Türkmenistanda “Hazar deňzi” we “Türkmenhimiýa” institutlary dörediler.
2-nji noýabrdaky hökümet maslahatynda prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna Hazar deňziniň meseleleri boýunça döwlet kärhanasynyň binýadynda Hazar deňziniň institutyny döretmek baradaky teklip hödürledi.
TDH-nyň ýazmagyna görä, täze institutda Hazarda amala aşyrylýan işleriň hem-de ylmy barlaglaryň seljermesini geçirmek, degişli halkara we milli resminamalary taýýarlamak göz öňünde tutulýar.
Şeýle-de prezidentiň garamagyna Türkmenabat şäherinde “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň garamagynda, tehniki orta hünär okuw mekdebiniň binýadynda Türkmenistanyň Himiýa-tehnologiýa institutyny açmak barada teklip hödürlenildi.
Döwlet baştutany täze institutda "nou-haulardan baş çykarýan, öz işiniň hakyky ussatlaryny taýýarlamagy" tabşyrdy.
Türkmenistandan ýylda müňlerçe ýaş adam daşary ýurtlara okuwa gidýär, şol bir wagtda ýurduň halk hojalygynda ýokary hünärli işgärleriň ýetmeýändigi aýdylýar.