýetirmegi mümkin täsirleri anyklaşdyrylmaýar.

Ýerli synçylar prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ozal ýatyran Halk maslahatyny dikeldişi, ozal dikelden Ylymlar akademiýasyny döwlet maliýleşdirmesinden kesmek kararyna gelşi ýaly, öňki prezident Saparmyrat Nyýazow döwründe gysgaldylan okuw möhletlerini uzaltmak barada kabul eden kararyny hem açyk aýtmazdan yzyna almagynyň ahmaldygyny öňe sürýärler.

Azatlygyň habarçysy bilen anonim şertde gürleşen aşgabatly mugallymyň pikiriçe, Türkmenistanda dowam edýän ykdysady kynçylyklar indi, S.Nyýazow döwründe bolşy ýaly, pedagoglary hem başga gazanç gözlemäge mejbur etjege meňzeýär.

Degişli maglumat BMG-niň hasabatyna görä, Türkmenistanda işsizligiň derejesi 3.3 %, ýöne çeşmeler munuň has ýokarydygyny aýdýar

Mekdepler bilen bagly karar ýurtda ylmy-barlag institutlarynyň hojalyk hasaplaşygyna geçirilmegi we ozal döwletden aýlyk alan ylmy işgärleriň üçden biriniň işini ýitirjegi baradaky habarlaryň yz ýanyna gabat geldi.

Synçylar Türkmenistanda 90-njy ýyllaryň başyndan başlanan ştat kemeltmeleriň gaýtadan yzyna gelýändigini, “ýolbaşçylaryň ozalky oýnalan oýny gaýtalamakdan başga çäre tapmandygyny” aýdýarlar.

“2019-njy ýyl işsizligiň köpelmeginiň täze tolkunlary bilen başlandy we bu ýagdaý bir tarapdan garaşsyzlygyň başky ýyllaryndaky işsizlik tolkunlaryny ýatlatdy, taryh gaýtalanýar” diýip, aşgabatly ýazyjy Amanmyrat Bugaýew Azatlyk bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

Onuň sözlerine görä, Türkmenistanyň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazow sowet döwründe döwlet eýeçiliginde bolan edara-kärhanalaryň döwletiň boýnundan aýrylmak zerurlygyny bazar ykdysadyýetine geçilmegi bilen düşündirdi we bu işi döredijilik birleşiklerini aldaw ýoly bilen ýapmakdan, olaryň ýolbaşçylaryny birbada öz ugurlary boýunça başga işlere ýerleşdirip, soňol işlerinden hem çetleşdirmekden başlady. Bugaýew bu sözüni ýazyjylar, kompozitorlar,teatr işgärleri, kinoçylar birleşikleri barada görlen çäreleriň mysalynda delillendirdi.

Degişli maglumat Balkan welaýatynda 300 iş orny boş dur, iş berijiler propiska soraýar

“Emma Nyýazow bu oýny Hudožnikler birleşigi bilen oýnap bilmedi, olar oňa “Biz bilen işiň bolmasyn, biziň döwletden mätäç zadymyz ýok, gerek bolsa çeperçilik fondumyzyň üstünden hem eklenip bilýäris” diýip, göni aýtdylar. Netijede, jemi sekiz döredijilik birleşiginiň ýedisi, Hudožniler birleşiginden başgasy, döwlet reýestrinde 1999-njy ýyla çenli saklanan hem bolsa, 1993-94-nji ýyllarda ýapylyp, ýok edildi” diýip, Bugaýew aýtdy.

Şeýle-de Nyýazow, döredijilik işgärlerine başda, “siz maňa gerek” diýýän wagty Berzeňňiniň ýokarsyndan beren bag uçastoklaryny hem yzyna aldy we by çemeleşme diňe döredijilik işgärlerine degişli bolmady.

Iş orunlarynyň ýapylmagy mekdeplerde okuw ýyllarynyň 10 ýyldan 9 ýyla, ýokary okuw jaýlaryndaky okuw möhletleriniň käsiniň 2, beýlekileriniň 2,5, 3 ýyla getirilmegi, müňlerçe magaryf işgäriniň iş sagatlaryny ýitirmegi bilen dowam etdi.

“Garaşsyzlygyň başky ýyllaryndahususy çagalar baglaryny açmaga rugsat etdiler, emma olary uzaga gidermän ýapdylar we şindi hem adamlara hususy eýeçilikdäki çagalar baglaryny açmaga rugsat bermeýärler” diýip, anonim şertde gürleşen magaryf işgäri Azatlygyň habarçysyna aýtdy.

