Türkmenistan BMG-niň Ählumumy döwürleýin synynyň çäginde adam hukuklary boýunça Işçi toparyň şu ýyl beren rekomendasiýa-maslahatlaryna resmi jogap berdi. Bu Türkmenistanyň şu ugurdaky üçünji hasabaty bolup durýar.
Türkmen häkimiýetleri şu ýylyň maýynda berlen 191 rekomendasiýanyň 98 sanysyny kabul etdi, ýene 90 sanysyna seretjekdigini aýtdy, emma 3 rekomendasiýany duran ýerinde ret etdi.
Häkimiýetler öz sereden 90 rekomendasiýasynyň 70-sini goldaýandyklaryny, 16-syny bolsa, käbirine degişlilikde umumy düşündiriş bermek bilen, ret edýändiklerini aýtdylar.
Şeýle-de Türkmenistan Birleşen Ştatlaryň delegasiýasynyň tussaglykda saklanylýan adamlaryň, şol sanda Owadandepedäki we Seýdidäki türmelerde saklanylýan bendileriň ýanyna garaşsyz inspektorlary we başga adamlary goýbermek zerurlygy, garaşsyz ekspertleriň tussaglar bilen ikiçäk we hususy söhbetdeşlik geçirmeklerine rugsat berilmegi baradaky rekomendasiýalaryny ret etdi we jogapsyz galdyrdy.
Türkmenistanyň Konstitusiýasyna salgylanmak bilen, häkimiýetler Argentinanyň dini ynançlar esasynda harby gullukdan ýüz öwürmek hukugyny ykrar etmek barada beren rekomendasiýasyny ret etdiler.
Şeýle-de Şwesiýanyň we Awstraliýanyň senzurany we ilaty resmi taýdan guralýan köpçülikleýin çärelere mejbury çekmegi gadagan etmek baradaky rekomendasiýalary ret edildi.
Meksikanyň we Britaniýanyň wekilleri din ýa ynanç azatlygy, söz we pikir,sol sanda internetde, sosial ulgamlarda we köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde pikir aýtmak azatlygy rekomendasiýasyny berdiler.
Hususan-da žurnalistleriň ýanalmagyna we öz işi bilen baglylykda jenaýatçy hökmünde yzarlanmagyna ýol bermeli däldigi bellenildi.
Türkmenistan bu rekomendasiýalary hem ret etdi, sebäbi resmi Aşgabat bu hukuklar Türkmenistanyň kanunlarynda ýeterlik kepillendirilen diýip hasap edýär. Şonuň bilen birlikde, pagta ýygym möwsümi mahalynda mejbury zähmeti gadagan etmek baradaky rekomendasiýa hem ret dildi.
Şeýle-de, jaýyndan mejbury göçürilenlere degerli kompensasiýa bermek, raýaty milli, jynsy, gender, seksualalamatlary esasynda kemsitmä ýol bermezlik we beýleki birnäçe rekomendasiýa ret edildi.
Türkmenistan halkara hukuk toparlarynyň ýyllyk hasabatlarynda adam hukuklaryny yzygiderli basgylaýan, öz kanunlaryny ýerine ýetirmeýän ýurt hökmünde tankyt edilýär. Şol bir wagtda-da Aşgabat ýurda garaşsyz hukuk ekspertlerini goýbermezlikde tanalýar.