Türkmen mediasy prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýene bir iş maslahatyny geçirendigini, oňa wise-premýerleriň käbiriniň gatnaşandygyny habar berýär.
Berdimuhamedow ýyl aýagynda 2018-nji ýylda ýüze golaý maslahat, onlarça duşuşyk geçirendigini habar berdi. Şol maslahatlaryň aglabasynda resmilere öz gözegçilik edýän pudaklaryndaky işi ilerletmek üçin "anyk tabşyryklaryň", şeýle-de käýinçleriň we soňky duýduryşlaryň berlendigi, käbirleriniň wezipeden boşadylandygy habar berildi.
Hökümet başlygy täze ýyla geçip, öz ogluny täze wezipä belledi we bir topar resmini täzeledi, ýöne dolandyryşda nähili täze çemeleşmeleriň boljagy, öňki kemçiliklerden nähili netije çykaryljagy barada hiç zat aýdylmady.
TDH-nyň maglumatyna görä, 16-njy ýanwarda ýurdy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň programmasynyň taslamasyny taýýarlamak meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy, emma bu programmanyň öňkülerden näme bilen tapawutlanjagy aýdyňlaşdyrylmady.
Degişli maglumat Balkanyň häkimine 'oba maksatnamasy' we şugundyr üçin käýeldiNeşir döwlet baştutanynyň, adatça bolşy ýaly, programmalary ylmy esasda taýýarlamagy talap edendigini, wise-premýerleriň hasabatlaryny diňläp, olara “birnäçe anyk tabşyryk berendigini” belleýär.
Şeýle-de, aýdylmagyna görä, Berdimuhamedow ýene ösüşiň "häzirki zaman ylmynyň gazananlaryna, inžener-tehniki açyşlaryň önümçilige ornaşdyrylmagyna" baglydygyny nygtady.
Türkmen hökümetiniň tankytçylary Berdimuhamedowyň soňky onýyllykda her hepde diýen ýaly goşalap geçirýän maslahatlarynda "şol bir sözleriň gaýtalanýandygyny we olaryň ýurtdaky hakyky durmuşdan barha kän üzňeleşýändigini" belleýärler.
Öňki prezident döwründe Türkmenistanyň Türkiýede we Ysraýylda ilçisi bolan we soň Saparmyart Nyýazowyň hökümetine garşy oppozisiýada duran Nurmuhammet Hanamowyň pikirine görä, Berdimuhamedow “ýurtda emele gelen ýagdaýa düşünmeýär ýa-da öz dolandyryşynyň getiren petigini ýalan propaganda bilen ýaşyryp bilerin öýdýär”.
“Onuň geçirýän ýygnaklary boş gürrüň bilen gutarýar. Çykyş edende-de, ýazylan tektsi öwrenmän gelýär, hatda idili okabam bilenok” diýip, Hanamow Azatlyk radiosy bilen Wenadan telefon arkaly eden söhbetdeşliginde aýtdy.
Şeýle-de ol, Berdimuhamedowyň ýygnakda aýdýan zatlarynyň "hakyky ýagdaý bilen baglanyşygynyň azdygyny", munuň üstesine "olary ýygnak gutarandan soň ideýäniň hem ýokdugyny" belledi.
“Onuň diýýäni bir başga, durmuş bir başga” diýip, Hanamow Azatlyga aýtdy.
Degişli maglumat Türkmen resmileri “ösüş sanlaryny” getirip, ilatyň kynçylyklary barada dymdylar16-njy ýanwarda geçirilen maslahatda ilaty azyk önümleri bilen üpjün etmek, daşardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligi giňeltmek, eksporty ösdürmek hakynda hem gürrüň edildi.
Ýöne şu aralykda Aşgabatda daşary ýurtlardan getirilýän ýuwujy serişdeleriň, arassaçylyk jisimleriniň bahalarynyň gymmatlaýandygy, ýurtda öndürilen ýuwujy serişdeleriň, öňden gelýän “Aýna” sodasynyň bazarlardan ýitirim bolandygy habar berilýär.
Şeýle-de synçylar, prezidentiň inžener-tehniki açyşlaryň önümçilige ornaşdyrylmagyna çagyrmagyna garamazdan, Berdimuhamedowyň özüniň ýüzlerçe million dollar serişdä durýan proýektlere gol çekende bu çagyryşyny unudýandygyny belleýärler.
“Türkmenistanyň Hronikasynyň” ýazmagyna görä, Türkmenistanyň gazdan benzin öndürmek üçin gurýan täze zawodyny muňa mysal getirmek mümkin, sebäbi bu ugurdaky halkara tejribeleri şeýle önümçiligiň - gazdan benzin öndürmegiň maliýe töwekgellikleri bilen ýüzbe-ýüz bolmak ähtimallygyny duýdurýar.
Degişli maglumat Berdimuhamedow 11 aýdaky 'ykdysady ösüşden' kanagatlanýandygyny aýdýar