Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmeniň “Ömürzaýa ýyldyzyny” ýatlap


Annasoltan Kekilowa jemi12 ýyllap psihiki keselhanada mejbury saklandy. Ahyrynda 1983-nji ol ýerden onuň jesedini çykardylar.
Annasoltan Kekilowa jemi12 ýyllap psihiki keselhanada mejbury saklandy. Ahyrynda 1983-nji ol ýerden onuň jesedini çykardylar.
Türkmen poeziýasynyň Ömürzaýa ýyldyzy Annasoltan Kekilowanyň dünýä inenine 30-njy noýabrda dogry 70 ýyl bolýar. Annasoltan türkmen poeziýasynda köplere mälim, şol wagtyň özünde-de häzire çenli doly ykrar edilmedik ýyldyzlaryň biridir.

Annasoltan Kekilowa bir goşgusynda: “Syndyrma sen, aýnadyr gyz ýüregi” diýipdi. Zenan kalbyny diňe bir syndyrmak däl, eýsem ýok etmäge çalyşdylar. Hak söz aýdýandgy üçin sowet häkimiýeti ýyllarynda Annasoltany “akylyndan azaşan” diýip, zor bilen dälihana atdylar.

Bu jezany az görüp, onuň eserlerini çap etmegi gadagan etdiler. Bar bolan iki sany goşgular ýygyndysyny kitaphanalardan aldylar we onuň goşgularyna döredilen aýdymlara-da gadagançylyk girizdiler.

Ol öňli-soňly 12 ýyllap psihiki keselhanada mejbury saklandy. Ahyrynda 1983-nji ol ýerden Annasoltanyň jesedini çykardylar.

Diňe SSSR-de aýdyňlyk döwri başlananda, Annasoltan Kekilowany ýatlamak mümkin boldy. Garaşsyzlygyň başky ýyllarynda Annasoltanyň täze goşgular ýygyndysy çapdan çykdy hem ol barada dokumental film surata düşürildi. Soňky ýygyndy öňkülerden kämil hem bolsa, gynansak-da, ol Annasoltanyň döredijiliginiň ähli tarapyny öz içine almady. Ol diňe şahyryň el ýüzünde bar bolan goşgularydy.

Şahyryň iň soňky, ýagny 1992-nji ýylda çykan “Ömürzaýa ýyldyzym” atly kitabynyň ahyrynda şeýle bildiriş bar: “Gadyrly okyjylar! Annasoltan Kekilowanyň eserleri iň soňky gezek 21 ýyl mundan ozal çap edilipdir”.

Ine, ondan bäri-de 20 ýyl geçdi. Şeýlelikde, Annasoltan Kekilowa ýene unudyldy. Ýazyjy Hudaýberdi Hally şu ýagdaýlar barada Annasoltana hem onuň döredijiligine ýakyndan tanyş şahyr Şiraly bilen gürrüňdeş boldy.

Şu söhbetdeşligi diňlemek üçin şu aşaky düwmä basyň:
XS
SM
MD
LG