Döwlet dükanlarynyň öňünde çöregiň, bankomatlarda nagt puluň nobatlary täzeden döräp başlady

Mary şäherinde ýerleşýän bir bankomatyň öňünde dörän nobat. 4-nji ýanwar, 2018

Täze ýyl baýramçylyklary tamamlandy. Türkmenistanyň käbir regionlarynda ýerli ýaşaýjylaryň aglaba köpçüligi döwlet dükanlaryndan çörek satyn almak üçin, ýa-da bankomatlardan maliýe serişdelerini nagtlaşdyrmak üçin täzeden nobata durup başlady.

Bu barada Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçysy 7-nji ýanwarda habar berdi.

“Lebap we Mary welaýatlarynda adamlar iýmit önümleri satylýan döwlet dükanlarynyň öňünde çörek satyn almak üçin, bankomatlaryň öňünde bolsa pul nagtlaşdyrmak üçin nobata durýarlar” diýip, Azatlygyň aşgabatly habarçysy agzalýan regionlardaky gürrüňdeşlerine salgylanyp, maglumat berdi.

“Baýramçylyk geçdi, häkimiýetler iýmit üpjünçiligi barada beren wadalaryny ýatdan çykarana meňzeýär” diýip, habarçy gürrüňdeşiniň sözlerini getirdi.

Türkmenistanyň regionlarynda ýerleşýän döwlet dükanlarynda soňky bir ýyldan gowrak wagt bäri çöregiň we unuň ýiti gytçylygy, hususy dükanlarda bolsa olaryň aşa gymmatçylygy dowam edýär. Munuň bilen bir hatarda, Täze ýyl baýramçylyklary golaýlanda hökümet resmileri ýurduň bazarlarynyň zerur iýmit önümleri bilen doly üpjün edilýändigini aýdyp çykyş edipdiler.

Döwlet dükanlarynda çöregiň we unuň bahasy hususy dükanlardakydan 5-6 esse arzan satylýar. Türkmenistanda 1 kilogram unuň döwlet tarapyndan kesgitlenen ýeňillikli bahasy 2 manatlygynda saklanyp galýar. Soňky üç aý çemesi wagtyň dowamynda un we çöregiň döwlet dükanlaryndaky gytçylygy hem-de olaryň hususy söwda nokatlaryndaky gymmatçylygy paýtagt Aşgabada-da gelip ýetdi.

Galyberse-de, Azatlygyň habarçysy ýurtdaky nagt pul ýetmezçiligi bilen bagly ýagdaýlara ünsi çekdi:

“Býujet işgärleriniň ählisiniň aýlyk iş haklary tölenmändir, ýöne resmi metbugat olaryň ählisiniň tölenendigini habar berdi” diýip, Azatlygyň habarçysy belledi.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 17-nji dekabrda geçiren wideo şekilli iş maslahatynda ýurduň maliýe we ykdysadyýet ministri Batyr Bazarow Täze ýyl baýramy mynasybetli dekabr aýynyň aýlyk haklarynyň, talyp haklarynyň, pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň möhletinden öň tölenendigini hasabat beripdi.

“Ministr ýurdumyzyň ähli edara-kärhanalarynda şu ýylyň dekabr aýy üçin degişli tölegleriň doly geçirilendigini habar berdi” diýip, TDH ýazýar.

Degişli maglumat Welaýatlaryň azyk ýetmezçiliginden kösenýän ýaşaýjylary iýmit önümlerini almak üçin Aşgabada gelýär

7-nji ýanwarda ýetiren maglumatynda Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçysy resmi metbugatda tölenendigi aýdylýan aýlyk iş haklarynyň we beýleki tölegleriň doly ýerine ýetirmändigini habar berdi.

“Hususan-da pensionerleriň pensiýa haklary wagtyndan öň tölenmedi. Olaryň kartlaryna aýlyk tölegleri baýramçylykdan soň geçdi. Indi olar pullaryny nagtalaşdyrmak üçin bankomatlarda nobata durýarlar” diýip, habarçy belledi.

Ýurtda dowam edýän iýmit önümleriniň ýetmezçiligi barada aýdylanda, Azatlyk Radiosynyň beýleki bir habarçysy 7-nji ýanwarda Aşgabatdan ýetiren maglumatynda ýerli önümçilige degişli süýdüň paýtagtyň söwda tekjelerinden ýitirim bolandygyny habar berdi.

“Ýerli süýt satuwdan ýitdi, Russiýada, Gazagystanda we Belarusda öndürilýän süýdüň bahasy gymmatlady. Olaryň 1 litriniň bahasy 20 – 50 manat aralygynda. Ýerli süýt önümlerinden diňe ýaramlylyk möhleti uzak aralyga ýetýän kefiriň käbir görnüşleri we haýsydyr bir toworoglar bar” diýip, habarçy aýtdy.

Degişli maglumat Aşgabadyň bazarlarynda ýörite ‘gözegçiler’ ýerleşdirildi; welaýatlara gidýän ulaglar barlanýar

Beýleki tarapdan, paýtagtda ýerli süýt önümleriniň ýetmezçiliginiň fonunda, Türkmenistanyň döwlet telewideniýesinde efire berilýän “Watan” habarlar gepleşigi 6-njy ýanwarda Mary welaýatynda ýerleşýän bir maldarçylyk toplumynda alnyp barylýan ýerli süýt önümçiligi, ol ýerde awtomatiki usulda sagylýan sygyrlardan alynýan ýyllyk 50 tonnalyk ýokary hilli ýerli süýt barada wideo reportaž goýberdi.

Azatlyk Radiosynyň paýtagtly habarçysy häzirki wagtda dollaryň gara bazardaky bahasy barada-da maglumat berdi. Onuň sözlerine görä, Aşgabatda “gara bazarda” 1 dollaryň bahasy 17 manat 80 teňňe – 18 manat aralygynda.

Türkmenistanda 2016-njy ýylda dollaryň resmi bahadan alşyp-çalşylmagyna gadagançylygyk girizilenden soň, ýurtda daşary ýurtlardan import edilýän harytlaryň, hususan-da iýmit önümleriniň bahalary ep-esli ýokarlandy. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Merkezi Bankynda 1 amerikan dollarynyň bahasy 3 manat 50 teňňeliginde saklanyp galýar.

Türkmenistanyň resmi mediasy döwlet dükanlarynyň öňünde döreýän çörek nobatlary, ýa-da bankomatlaryň öňünde döreýän nagt pul nobatlary barada habar bermeýär.