Azatlygyň gyşda gowaça çapýan aýallar baradaky gepleşiginden soň Türkmenistanda gender deňligi ýatlandy

Aşgabatdaky köçe süpürijiler. Arhiw surayty

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 21-nji ýanwarda geçiren nobatdaky kadr çalyşmalarynyň arasynda Ahal welaýat häkiminiň bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we sport boýunça orunbasary J.Geldimämedowanyň ýaş çaga seretmek döwründäki rugsady bilen baglanyşykly, onuň wezipe borçlaryny wagtlaýyn ýerine ýetirmegi Ak bugdaý etrabynyň häkiminiň orunbasary Akgül Toporowanyň üstüne ýükledi.

Bu karar, şeýle-de döwlet baştutanynyň resmiler bilen wideoaragatnaşyk arkaly geçirýän ýygnaklary türkmen telewideniýesiniň “üstünlikler” hakyndaky gepleşiklerine täze bir tutaryk berene meňzeýär.

Prezident Berdimuhamedow soňky döwürde “sanly” sözüni örän ýygjam ulanmaga başlady we ozal onuň “wideoşekilli iş maslahaty” diýip geçiren maslahatlary indi “sanly wideoaragatnaşyk maslahaty” boldy. Türkmen telewideniýesi bu ýagdaýy ýurduň ykdysady ösüşine goşant goşjak uly täzelikçilik hökmünde wagyz edýär.

Degişli maglumat Lebapda prezidenti garşy aljaklar ak uniforma geýmeli edildi

Şol bir wagtda synçylar Türkmenistanyň agyr ykdysady kynçylyklary başdan geçirýändigini we ýurtdaky internet mümkinçilikleriniň juda pesdigini, Türkmenistanyň dünýäde twitter hasaby ýok hökümetleriň arasyna girýändigini, türkmen resmileriniň bolsa sosial ulgamlarda asla görünmeýändigini belleýärler.

Şeýle-de hukuk goraýjylar Türkmenistanda aýal-gyzlaryň köpçülik çärelerinde “bagtly, şadyýan adamlaryň” rolunda mejbury ulanylýandygyny, emma Aşgabatda bolan syýahatçylaryň ol ýerde tomsuň yssysynda, gyşyň aňzagynda köçe tämizleýän zenanlara gynanyp gaýdýandyklaryny aýdýarlar.

Emma muňa garamazdan, prezident Berdimuhamedowyň çaga seretmek rugsadyna çykan ene baradaky karary türkmen telewideniýesiniň bu habary gaýta-gaýta ýanjamagyna alyp geldi.

Mundan abşga, bu karar ýurtda zenanlara goýulýan hormat hakynda tegelek stol söhbetdeşliginiň guramagyna, welaýatlarda maslahat geçirilmegine alyp geldi.

Degişli maglumat Global gulçulyk hasabatynda Türkmenistanyň mejbury zähmeti ulanmak problemasyna üns berildi

Bellemeli ýeri, prezidentiň çaga seretmek üçin zähmet rugsadyna çykan zenan baradaky karary we türkmen telewideniýesiniň birden gender deňligine, zenan hukuklaryna has beter üns bermegi Azatlygyň gyşda gowaça çöplerini çapmakda, köçe süpürmekde ulanylýan zenanlar, olaryň hak-hukuklary barada hepde ahyrynda efire beren gepleşiginiň yz ýanyna gabat geldi.

Bu gepleşikde aşagabtly ýazyjy Amanmyrat Bugaýew Ahal welaýatynda häzirki günlerde gowaça çöpüni çapýan aýallar, Aşgabatda hiç bir tehnikasyz köçe tämizleýän zenanlar hakynda gürrüň berdi.

Türkmenistanda aýal-gyzlaryň hukuklaryny kemsitmek sowet döwründegiň ýaýrapdy we aýal-gyzlar köplenç ekin meýdanlarynda, az aýlykly we agyr işlerde ulanylýardy, hatda traktor sürýän aýallar, gurluşykçy zenanlar hakynda aýdym hem döredilýärdi. Şol bir wagtda okap, ýokary bilim alan zenanlaryň käbiriniň ýolbaşçy erkekleriň jynsy zorluklaryna sezewar bolýan halatlary-da eşidilýärdi.

Emma bu ýagdaý partiýa tarapyndan bassyr-ýussur edilýärdi, arz edenleriň garşysyna işden aýyrmak, sem bolmasa, ruhy hasshana salmak çereleri görülýärdi.

Degişli maglumat Türkmeniň “Ömürzaýa ýyldyzyny” ýatlap

Mysal üçin, bu mesele barada Moskwadaky partiýa ýolbaşçylaryna arza ýazan şahyr Annasoltan Kekilowa 12 ýyllap bendilikde saklandy we 1983-nji ýylda, Sowet Soýuzynda başlanan aç-açanlyga iki ýyl galanda ruhy hassahanada jan berdi.

Emma muňa garamazdan, Annasoltan Kekilowanyň döredijiligi, şol sanda aýal-gyzlaryň hukuklaryna bagyşlanan “Gyrnak” goşgusy türkmen mekdeplerinde şindi hem öwrenilmeýär.