Çagyryşlara garamazdan, Türkmenistanda "wyždan ýesirlerini" sany köpelýär, Aşgabat hökmany harby gulluga derek alternatiw gulluk girizmek teklibini ret etmegini dowam etdirýär.
"Türkmenistan dini ynanjy sebäpli harby gullukdan, eline ýarag almakdan boýun gaçyrýan raýatlarynyň ýene birini türmä basdy" diýip, “Forum -18” habar gullugy habar berýär.
Norwegiýanyň paýtagty Osloda dini maglumatlary çap edýän habar gullugynyň maglumatyna görä, 18 ýaşyndaky Azamatjan Narkulyýewiň bir ýyl türme tussaglygyna höküm edilmegi bilen, Türkmenistanda wyždan bendileri hasaplanylýan raýatlaryň sany 12-ä ýetdi.
Baş redaktory Feliks Korli olaryň ählisiniň Ýehowa şaýatlarydygyny, BMG-niň bu praktikany bes etmek baradaky çagyryşlaryna garamazdan, resmi Aşgabadyň ýaş ýigitleri tussag etmek boýunça hiç bir düşündiriş bermeýändigini aýdýar.
Degişli maglumat Serhet gullugynyň dört ofiseri ‘namaz sebäpli işden boşadyldy’Azamatjan Narkulyýew 7-nji ýanwarda, Lebap welaýatyndaky sudda azyndan bir ýyl türme tussaglygyna höküm edildi. Habar gullugynyň maglumatyna görä, dini ynanjy sebäpli harby gullukdan boýun gaçyran we türme tussaglaryna höküm edilen raýatlaryň ählisi özleriniň alternatiw gulluga, raýat gullugyna taýýardyklaryny aýdypdyrlar, emma häkimiýetler olaryň bu teklibinden ýüz öwrüpdir.
Lebaply Azamatjanyň tussag edilen wagty bilen 2018-nji ýylyň ahyrynda tussag edilen Gurbangylyç Muhammetgulyýwiň tussag edilen wagtynyň arasynda bary-ýogy birnäçe hepde bar. Mary şäher sudy Muhammetgulyýewe bir ýyl türme tussaglygy hökümini çykardy. Emma ýurduň demirgazygyndaky Daşoguz sudy Eziz Atabaýewe iki ýyl türme tussaglygy hökümini çykardy.
Muhammetgulyýew bilen Atabaýewiň tussag edilmegi ýurtda hökmany harby gullukdan boýun towlany üçin tussag edilenleriň sanyny eýýäm 12-ä ýetiripdi, ýöne olaryň biri – Arslan Begenjow öz türme möhletini tamamlap, azatlyga çykdy. Begenjow 2014-nji ýyldan bäri türmä basylan ilkinji wyždan ýesiri bolupdy diýip, “Forum -18” habar berýär.
Şeýle-de neşir häzirki wyždan ýesirleriniň iki sanysynyň iki ýyl türme tussaglygyna höküm edilendigini, galan on wyždan ýesiriniň bir ýyl türme tussaglygyna höküm edilendigini belleýär.
Degişli maglumat Türkmenistan BMG-ä gatnaşyjy döwletleriň beren esasy rekomendasiýalaryny ret edýärMundan başga, “Forum – 18” bilen gürleşen ýehowa şaýatlary harby komissarlyklaryň indi ozal saglyk ýagdaýlary sebäpli harby gullukdan boşadylan ýaş adamlaryň hem käbirini gulluk etmäge çagyrýandyklaryny aýdyp, alada bildirýärler.
Aýdylmagyna görä, Daşoguzdaky harby komissarlyklaryň birinde ozal harby gullugyny tamamlan raýatlary hem çagyrypdyrlar we hatda resmileriň olary ynançlary sebäpli masgaralandygy habar berilýär.
Türkmen diplomatlary geçen ýylyň 20-nji sentýabrynda Ženeweda, BMG-niň Adam hukuklary geňeşiniň hökmany harby gullugyň gapdalyndan siwil alternatiw gulluk döretmek baradaky çagyryşyny ret etdiler.
Şeýle-de Türkmenistan dini ynançlary bilen bagly türmede saklanylýan raýatlaryň ýanyna garaşsyz ekspertleriň goýberilmegi baradaky çagyryşlary ret etdi.
Degişli maglumat ABŞ din azatlygynyň basgylanmagyna 'keseden seredip durmajagyny' aýdýarŞu aralykda Türkmenistanyň ätiýaçdaky harby gullukçylaryň harby biletlerini barlap başlandygy, şol sanda ozal harby biletlerini satyn alandyr öýdülýän raýatlary soraga çekändigi hakynda maglumatlar çykdy.
Mundan öň, hususan-da geçen ýylyň dowamynda türkmen goşunyndaky esgerleriň azyk ýetmezçiliginden horlanýandygy, ene-atalaryň esger ogullarynyň yzyndan azyk ýetişdirmäge, pul ibermäge mejbur bolýandygy hakynda maglumatlar gelip gowuşdy.
Bu habarlar demirgazyk Owganystandaky howpsuzlyk ýagdaýlarynyň barha çylşyrymlaşýan, Türkmenistanyň öz serhetlerini mümkin bolan jeňçi hüjümlerinden goramaga bolan taýýarlygynyň sorag astyna alynýan wagtyna gaýat gelýär.