Azatlygyň habaryndan soň, Maryda ýaşaýjylardan gaz üçin 600 manat ýygnalýar

Mary welaýatynyň Saryja obasyndaky öýlerde gaza derek odun ýakylýar.

Mary welaýatynyň käbir daýhan birleşikleriniň resmileri gaz ýetmezçiligini gowulandyrmagy wada berip, ýaşaýjylardan 600 manat möçberinde pul ýygnap başladylar.

Bu maglumat welaýatyň Mary etrabynyň käbir daýhan birleşiklerinde ýaşaýjylaryň gazsyz kösenýändigi, olaryň gijelerine we gündizlerine odun ýakyp ýylynýandyklary barada Azatlyk Radiosynda berlen habaryň yz ýanyna gabat geldi.

“Siz Mary etrabynyň daýhan birleşiklerinde gaz ýetmezçiligi barada habar bereniňizden soňra, oba ýaşaýjylaryna problemany çözmegi wada berip, olardan 600 manat ýygnap başladylar. Olara gaz paýlaýjy desgalaryň işini gowulandyrmak üçin, hamala, 20 müň manada täze enjamlaryň satyn alynandygyny aýdypdyrlar” diýip, anonim şertde maglumat beren Azatlygyň Mary welaýatyndaky habarçylarynyň biri 28-nji ýanwarda gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, ýaşaýjylar ýaňy-ýakynda özleriniň gaz ölçeýji gurallary oturtmaga mejbur edilendigini we munuň üçin özlerinden 300-400 manat pul alnandygyny aýdyp, özlerinden talap edilýän pul üçin nägilelik bildirýärler.

“Hiç kimiň görmedik enjamlary üçin pul ýygnalýar. Ýöne gaz berilmeýär. Biz heniz hem gazsyz otyrys” diýip, maryly ýaşaýjylaryň biri Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdi.

25-nji ýanwarda Azatlyk Radiosy Türkmenistanda howanyň temperaturasy gijelerine 0 gradusdan hem aşaklaýan mahaly, Mary welaýatynyň käbir daýhan birleşikleriniň ýaşaýjylarynyň ýylynmak meselesinde agyr kynçylyklary başdan geçirýändigini habar berdi.

Şonda Mary etrabynyň käbir ýaşaýjylary sebitdäki daýhan birleşikleriň aglabasynda gazyň güýjüniň juda pesdigini, şol sebäpli gündizlerine we gijelerine odun ýakyp ýylynýandyklaryny aýtdylar.

Degişli maglumat Gaza baý Mary welaýatynyň birnäçe daýhan birleşigi gazsyz kösenýär

“Şu günler ýylynmak uly mesele, tebigy gaz berilenok diýse-de boljak. Her gezeginde oduny satyn alyp ýakmak kyn bolýar. Onuň bir traktory 400 manada durýar. Ol hem az bolýar, derrew gutarýar. Galyberse-de, oduny satyn alamaga eli ýuka maşgalalaryň güýji hem ýetmeýär” diýip, adynyň efirde atlandyrylmasyzlygyny soran maryly ýaşaýjy gürrüň berdi.

Ol oba ýaşaýjylarynyň öýlere berilýän gazyň güýjüniň juda haýaldygy barada ýerli häkimiýetlere ençeme gezek ýüzlense-de, gutarnykly bir netije alyp bilmändigini hem aýtdy.

“Arz-şikaýatlardan soňra ýerli gaz edaralary öýlerimizdäki gazy bir ýa-da iki gün gataldýarlar. Şondan soň ýene-de öňki durkyna bolýar. Çalaja ýylp-ýylp edip ýanýar” diýip, maryly ýaşaýjy sözüni jemledi.

Türkmenistanyň Mary welaýatynda dünýäniň iň uly gaz ýataklarynyň biri bolan “Galkynyş” käni ýerleşýär. Türkmen häkimiýetleri Mary etrabynyň golaýynda ýerleşýän bu gaz ýatagynyň TOPH geçirijisini gaz bilen üpjün etjekdigini yzygiderli tekrarlaýarlar. Bu geçirijiniň üsti bilen Türkmenistan Günorta Aziýanyň iri döwletlerine ýylda 33 milliard kub metr gaz ibermegi göz öňünde tutýar.

Bu gaz ýatagy diňe bu welaýaty däl, eýse tutuş ýurdy gaz bilen üpjün etmäge ukyply. Emma muňa garamazdan, gaza baý Mary welaýatynyň, şeýle-de, Türkmenistanyň käbir beýleki regionlarynyň ýaşaýjylarynyň gyş hem-de tomus aýlarynda gazsyz we toksyz kösenýändigi barada Azatlyk Radiosyna yzygiderli maglumatlar gelip gowuşýar.

21-nji ýanwarda Azatlyk Radiosynyň Daşoguzdaky habarçylarynyň biri welaýatyň Boldumsaz, Görogly, S.Nyýazow we Köneürgenç etraplarynyň obalaryň aglabasyna indi köp ýyllardan bäri gyş aýlarynda tebigy gazyň asla berilmeýändigini, şol sebäpli ýaşaýjylaryň jaýlary elektrik peçlerini ýakyp, ýylytmaga synanyşýandygyny gürrüň berdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.