Türkmenistanda ýyllarboýy dowam edýän kadr çalyşmalary bu ýyl prezidentiň oglundan başlandy, Serdar Berdimuhamedow daşary işler ministriniň orunbasary wezipesinden boşadylyp, Ahal welaýatynyň häkiminiň orunbasary wezipesine - has kiçi wezipä bellenildi.
Döwlet eýeçiligindäki TDH habar gullugy prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu karara2-nji ýanwarda gol çekendigini habar berýär, ýöne başga hiç zat aýtmaýar.
Serdar Berdimuhamedow daşary işler ministriniň orunbasary wezipesine geçen ýyl, mart aýynda geçirilen parlament saýlawlarynda ýeňiji bolup, gaýtadan deputat saýlanandan soň bellenildi.
Mundan öň ol 2016-njy ýylyň noýabrynda, wagtyndan öň geçirilen saýlawlarda Ahal welaýatynyň Duşak saýlaw uçastogyndan deputatlyga saýlanan bolsa, 2017-nji ýylyň martynda Mejlisiň Kanunçylyk boýunça komitetiniň başlyklygyna saýlandy.
Serdaryň türkmen parlamentinde möhüm adama öwrülmegi, Gazagystanda, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň liderleriniň Astanada geçirilen duşuşygyna gatnaşyp, Mejlisiň başlygyndan hem öňe geçmegi synçylarda dürli soraglary döretdi. Şonda prezident Berdimuhamedowyň özi Kuweýte we Birleşen Arap Emirliklerine sapara gidip, öz ornuna Astana Mejlisiň başlygy Akja Nurberdiýewany ugradypdy.
Degişli maglumat ‘Eurasianet’ hepdelik ‘Türkmenistan çaparyny’ çap edýär, onuň soňky sany baş maşgaladan söz açýarMerkezi Aziýa ýurtlary boýunça ekspert Brýus Panniýeriň bellemegine görä,şol saparda Astanada düşürilen suratlar Akja Nurberdiýewany däl-de, gazak prezidenti Nursoltan Nazarbaýew bilen duşuşan Serdary kän öňe çykardy.
Emma synçylaryň käbiriniň Serdar pensiýa ýaşyna ýeten A.Nurberdiýewanyň ornuna taýýarlanýan bolmasyn, sebäbi parlamentiň başlygy prezident öz wezipesini ýerine ýetirip bilmedik ýagdaýynda onuň ýerine geçmeli ilkinji adam bolýar diýen çaklamalary dogry çykmady.
Azatlygyň hökümete ýakyn çeşmesiniň maglumatyna görä, Serdar Berdimuhamedowyň Daşary işler ministrliginde ilki bölüm ýolbaşçysy, soňra orunbasar bellenmegi prezident Berdimuhamedowyň bu edaradan, hususan-da daşary işler ministri Reşit Meredowdan ätiýäç edýänligi bilen bagly.
Serdar daşary işler ministriniň orunbasary bolandan soň, Saparmyrat Nyýazow döwründen bäri öz wezipesini berk saklap gelýän we daşary ýurtlarda türkmen prezidentinden soň ikinji adam hökmünde görülýän Reşit Meredow üçünji orna süýşürilene meňzedi.
Sebäbi ozal daşary işler ministriniň daşaryýurtlara edýän saparlary barada kän maglumat bermedik TDH we türkmen telewideniýesi onuň orunbasarynyň ýurt içindäki we daşyndaky saparlary barada has ilgezik maglumat berdi.
Şeýlelikde, Serdar üçin geçen ýyl “syýasy aktiwligiň” ýylyna öwrüldi, ol iýul aýynyň başynda türkmen delegasiýasyna baş bolup, Awstriýanyň Wena hem-de Şweýsariýanyň Ženewa şäherlerine, iýulyň ortalarynda bolsa Nýu-Ýorka sapar edip, has uly derejeli duşuşyklara gatnaşdy, BMG-niň baş sekretary we beýleki resmiler bilen gepleşik geçirdi.
Degişli maglumat Prezidentiň ogly rallä gözegçilik etmek üçin Türkmenabada bardy; şäheriň durmuşy togtadySerdaryň ýylyň dowamynda deputat saýlanan etraby Kakada we Ahal welaýatynyň beýleki ýerlerinde guralan açylyş dabaralaryna gatnaşmagy, bir tarapdan, prezident Berdimuhamedowyň bu sebitiň dabaralaryndaky hormatly orny öz ogluna geçirýändigini alamatlandyrsa, ikinji tarapdan, onuň diňe Daşary işler minsitrligindäki orny bilen çäklenmeýändigini görkezdi.
Şu nukdaý nazardan seredilende, prezidentiň oglunyň birden Ahal welaýatynyň häkiminiň orunbasary wezipesine geçirilmegi öňden planlaşdyrylan göçüm-de bolup biler.
Şol bir wagtda, geçen ýylyň martynda, parlament saýlawlaryna kandidat bolanda ilkinji gezek çap edilen terjimehalyndan çen tutulsa, Serdar Berdimuhamedow ýokary döwlet wezipelerine öňräkden bäri taýýarlanylýana çalym edýär.
Emma muňa garamazdan, prezident Berdimuhamedowyň hökümet mejlislerinde edýän gürrüňlerini kesip, köplenç diktoryň düşündirişinde bermek bilen çäklenýän döwlet telewideniýesi Serdar Berdimuhamedowa hem heniz öz hakyky ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmäge mümkinçilik bermän gelýär.
Syýasy meýdana gelmezinden öň, sosial ulgamlarda çykan maglumatlara görä, Serdar esasan ylmy işler bilen meşguldy.
Degişli maglumat Türkmenistanda şahsyýetparazlyk dabaralanýarmy?