Azatlyk radiosynyň habarçysy bilen söhbetdeş bolan aşgabatlylar döwlet eýeçiligindäki “Türkmentelekom” kompaniýasynyň kabel-telewideniýe hyzmatynyň tölegleriniň ýyl-ýyldan ýokarlanmagyndan we hiliniň ýaramazlaşmagyndan, üstesine, töleg gijikmesi bahanasy bilen onuň yzygiderli kesilmeginden şikaýat edýärler.
“2009-njy ýylda ýaşaýajylaryň gurduram hususy çanak antennalaryny aýyrdyryp, adamlary kabel-telewideniýesiniň hyzmatlaryna geçmäge mejbur edenlerinde, kabel-TW-sniň her nokady üçin aýda 2,87 manat tölemelidi. 2012-nji ýyldan başlap bu töleg 5 manada çykaryldy. 2018-nji ýylyň awgust aýyndan başlap bir nokat üçin tölenýän tölegi 10 manada çykardylar” diýip, 70 ýaşyndaky aşgabatly diňleýjimiz Azatlygyň habarçysyna aýtdy.
“Türkmentelekom” jaýlaryň girelgelerine ýelmenen, poçta çeleklerine taşlanan bildirişler arkaly kabel-telewideniýesiniň müşderleriniň töleglerini aýba-aý tölemelidigini, ýogsa onuň kesiljekdigini duýdurýar.
Degişli maglumat Aşgabatda kabel telewideniýe 'kadaly işlemeýär'“Tölegleri her aýyň başynda tölemeli, eger fewralyň 1-ne tölegiň tölenmedik bolsa, ony şol gün kesýärler, emma tölegiňi tölän badyňa birikdirmän, iki-üç gün garaşdyrýarlar. Iň ýamany, tölegiň tölenen wagtynda hem kabeliňi kesýän wagtlary bolýar. Emma barsaň, ýalňyşlyk bolandyr, serederis” diýip, ýene iki-üç gün telewideniýesiz goýýarlar” diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran pensioner aýtdy.
“Eger-de kabeliňi basymrak düzetmegi haýyş etseň, “biz siziň haýsy biriňize ýetişeli, işgär sanymyz az” diýýärler” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.
Mundan başga, kabel-tw hyzmatynyň gar-ýagmyrly, ýelli günlerde ýygy-ýygydan kesilýändigi ýa-da köplençrus kanallaryna tomaşa edip bolmaýandygy habar berilýär.
Aýdylmagyna görä, şäher ýerlerinde köp adam rus TW-sine, oba ýerlerinde bolsa türk tw-sine tomaşa edýär. Eger-de müşderi rus kanallary işlänok diýse, olara “Orsýetiň özi kod bilen aňyrdan ýapýar, biziň edip biljek zadymyz ýok” diýip jogap berýärler.
Azatlyga özüni Atamyrat diýip tanadan aşgabatly ýaşaýjy bulary bahana hasaplaýar. Onuň pikiriçe, “kabel-telewideniýesiniň ýygy-ýygydan kesilmegi adamlaryň rus tw-sine tomaşa etmeginiň öňüni almak, olary türkmen tw-sini görmäge mejbur etmek üçin tapylan emel bolsa gerek".
“Sebäbi häkimiýetler türkmen telewideniýesine köp adamyň seretmeýändigini gowy bilýärler, kabel-TW hem çanak antennalaryň gününe düşüp barýar" diýip, ol aýtdy.
Degişli maglumat Türkmenistanda çanak antennalary satuwdan aýryldyBu pikir bilen Gurbangeldi atly 50 ýaşly aşgabatly hem ylalaşýar.
“Eger ogrynça, gazanç üçin işleýän tehnikleri çagyrsaň, kesilen rus kanallaryny derrew dikeldip berýär. Emma indi olaryň hem tölegi ýokarlanýar. Mysal üçin, kabel telewideniýesini sazlap, başga ýurtlaryň 10-12 tw kanalyny açyp beren tehnikler 2009-njy ýylda öz hyzmatlary üçin 30 manat alan bolsa, 2012-18-nji ýyllarda 50 manat aldylar, häzir olar bir çakylyk üçin 100 manat soraýarlar” diýip, Gurbangeldi gürrüň berdi.
Azatlyk radiosy “Türkmentelekomuň” Aşgabatdaky edarasyna telefon edip, müşderileriň şikaýatlary, hususan-da ýaşaýjylaryň rus telekanallaryndan kesilip, türkmen kanallaryny görmäge mejbur ediljek bolşy barada aýdýanlary hakynda düşündiriş almaga çalyşdy. Emma telefony alan işgär “ýok, biz düşündiriş berip biljek däl” diýip jogap berdi.
Hukuk goraýjy aktiwistler we halkara guramalary Türkmenistany ilatyň maglumat almak mümkinçiliklerini çäklendirmekde yzygiderli tankyt edýärler.
Şol bir wagtda, Türkmenistanyň konstitusiýasy raýatlaryň erkin maglumat almak hukuklaryny doly kepillendirýär, bu barada 42-nji maddada şeýle diýilýär: “Her bir adamyň döwlet ýa-da kanun arkaly goralýan gaýry syrlary özünde saklaýan maglumatlardan başga maglumatlary kanunda gadagan edilmedik usulda erkin gözlemäge, almaga we ýaýratmaga hukugy bardyr.”