Tramp Kongresde ýarag ylalaşygyndan çykmak baradaky kararyny gorap, Eýrany tankytlady

Donald Tramp

Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Tramp Kongresde eden we esasan içeri meselelere gönükdirilen çykyşynda ýaraglara kontrollyk boýunça Orsýet bilen baglaşylan ylalaşykdan çykmak baradaky kararyny gorap, Eýrany “radikal režim” diýip tankytlady.

Trampyň ýurduň ýagdaýy boýunça 5-nji fewralda eden çykyşy onuň administrasiýasynyň noýabrda geçen aralyk saýlawlarda Wekiller öýüniň kontrollygyny ele geçiren Kongresdäki demokratlar bilen täze güýç synanyşygyna taýýarlanýan mahalyna gabat gelýär.

Ak tam bilen demokratlaryň arasyndaky barha artýan dartgynlylyk ýaňy hökümet işleriniň 35 günläp bölekleýin togtadylmagyna getirdi. Muňa Trampyň Birleşen Ştatlar bilen Meksikanyň aralygyndaky serhete çekmegi niýetleýän diwaryny maliýeleşdirmegi demokratlaryň ret etmegi sebäp boldy.

Taraplaryň hökümet işlerini maliýeleşdirmek boýunça ylalaşmagy üçin 15-nji fewrala çenli wagt möhleti bar. Bu bolman halatynda hökümet işleriniň ýene-de togtadylmagy mümkin.

Syýasy synçylaryň aglabasy Tramp diwar gurluşygyny ilerletmek üçin milli adatdan daşary ýagdaý girizmek bilen haýbat atar diýip çaklapdylar.

Ýöne Tramp 82 minutlyk çykyşynda muny etmän, özüniň bikanun immigrasiýa Birleşen Ştatlar üçin howply diýýänini gaýtalady.

Tramp öz administrasiýasynyň, şeýle hem käbir ýaranlarynyň garşysyna geçirilmegi mümkin jenaýat derňewlerini ýurduň soňky wagtlarda eden güýçli ykdysady ösüşi bilen baglanyşdyrmaga synanyşyp, bu derňewleri “gülkünç partizan derňewleri” diýip atlandyrdy.

Görlen beýleki çäreler bilen bir hatarda, salgydyň 1.5 trillion dollar aşakladylmagy netijesinde ykdysadyýetiň ösmegi we işsizliki derejesiniň peselip, 4 prosente gelmegi Trampyň iki ýyl iş başyndaky döwrüniň iň aýdyň nokatlarynyň biri bolup durýar.

Degişli maglumat Senat ABŞ güýçleriniň Owganystandan, Siriýadan çykarylmagyna garşy çykdy

Tramp: “Birleşen Ştatlarda ykdysady keramat bolup geçýär. Muny togtadyp biljek ýeke-täk zat – akylsyz uruşlar, syýasatlar ýa-da gülkünç partizan derňewleridir” diýdi.

“Asudalyk we kanunçylyk bolmaly bolsa, uruş we derňew bolup bilmez. Iş beýle ýol almaýar” diýip, Tramp aýtdy.

Trampyň çykyşynda Orsýetiň ady köp agzalman , prezident oňa diňe 1987-nji ýyla degişli Orta aralykly ýadro güýçleri baradaky şertnamanyň çäginde salgylandy.

“Biz geleşigi harpma-harp ýerine ýetirsek, Orsýet onuň şertlerini öwran-öwran bozdy. Ençeme ýyllap, şeýle dowam edip gelýär” diýip, Tramp aýtdy.

Tramp: “Belki-de, Hytaýy we beýlekileri-de goşup, başga bir ylalaşyk hakda gürleşip bileris, ýa bilmeris. Nähili-de bolsa, çykdajyda we innowasiýada beýlekileriň hemmesini yzda galdyrarys” diýdi.

1-nji fewralda Ak tam özüniň şertnamadan çekilýändigini aýdanyndan bir gün soňra Moskwa-da ylalaşykdan çykýandygyny yglan etdi.

Tramp Tährana berk ritorika bilen salgylanyp, ony “radikal režim” diýip atlandyrdy, Tähran hiç haçan atom ýaraglaryny edinip bilmez diýip wada berdi.

“Olar ýaman işleri edýärler” diýip, Tramp aýtdy.

Prezident 2015-nji ýylda Tähran bilen baglaşylan ýadro ylalaşygyndan çekilmek baradaky kararyny gorady.

“Meniň administrasiýam terrory maliýe taýdan goldamakda ýolbaşçy bolan döwlete – Eýrandaky radikal režime - garşy durmakda aýgytly hereket etdi” diýip Tramp belledi.

Prezident: “Bu korrumpirlenen diktaturanyň atom ýaraglaryny hiç haçan edinip bilmezligini üpjün etmek üçin Birleşen Ştatlary Eýran bilen baglaşylan ýadro ylalaşygyndan çykardym. Geçen güýz bir ýurduň garşysyna gönükdirilen iň berk sanksiýalary girizdik”.

Eýran özüniň atom ýaraglaryny öndürmek niýetiniň bardygyny inkär edip, programmalaryň parahatçylykly häsiýetlidigini aýdýar.

Trampyň 2016-njy ýyldaky saýlawda kandidat hökmünde tankytlan ýene bir zady amerikan ýaragly güýçleriniň Yrakdaky, Owganystandaky we soňky wagtlarda hem Siriýadaky uruşlarda söweşmegi bolupdy.

Degişli maglumat Pompeo: ABŞ Siriýany “eýran goşunyndan saplamak” isleýär

Ol 5-nji fewralda eden çykyşynda amerikan esgerlerini Owganystandan we Siriýadan çykarmak baradaky kararyny agzap geçdi. Prezident geçen 19 ýylyň içinde Owganystanda we Yrakda 7 müňe golaý amerikan ölüp, 52 müňden agdyk amerikan ýaralandy diýdi.

Ol şeýle hem Birleşen Ştatlaryň Ýakyn Gündogarda 7 trillion dollardan agdyk çykdajy edendigini belledi.

“Men prezidentlige kandidatkam täzeçe çemeleşmegi wada berdim. Beýik milletler soňsuz uruşlarda söweşýän däldir” diýip, Tramp aýtdy.

“Owganystanda meniň administrasiýam birnäçe owgan toparlary, şol sanda Talyban bilen konstruktiw gepleşikler alyp barýar. Bu gepleşiklerde öňe gidişlik etsek, onda öz esgerlerimiziň sanyny azaldyp, ünsi terrorizme garşy göreşe gönükdirip bileris” diýip, Tramp belledi.

Tramp: “Ylalaşyga gelip biljegimizi bilemzok, ýöne 20 ýyla çeken uruşdan soňra parahatçylyk üçin hiç bolmanynda bir tagalla edere wagt bolandygyny bilýäris”.

Tramp Demirgazyk Koreýa bilen hem parahatçylyk ylalaşygyna ymtylyp, bu ýurduň lideri Kim Jong Un bilen ozal bir gezek duşuşdy. Ol çykyşynda ikinji duşuşygyň hem 27-28-nji fewralda Wýetnamda geçirilmeli edilendigini aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.