Prezident gündogar müçenamasyna esaslanyp, 2019-njy ýylyň hasylly we bereketli ýyl boljagyny çaklady

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow gündogar müçenamasyna görä doňuz ýyly hasaplanýan 2019-njy ýylyň hasylly we bereketli ýyl boljakdygyny çaklady. TDH-nyň suraty.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 31-nji dekabrda türkmen halkyny Täze ýyl bilen gutlady.

Ýurduň media we metbugat serişdelerinde dolulygyna çap edilen gutlagda prezident ata-babalaryň sözlerine, olardan ugur alyp, ýyldyz hasapçylaryna salgylanýar hem-de 2019-njy ýylyň hasylly we bereketli ýyl boljakdygyny çaklaýar.

“Täze, 2019-njy ýyl — Gündogar müçenamasy boýunça doňuz ýyly. Ata-babalarymyz: «It ýyly ek, doňuz ýyly or» diýip, bu ýylyň hasylly, bereketli bolýandygyny belläpdirler” diýip, prezident täze ýyl gutlagynda belleýär.

Prezident geçen ýyl garşy alnanda-da astrologlara salgylanyp, gündogar müçenamasynda it ýylyna gabat gelen 2018-nji ýylda “ähli zatlaryň göwnejaý, talabalaýyk we adalatly boljakdygyna” bil baglapdy.

Şeýle-de Berdimuhamedow geçen it ýylyna geçilende iti “ak göwünli, hoşniýetli jandar, şöhrata kowalaşmaýar, wepaly” diýip taryplap, ýylyň dowamynda dostlugyň we doganlygyň rowaçlanjakdygyny aýdypdy. Ýöne bu ýyl gündogar müçenamasyndaky doňuz ýylyna geçilende ol, doňzuň häsiýeti barada gürrüň etmedi. Ol onuň haýsy häsiýetini hasyl-bereket bilen ilteşdirýändigini aýdyňlaşdyrmazdan diňe ata-babalaryň “it ýyly ek, doňuz ýyly or” diýen sözlerine salgylanmak bilen çäklendi.

Galyberse-de, Türkmenistanda 2019-njy ýyl “Türkmenistan – rowaçlygyň watany” ýyly atlandyryldy.

Degişli maglumat Berdimuhamedowyň halaýan 7 belgisiniň jadyly syrlary

“Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow astrologiýanyň we numerologiýanyň haýrany bolup durýar” diýip, “Türkmenistanyň hronikasy” ýazýar hem-de soňky üç ýyl bäri her ýylyň başynda prezident Berdimuhamedowyň geýnen eşikleriniň reňkine ünsi çekýär. Neşir Berdimuhamedowyň 2019-njy ýyly goňras reňkli penjekde, 2018-nji ýyly sarymtyl reňkli penjekde hem-de 2017-nji ýyly gyzyl köýnekde garşy alandygyny belleýär. Bu ýyllar gündogar müçenamasynda degişlilikde doňuz, it we takyk ýyllary atlandyrylýar.

Mundan ozal, Azatlyk Radiosynyň Türkmenistanda döwlet derejesinde gurnalýan käbir halkara çäreleriň guramaçylygyndan habarly birnäçe ýerli çeşmesi Berdimuhamedowyň 7-lik belgini halaýandygy barada maglumat beripdi.

Ýatlasak, 2017-nji ýylda Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aziýa oýunlarynyň guramaçylygynda “7 belgisiniň ýörite saýlanyp alynmagy hut prezident Berdimuhamedowyň ol sany halaýandygy bilen arabaglanyşyklydyr” diýip, ýerli çeşme gürrüň beripdi.

Degişli maglumat Berdimuhamedow it ýylynyň 'mätäçleri gorap, garşydaşlary ýaraşdyrjagyna' umyt baglaýar

Bu çäräniň jemleýji dabarasynyň başlanýan wagty 2017-nji ýylyň 27-nji sentýabr güni agşam sagat 7:17 diýlip peteklerde ýazylypdy. “Aşgabat – 2017” oýunlary 2017-nji ýylyň 17-nji sentýabr – 27-nji sentýabr aralygynda geçirilipdi.

7-lik san prezidentiň münýän sport ulaglarynda we çapýan atlarynda ýygy-ýygydan göze ilýär. 2017-nji ýylda türkmen bedewiniň baýramynda Berdimuhamedowa ýedi sany ahalteke aty sowgat berildi. Prezidentiň uçarlarynyň bort nomerlerinde-de ýedilik san agdyklyk edýär. Onuň uçarlarynyň biriniň bort belgisi EZ-777 (Boing-777) beýlekisi EZ-007 (Boeing 737) bolup durýar.

1997-nji ýylda Türkmenistanyň saglyk ministri wezipesine bellenen Gurbanguly Berdimuhamedow 2007-nji ýylda Türkmenistanyň prezidenti wezipesine saýlandy. Ol 2017-nji ýylda geçirilen soňky prezidentlik saýlawlarynda üçünji möhlete bu wezipä saýlandy. Türkmenistanda ozal bäş ýyl bolan prezidentlik möhleti ýurduň Konstitusiýasyna girizilen soňky üýtgeşmeler bilen 7 ýyla uzaldyldy. Käbir halkara guramalaryň, şol sanda ÝHHG-niň wekilleri Türkmenistanda geçirilýän saýlawlara şübheli çemeleşýär.

Galyberse-de, prezident Berdimuhamedowyň ak reňke bolan ýakyn gatnaşygy barada-da mundan ozal habar berlipdi. Ol 2011-nji ýylyň iýun aýynda “Saňa meniň ak güllerim” atly aýdymy ýerine ýetirdi. Berdimuhamedowyň türkmen halysynyň ak reňkli nusgalarynyň öňünde düşen suratlary türkmen metbugatynda ýygy-ýygydan çap edilýär. Resmi mediada ak şäher atlandyrylýan Aşgabadyň binagärçilik işlerinde ak reňk agdyklyk edýär. Ýurtda geçirilýän resmi dabaralaryň bezeg işlerinde ak reňkiň köp ulanylýandygyny görmek bolýar.