Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Dil bilminiň binýadyny tutanlar


Türkmen diliniň ilkinji latin elipbiýi, 1928-nji ýyl.
Türkmen diliniň ilkinji latin elipbiýi, 1928-nji ýyl.

Türkmen Dil bilminiň ol diýen uzak bolmasa-da ähmiýetli taryhy bar. Türkmen dili bilen daşary ýurtly alymlar XlX asyryň ortalarynda gyzyklanyp başlaýar. Rus alymy I.N. Berezin Eýran (Astrabat) türkmenleriniň dili barada ylmy makala ýazýar. Şol ýyllar N.I. Ilminskiý ýomutlaryň we esen--illileriň (çowdurlaryň) dili hakynda nemes dilinde makalalar ýazýar. XlX asyryň 60-njy ýyllary Türkmenistanda syýahatda bolan wenger alymy A.Wamberiniň ýazgylarynda-da türkmen dili hakynda maglumat bar. XX asyryň başky ýyllaryndan başlap türkmen alymlary türkmen Dil bilminiň binýadyny tutdy.

Muhammet Geldiýew
Muhammet Geldiýew

Şu ýylyň 6-9-njy oktýabrynda ikinji Lingiwistik gurultaýyň (ol iň soňky gurultaý, birinji Lingiwistik gurultaý 1936-da geçirlipdi) geçirlenine 60 ýyl doldy. Sol senä gabatlap, türkmen Dil bilminiň taryhy bilen bagly käbir materiallary çap etmegi makul bildik.

Taryhyň birinji sahypasy

Türkmen Dil bilminiň binýadyny tutanlaryň iň görnükli wekili Muhammet GELDIÝEW 1889-njy ýylda Çeleken (häzirki Hazar) şäherinde dogulýar. Ilki Buhara, soňra Ufanyň “Aliýa” medresesinde okalýar. “Aliýany” tamamlan, şol ýerde mugallym bolýar. 1921-de Türkmenistana dolanyp, mugallymçylyk tehnikumynda mugallym bolup işleýär. 1924-nji ýylda Türkmenistan SSR-i döredilenden soňra “Elipbiý”, “Dil saplygy” ýaly kitaplary ýazýar. 1929-njy ýylda G.Alparow bilen bilelikde ýazan “Türkmen diliniň grammatikasy” atly kitaby Türkmenistanda neşir edilen ilkinji okuw kitaplarynyň biridir.

Türkmen elipbiýi
Türkmen elipbiýi

Geçen asyryň 20-nji ýyllarynda SSSR-de ýaşaýan türki halklaryň ýazuwyny arap elipbiýinden latyn grafikasyna geçirmek karar edilýär. M.Geldiýew bu işe ýolbaşçylyk edýär. Kümüşaly Böriýew bilen bilelikde türkmen diliniň orfografik kadalaryny morfologik-fonetik esasda döretmek üçin ylmy işleri amal edýär. 1928-nji ýylda K.Böriýew bilen bilelikde “Türkmen diliniň latyn elipbiýsini” taýyarlaýar.

1926-da Türkmenistanda “Ýazyjylar üýşmegi” diýen at bilen döredilen ilkinji Ýazyjylar birleşigine M. Geldiýew başlyk saýlanýar. Ol türkmen edebi diliniň esasyny tutmakda-da uly işleri amal edýär. Bolşewik syýasatçylary M.Geldiýewi milletçilikde, pantürkizmde aýyplaýar. Ol bu nähak yzarlanmalara çydaman 1931-nji ýylyň 2-nji ýanwar gijesi awy içip, özüni helekleýär. Ony Aşgabadyň Goçgar ata gonamçylygynda jaýlaýarlar. XX asyryň 90-njy ýyllarynda diktator Nyýazowyň görkezmesi bilen Goçgar ata gonamçylygy suwa basdyrlyp tekizlendi. Şu günler onuň üstünden ýol çekilip, köpri salynýar.

Kümüşaly Böriýew
Kümüşaly Böriýew

M.Geldiýewiň ýakyn dosty, kärdeşi Kümüşaly Böriýew 1896-njy ýylda Zakaspi oblastynyň (häzirki Türkmenistan) Müňgyşlak uýezdinde dogulýar. 1915-de Türküstan mugallymçylyk seminariýasyny tamamlaýar. Ol “Türkmen ili” žurnalynyň ilkinji redaktorydyr. K.Böriýew “Türkmen medeniýeti”, “Ýaş jarçy”, “Gyzyl ýol” ýaly žurnallaryny döretmäge, olary redaktirlemäge işeňňir gatnaşýar. K.Böriýew 1924-de döredilen Türkmenistan SSR-niň ilkinji Halk Magaryf komissarydyr. Ol TSSR-iň Döwlet Bilim sowetiniň başlygy, Türkmen Medeniýet inistitunyň direktory, Türkmen döwlet neşirýatynyň direktory ýaly wezipelerde-de işleýär.

Türkmen Dil biliminiň binýadyny tutanlaryň biri K.Böriýew “Latyn esasynda türkmen diliniň elipbiý kitaby” (1927 ý.), “Kolhozçy harplygy” (1932 ý.) okuw kitaplarynyň awtorlarynyň biridir. Ol bolşewikler repressiýasynyň ilkinji pidalarynyň biri bolýar. 1932-de milletçilikde aýplap tussag edilýär. Ak deňizdäki zyndan-gala sürgün edilip, şol ýerde-de wepat bolýar.

Amanmyrat Bugaýew, ýazyjy.

Makaladaky pikirler awtoryň özüne degişli.

XS
SM
MD
LG