Türkmenistanyň harbylary harby gullukdaky esgerleriň we atýaçdaky gullukçylaryň taýýarlyk derejesinden aladalanma bildirýärler. Bu barda 16-njy ýanwarda Azatlyk Radiosyna Türkmenistanyň içeri işlär ministrligindäki çeşme gürrüň berdi.
“Mobilizasiýa barada häzir gürrüň ýok, emma harbylar atiýaçdakylaryň we hatda gullukdaky esgerleriň bolup biljek harby hereketlere örän pes derejede taýýardygyndan alada galýarlar” diýip, gizlinlik şertlerinde söhbetdeş bolan çeşme aýtdy.
Türkmen esgerleriniň we atiýaçdaky harbylaryň taýýarlygynyň pesdigi barada bildirilýän aladalanmalar Türkmenistanda harby gulluga ýaraýan raýatlary hasaba almak çäresiniň fonunda öňe sürülýär. Soňky günlerde Azatlygyň Türkmenistandaky habarçylary we “Türkmenistanyň Hronikasy” neşri ýurtda harby gulluga ýaraýan adamlaryň köpçülikleýin hasaba alnyp başlanandygyny habar berdiler.
Degişli maglumat Türkmen häkimiýetleri atiýaçdaky harbylary hasaba alýar. Owganystan tarapyndan söweşijileriň serhede gözegçiligi artýar
Azatlygyň çeşmeleriniň bellemegine görä, häzirki wagtda türkmen goşuny täze ýaraglar we harby tehnika bilen üpjün edilýär, emma esgerleriň tälimine ýeterlik derejede üns berilmeýär.
“Ýarag we harby tehnikamyz ýeterlik, soňky ýyllarda Orsýetde, Türkiýede we Hytaýda aktiw satyn alyndy. Emma harby gullukdaky esgerleriň, olaryň sany 35 müň çemesi, taýýarlygy örän erbet, ýaragy ulanyp bilmeýärler, ätiýaçdakylar bolsa bu ýaraglar bilen asla tanyş däl, sebäbi olaryň köpüsi SSSR-iň soňky ýyllarynda we garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda gulluk edipdi, şol döwürde köne orsýet ýaragy bardy” diýip, Goranmak ministrligindäki çeşme belledi.
Onuň sözlerine görä, Türkmenistanyň ilatynyň arasynda harby taýýarlyk derejesiniň pes bolmagynyň ýene bir sebäbi ýurduň garaşsyzlygynyň ilkinji ýyllaryndan başlap, goşunyň söweş ukybyna ýeterlik derejede üns berilmänligi bilen bagly.
Degişli maglumat Goranmak ministrine käýinç berildi, eneler esger ogullarynyň 'aç bolýandygyny' aýdýarlarTürkmen goşuny 1990-njy ýyllarda düýbi tutulaly bäri reformalara sezewar edildi. Öňki prezident Saparmyrat Nyýazow ýaragly güýçleri özbaşdak üpjünçiligine geçiripdi. Bu ýagdaý esgerleriň sandan çykan köne eşikli ekin meýdanlarynda, hususy hojalyklarda işlemegine, mal bakmagyna we hatda köçelerde dilegçilik etmegine getiripdi.
“Şu günki gün hem [goşunyň] talaba laýyk derejededigini aýdyp bolmaz. Üstesine, harby ýolbaşçylyk atiýaçdakylaryň özlerini gara günde goýan hökümet üçin öz ganyny dökmäge jan etmejeginden howatyrlanýarlar” diýip, çeşme belleýär.
Türkmenistanyň hökümeti ýaragly güýçleriň maddy-tehniki üpjünçiligini kämilleşdirmegiň döwletiň ileri tutýan meseleleriniň biri bolup durýandygyny ençeme gezek yglan edipdi. Döwlet telewideniýesi döwlet baştutanynyň harby bölümlere edýän saparlaryny ýygy-ýygydan görkezip durýar.
Munuň bilen baglylykda türkmen harbylary ýurduň azyk üpjünçiligine goşant goşmagyny dowam etdirýärler. Ýaňy-ýakynda türkmen prezidenti harby we kanuny goraýjy edaralaryň hojalyk kärhanalaryny gözden geçirdi we harbylaryň maldarçylykdaky, şeýle-de guş, it saklamak we gök önüm, miwe ýetişdirmekdäki işlerinden kanagatlandy.
Degişli maglumat Gümrükçiler 50 müň towukdan 11 mln ýumurtga aldy, serhetçiler goýun bakýar, prezidente taýçanak sowgat berildiDöwlet metbugatyna görä, şeýle-de türkmen esgerleri prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Derman ösümlikleri” atly kitabynda agzalan ösümlikleri we daglyk ýerlerinde bitýän pisse we hoz ýygnamak ýaly işlere gatnaşýarlar.
Üstesine, Türkmenistanda esgerler pagta ýygyma çekilýärler.
Türkmenistanyň häkimiýetleri ýurtda harby gulluga ýaraýan raýatlary hasaba almak boýunça geçirilýän çärelerini resmi derejede agzamaýarlar, şeýle-de, ýurduň Owganystan bilen serhedindäki ýagdaýlary kommentirlemeýärler.
Türkmenistanyň Owganystan bilen arasynda uzynlygy 800 çemesi kilometrlik döwlet serhedi bar. Azatlygyň Owganystandaky habarçylary şu günki gün serhediň owgan tarapynyň tas ähli ýeriniň söweşijileriň gözegçiliginde saklanýandygyny aýdýarlar.
Owganystanyň resmileri serhetýaka Farýap welaýatynyň giňişliginiň 85-95%-niň ýaragly toparlaryň, esasan “Talybanyň” elinde galýandygyny aýdýarlar.
15-nji ýanwarda Owganystanyň goşuny, şol sanda ýörite güýçleri NATO-nyň “Aýgytly goldaw” missiýasynyň gatnaşmagynda welaýatyň azyndan üç etrabynda Şiritegap, Hojasebizpoş we Almar atly ýerlerinde söweş alyp bardylar. Farýabyň polisiýasynyň metbugat wekili Abdylkerim Ýoruşyň sözlerine görä, söweşlerde 20 çemesi söweşiji, şol sanda ýaragly toparlaryň biriniň meýdan komandiri öldürilipdir.
Farýap Owganystanyň Türkmenistan bilen serhetleşýän bäş welaýatynyň biri. Onuň 9 etraby serhetde ýerleşýär.
Owganystanyň serhetýaka regionlary etnik türkmenleriň köplük bolup ýaşaýan ýeri. Ýaragly toparlaryň hüjümleri zerarly müňlerçe türkmen maşgalasy öz oturan ýerlerini taşlap, gaçyp çykmaga mejbur boldy. Olar henizem ýurduň beýleki böleklerinde wagtlaýyn lagerlerde açyk meýdanda, iýmitsiz gün görýärler.