Respublikanlaryň ýolbaşçylygyndaky ABŞ-nyň Senaty Siriýadan we Owganystandan goşunlary çykarmak baradaky planlara garşy simwoliki dokumenti kabul etdi.
Iki partiýanyň wekilleriniň hem goldamagy netijesinde, Senat sesleriň 68-23 gatnaşygy bilen bu dokumenti kabul etdi. Onda “Yslam döwleti” ekstremistik toparynyň gürrüň gidýän iki ýurtdaky alyp barýan hereketleriniň ABŞ-nyň howpsuzlygyna “möhüm wehim” salýandygy nygtalýar. Bellesek, bu dokumentiň diňe maslahat beriji häsiýeti bolup, onuň ýerine ýetirilmegi mejbury däldir.
Dokumentde iki ýurtda hem “Yslam döwleti” we “Al-Kaýda” toparlarynyň jeňçilerine garşy söweşde öňe gidişlikleriň gazanylandygy bellenilýär. Emma, gerekli taýýarlyksyz bu ýurtlardan çekilmegiň netijesinde, regionyň durnuksyzlaşyp biljekdigi, şeýle-de dörän boşlugy Russiýanyň ýa Eýranyň dolduryp biljekdigi duýdurylýar.
Mundanam başga, dokumentde Siriýadan ýa Owganystandan goşunlary çykarmazdan ozal, jeňçi toparlarynyň “doly ýeňlişe” sezewar edilendigini kepillendirmek üçin, ABŞ-nyň administrasiýanyň degişli şertleri seljermegine çagyryş edilýär.
Dokumentiň tekstini Respublikanlaryň köplüginiň lideri Mitç MakKonnell (Mitch McConnell) düzdi. Mundan öň, ol Trampy ýa-da onuň alyp barýan syýasatyny kän tankytlamandy.
MakKonnell şu hepde çykyş edip, Senatyň dokumentiniň “Al-Kaýdanyň”, [“Yslam döwletiniň”] we olaryň Siriýadaky we Owganystandaky ygrarly toparlarynyň biziň milletimize möhüm howp abandyrýandygyna ünsi çekýär” diýip, belläpdi.
Respublikan senatory Marko Rubio (Marco Rubio) Trampyň goşunlary çykarmak kararyny “erbet pikir” diýip atlandyrdy.
Trampyň 19-njy dekabrda Siriýadan 2 müň töweregi ABŞ-ly esgerleriň çykaryljakdygyny yglan etmegi ABŞ kanunçykaryjylary we halkara ýaranlary üçin garaşylmadyk habar bolupdy. Birleşen Ştatlaryň güýçleri bu ýurtda “Yslam döwleti” ekstremistik toparynyň jeňçilerine garşy söweşýän siriýaly araplaryň we kürtleriň ýaranlygyna hemaýat berýärdi.
“Biz ISIS-i ýeňdik. Biz olary ýençdik, özem gaty gaty erbet ýençdik. Indi, biziň goşunlarymyzyň yzyna dolanmagyna wagt geldi” diýip, Tramp şol wagt çykyş edipdi.
Tramp esgerleriň ilki başda Siriýa üç aý möhlet bilen ugradylandygyny, emma olaryň ol ýerde eýýäm ençeme ýyl bäri saklanýandygyny aýdyp, özüniň alan kararyny goldady.
Bu aralykda, ABŞ resmileri, şol sanda wise-prezident Makýl Pense (Mike Pence) hem häzir Trampyň ABŞ-ly esgerleri Owganystandan çykarmak meselesini “seljerýändigini” mälim etdiler. ABŞ güýçleri bu ýurda 2001-nji ýylda ugradylypdy.