Degişli maglumat Işsizlik we gymmatçylyk ogrulyk hadysalarynyň ‘artmagyna getirýär’

Bugaýewiň maglumatyna görä, Ylymlar akademiýasynyň birnäçe instituty Ministrler kabinetiniň ýanynda saklanyp, beýleki institutlar ýapylan wagtyndamedisina ylymlarynyňYlymlar akademiýasy, oba hojalyk ylymlarynyň Ylymlar akademiýasy hem ýapyldy.

“Işsizleriň armiýasy” diýilýän oba, etrap ýerlerinde ýerleşýän saglyk öýleriniň, keselhanalaryň ýapylmagy ýa-da iş orunlarynyň gysgaldylmagy bilen, lukmanlaryň hasabyna hem ulaldyldy. Bu syýasat oba ýerlerindäki saglyk öýleriniň, medeniýet merkezleriniň, kitaphanalaryň öz-özünden dargap gitmegine getirdi. Netijede, garaşsyzlygyň başky 6-7 ýylynda ozal işläp ýören adamlaryň bolmanda 50 prosenti işini ýitirdi” diýip, A.Bugaýew öz hasaplamalaryna salgylanyp aýtdy.

Türkmenistanda ozalky bar bolan iş orunlarynyň köpüsiniň ýapylmagy meseläniň diňe bir tarapy boldy we bu bir tarapdan, bazar ykdysadyýetine geçilmegi nukdaýnazardan, heňe gelmän hem durmaýardy. Emma adamlaryň bazar ykdysadyýeti şertlerinde gazanç etmek, kanun esasynda öz işlerini gurmak we giňeltmek islegleri hem kän ýol almady diýip, synçylar aýdýarlar.

“Adamlara öz hususy kärhanalaryny döretmäge kömek bermekden geçen, Türkmenistan garaşsyz ýurt bolanyndan soň, SSSR-däki üýtgedip gurmak zamanynda kanuny esasda döredilen kiçi kärhanalaryň müňe golaýy ýapyldy” diýip, Bugaýew aýtdy.

“Işini ýitiren lukmanlar, saglyk işgärleri özara birigip, “Paraha” etrapçasynda gurlan dokuz gaýt jaýlaryň ýarym ýerzeminlerini kärendesine alyp, hususy eýeçilikde işleýän kesel anyklaýyş merkezlerini açdylar; mysal üçin, Parahat -2/1 mikroraýonynyň 23-nji jaýynyň ýerzemininde “Puls” diýen at bilen açylan hususy poliklinika, keselleri anyklaýyş merkezi bardy, bu ýerde ylymlaryň kandidatlary, doktorlary hem işleýärdi, emma olary uzak işletmediler” diýip, bu etrabyň ýaşaýjylarynyň biri anonim şertde pikirini paýlaşdy.

Şeýle-de aşgabatlylar paýtagtda birbada, bazara geçilýär diýlenden soň, 20 töweregi hususy diş bejerilýän nokatlaryň açylandygyny, emma soň olaryň hemmesiniň ýapylandygyny gürrüň berdiler.

Sowet döwründe döwlet eýeçiligindäki neşirlere we neşirýatlara garaşly bolan ýazyjy-şahyrlar, bazar ykdysadyýeti ideýalaryndan ruhlanyp, birbada ýüze golaý hususy neşirýat döretdiler. Bu hususy neşirýatlaryň tas ählisi 1996-njy ýyla çenli ýapyldy diýip, bu işiň içinde bolan ýazyjylaryň birnäçesi Azatlyk bilen özlerindäki maglumatlary paýlaşdy.

“Diňe häkimiýetleriň ýumuş oglany bolan 3-4 sany hususyneşirýat alnyp galyndy, olara döwlet tabşyryklary we beýleki her hili goldaw berildi” diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran ýazyjy aýtdy. Onuň sözlerine görä, ýapylan neşirýatlary “öz material bazaň ýok” diýen bahana bilen ýapdylar, emma ýapylmadyk hususy neşirýatlaryň hem öz çaphanalary ýokdy.

“Ine, häzir 1-nji aprele çenli medeniýet işgärleriniň ortaça 15 prosente golaýy işden boşadylmaly, çaklamalara görä, alty aýyň dowamynda ýurt raýatlarynyň ýene 20-30 prosent çemesiniň “işsizleriň armiýasyna” goşulmagyna garaşylýar” diýip, Bugaýew aýdýar.