Türkmenistan döwlet maliýeleşdirmesinden aýryp, ylmy ösdürmek kararyna geldi

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň binasy. 2012 ý.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy, şu ýyldan başlap, üç ýyl içinde öz aýagynyň üstünde durmaly, ýagny, döwlet buýjetinden maliýeleşdirmesiz edildi. Emma onuň nähili esasda maliýeleşdirilip bilinjegi anyklaşdyrylmaýar.

Ministrler kabinetiniň 29-njy ýanwarda geçirilen maslahatynda aýdylmagyna görä, ýurduň ylym-bilim, saglygy goraýyş we sport ulgamlaryny ösdürmek boýunça 2019-2025-nji ýyllaryň programmasy taýýarlanylýar.

Şondan bir gün öň, 28-nji ýanwarda prezident Gurbanguly Berdimuhamwedow ýurtdaky Ylmy-barlag institutlarynyň we ÝOJ-laryň ýolbaşçylarynyň wezipä bellenilişini kämilleşdirmek meselesini gozgady.

Degişli maglumat Öňki rektoryň '15 ýyl türme tussaglygyna höküm edilendigi' aýdylýar

2018-nji ýylyň 12-nji oktýabrynda geçirilen hökümet maslahatynda ol Ylmy-barlag institutlarynda orta bilimli adamlaryň işledilmeginden nägile bolupdy.

Türkmenistanyň 1951-nji ýylda döredilen Ylymlar akademiýasynyň garaşsyzlygyň başky ýyllarynda şol wagtky prezident Saparmyrat Nyýazow tarapyndan ýapylyp, 2009-njy ýylda gaýtadan işe başlandygyny nazara alsaň, häzirki bazar talaplary ýurduň baş ylym ojagynyň bazar döwründäki ikinji çynlakaý synagy bolup durýar.

Şol bir wagtda, ýerli synçylaryň, şol sanda alymlaryň käbiriniň anonimlik şertlerinde tassyklamaklaryna görä, ylym-bilim pudagynda sowet döwründen gelýän tanyş-bilişlik we korrupsiýa esasynda ornaşan we döwlet býujetine ýük bolmakdan başga peýda getirmejek adam sanardan köpräk görünýär.

Berdimuhamedow 2012-nji ýylda, Ylymlar gününe gabat Ylymlar akademiýasynda söz sözländen soň Azatlyk bilen söhbetdeş bolan türkmen alymlarynyň begençleriniň çägi bolmandy. Sebäbi prezident şol gün täze ylmy proýektleri durmuşa geçirmek üçin Ylymlar akademiýasyna 10 million dollar möçberinde serişde goýberipdi.

Emma soň bu serişde esasynda nähili täze ylmy taslamalaryň özleşdirilendigi anyklaşdyrylmady.

Şondan iki ýyl soň, 2014-nji ýylyň iýunynda Berdimuhamedow Tehnologiýalar merkezi, Biologiýa we derman ösümlikleri instituty, Gün energiýasy instituty, Seýsmologiýa we atmosferanyň fizikasy instituty ýaly täze ylmy edaralary döretmek hakyndaky kararlara gol çekdi.

Emma indi, soňky dört ýyldaky ykdysady kynçylyklar bilen bagly, prezident Berdimuhamedow döwlet býujetiniň ylym we bilim pudagyndaky harajatlaryny üzül-kesil azaltmak kararyna gelene meňzeýär. Şol bir wagtda, ýurduň ylym pudagynda döwlet býujetinden aýlyk alýan adamlaryň umumy sany, üýtgedip gurmalar netijesinde olaryň möçberiniň näçe prosent azaldyljakdygy aýdyň däl.

Hökümet maslahatynda berlen maglumata görä, häzirlikçe bir topar institutyňbirleşdirilýändigini görse bolýar. Hususan-da, Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil we edebiýat instituty Milli golýazmalar instituty, Taryh instituty bolsa Arheologiýa we etnografiýa instituty bilen birikdirilýär.

Degişli maglumat Dil bilminiň binýadyny tutanlar

Ylymlar akademiýasynyň Maldarçylyk we weterinariýa instituty S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň garamagyna berilse, Gün energiýasy instituty Döwlet energetika institutynyň garamagyna berilýär.

Biologiýa we derman ösümlikleri institutynyň bölünmegi netijesindeUmumy we amaly biologiýa instituty hem-de Derman ösümlikleri instituty döredildi. Şol bir wagtda olar indi özbaşdak bolmaz: Umumy we amaly biologiýa instituty Oguzhan adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň garamagyna, Derman ösümlikleri instituty bolsa Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň garamagyna berler.

Degişli maglumat Türkmen häkimiýetleri okuw kitaplarynyň ýetmezçiligini gytaklaýyn boýun aldy

TDH-nyň maglumatyna görä, bu kararlar, şol bir wagtda döwlet maliýeleşdirmesiniň bes edilmegi “Ylymlar akademiýasynyň ykdysadyýetde tutýan ornuny ýokarlandyrmak, ...ylmy-barlag edaralarynyň alyp barýan işlerini toplumlaýyn esasda ösdürmek maksady bilen” bagly.

Bu karar hökümetiň bir topar ministrligi birleşdirmek, bir topar kärhanany hususylaşdyrmak kararlary bilen gabat geldi.