Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pompeo: ABŞ Siriýany “eýran goşunyndan saplamak” isleýär


Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Maýk Pompeo (Mike Pompeo)
Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Maýk Pompeo (Mike Pompeo)

Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Maýk Pompeo (Mike Pompeo), Waşingtonyň Siriýadan goşuny çykarmak baradaky kararyna garamazdan, ABŞ-nyň söweşden ejir çekýän bu ýurdy “eýran goşunyndan hem saplajakdygyny” aýtdy.

“Regionyň bähbidi üçin [Ýakyn Gündogarda] köne bäsdeşligiň soňuna ýetmegiň wagty geldi” diýip, Pompeo 10-njy ýanwarda Müsüriň paýtagty Kairde eden çykyşynda belledi.

Şeýle-de, ol Birleşen Ştatlaryň Siriýany “eýran goşunyndan saplamak üçin diplomatiýany ulanjakdygyny we öz partnýorlary bilen işlejekdigini” hem aýtdy. Pompeo Birleşen Ştatlaryň “uzak wagtdan bäri ejir çekýän siriýalylara durnuklylygy we parahatçylygy getirmek” üçin tagallalaryny güýçlendirjekdigini hem sözüniň üstüne goşdy.

Pompeo Birleşen Ştatlaryň Siriýadan goşuny çykarmak baradaky planyna garamazdan, Waşingtonyň regiony terk etmeýändigi hakynda ABŞ-nyň arap partnýorlaryny ynanadyrmak maksady bilen Müsüre bardy. Ol bu saparynyň çäginde Ýakyn Gündogaryň dokuz ýurduna barar.

Eýran Russiýa bilen bir hatarda, 2011-nji ýylyň mart aýynda başlan siriýa konfliktinde prezident Başar al-Assadyň hökümetine möhüm goldaw berdi. Siriýadaky konfliktde 400 müňden gowrak adam öldi, millionlarça adam öýüni taşlap, başga ýere göçmäge mejbur boldy we ýurduň çägindäki taryhy desgalaryň aglabasy ýumruldy.

“Gowulygyň güýji: Amerika ýakyn Gündogarda işjeňleşýär” at bilen Kairdäki Amerikan uniwersitetinde eden çykyşynda Pompeo Birleşen Ştatlar Ýakyn Gündogar regionynda “gowulygyň güýji” boldy diýdi.

Şeýle-de, ol ABŞ-nyň Siriýadan goşuny çykarmak baradaky kararyna garamazdan, regionda “Yslam döwleti” ekstremist toparyň howpuny “doly aradan aýyrmak” tagallalaryna ygrarly bolmagynda galýandygyny hem belledi.

“Haçanda amerika yza çekilse, onuň yzyny haos yzarlaýar” diýip, Pompeo aýtdy.

Eýranyň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarif Twitter sosial ulgamyndaky sahypasynda ýazan maglumatynda Pompeonyň aýdanlaryny ýaňsa aldy: “Haçanda/nirede Birleşen Ştatlar goşulsa, onuň yzyny haos, repressiýa we gahar-gazap yzarlaýar”.

Pompeo adyny agzaman öňki prezident Barak Obamany hem nyşana aldy. Ol Obamany Ýakyn Gündogarda haosy ekmekde aýyplady we onuň “radikal yslamçylygyň erjelligine we ýaramazlygyna gödek kembaha garandygyny” aýtdy.

Mundan öň ABŞ-nyň döwlet sekretary ABŞ goşunynyň Siriýadan çykarylmagy baradaky planyň köpçülikleýin tankyt edilmegine garamazdan, geçen aý Tramp tarapyndan yglan edilen bu kararyň güýje girjekdigini hem belledi.

“Biziň goşunymyzy çykarmak barada Trampyň karary kabul edildi. Biz muny amala aşyrarys” diýip, Pompeo Müsüriň daşary işler ministri Sameh Şoukri bilen geçiren bilelikdäki metbugat konferensiýasynda aýtdy.

Pompeo Iordaniýa we Yraga amala aşyran saparyndan soň, 10-njy ýanwarda Müsüre bardy. Müsürden soň onuň Pars aýlagyndaky arap ýurtlaryna sapar etmegine garaşylýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG