Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde etiň söwdasyna gözegçilik güýçlenip, söwdegärlerden bahalary aşaklatmak talap edilýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň Türkmenabatdaky habarçylarynyň biri 9-njy ýanwarda habar berdi.
Howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli anonim şertde habarlaşan habarçynyň tassyklamagyna görä, şu günler şäheriň “Daýhan” bazarynda et söwdegärlere ýurduň ýörite gulluklarynyň raýat egin-eşigindäki işgärleri gözegçilik edýär.
“Bazarda et söwdasyny edýän söwdegärler etiň 1 kilogramyny 18 manada satmaga mejbur edilýär. Hakykatda etiň 1 kilogramynyň bahasy 30 manada barabar. Eger kimdir biri eti öz hakyky bahasyndan satjak bolsa, onda ýörite gulluklaryň işgärleri olara problema döreýär. Gözegçiler dessine söwdegäriň ýanyna baryp, ony gorkuzyp başlaýar” diýip, habarçy gürrüň berdi.
Degişli maglumat Täze ýylyň öňüsyrasynda: ‘azyk bolçulygy’, goşa bahalar we nyrh gözegçiligiOnuň sözlerine görä, käte ýörite gulluklaryň raýat egin-eşigindäki işgärleri eti hakyky bahasyndan satjak bolan söwdegärleriň et önümlerini elinden alýarlar. Käbir söwdegärler bolsa, para berip sypýarlar.
“Bu çäre ýörite gulluklaryň we polisiýa işgärleriniň para almagynyň ýene bir usulyna öwrüldi. Bu göz-görtele talaňçylyk. Galyberse-de, et önümleri elinden alnan söwdegärlere 200 manatdan 1000 manada çenli pul jerimesi salynýar” diýip, habarçy belledi.
Türkmenabadyň bazarynda eti arzan bahadan satmak boýunça edilýän bu talap sebäpli et söwdegärleriniň aglabasynyň öz işini bes edendigine hem üns çekilýär.
“Häzir “Daýhan” bazaryň et satylýan tekjeleri boş diýen ýaly. Bazarda et söwdegärleriniň diňe 20%-i diýen ýaly işleýär” diýip, habarçy aýtdy.
Türkmenistanyň bazarlarynda ençeme ýyl bäri goşa bahalar saklanyp galýar we azyk önümleri häkimiýetleriň kesgitlän bahasyndan gymmat satylýar.
Soňky bir aýa golaý wagt bäri türkmen resmileri ýurduň bazarlarynda et önümlerini we beýleki azyk harytlaryny döwlet tarapyndan kesgitlenen bahadan satdyrmak boýunça tagallalaryny güýçlendirdiler.
Täze ýyl baýramynyň öňüsyrasynda, Aşgabadyň bazarlarynda polisiýa işgärleriniň we raýat eşigindäki adamlaryň ýerleşdirilendigi hem-de söwdegärleriň öz harytlaryny döwlet tarapyndan kesgitlenen bahadan satmaga mejbur edilýändigi barada Azatlyk Radiosy habar beripdi.
Azatlygyň ýurt içindäki habarçylary bilen söhbetdeş bolýan söwdegärler et önümlerini häkimiýetleriň kesgitlän bahasyndan satsalar, onda özleriniň peýda görmegiň deregine zyýan çekjekdiklerini aýdyp, bu talabyň ýurduň häzirki ykdysady ýagdaýyna gapma-garşy gelýändigini belleýärler.
Degişli maglumat Döwlet dükanlarynyň öňünde çöregiň, bankomatlarda nagt puluň nobatlary täzeden döräp başlady“Söwdegärler hususy eýeçilikdäki mal ýa-da et söwdegärlerinden etiň 1 kilogramyny 27-28 manatdan satyn alýarlar. Ähli çykdajylary nazara alanymyzda, 1 kilogram eti 30 manatdan satanymyzda-da girdejimiz ujypsyzja bolýar. Ýöne eti 27-28 manatdan alyp, 18 manatdan satsak, onda biz dolulygyna zyýan çekýäris. Munuň üstesine-de, bazardaky arende ýeri üçin hem her aýda 400 manat tölemeli” diýip, lebaply et söwdegäri anonim şertde Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdi.
Ol etiň lükge söwdasyny edýän söwdegärlere salgylanyp, etiň bahasynyň ýokary bolmagynyň sebäplerini mal üçin ot-iýmiň gytalmagy we gymmatlygy bilen düşündirýär.
“Mal söwdasyny edýän maldarlar ot-iýmiň 1 kilogramynyň 1 manat 70 teňňeden başlap tä 2 manada çenli ýetendigini aýdýarlar” diýip, ol sözüniň üstüne goşdy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383. Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.