Welaýatlarda gaz ölçeýji gurallar ýetmezçilik edýär

Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanyň “Türkmengaz üpjünçilik” birleşiginiň regionlardaky müdirliklerinde gaz ölçeýji gurallar ýetmezçilik edýär diýip, “Hronika Türkmenistan” neşiri öz ýurt içindäki habarçylaryna salgylanyp habar berýär.

“Noýabr aýynda “Türkmengaz üpjünçilik” birleşiginiň welaýatlardaky müdirliklerinde gaz ölçeýjiler 300 manada durýardy. Dekabryň birinji ýarymynda onuň bahasy 550 manada ýetdi. Häzir gaz ölçeýjiler ýok. Şol sebäpli adamlary bazarlara iberýärler. Bazarlarda bolsa, bu ölçeýjiler 700-900 manat aralygynda satylýar” diýip, neşir ýazýar.

Belläp geçsek, “Aşgabatgaz” müdirliginiň ýolbaşçysynyň ilata gaz ölçeýji enjamy oturtmagyň nyrhnamasy atly resmi dokumentinde ölçeýjiniň umumy bahasy 258.91 manat möçberde görkezilýär.

“Hronika Türkmenistan” neşiriniň 27-nji dekabrda çap eden habarynda gaz ölçeýjileri bazarlardan satyn alan adamlaryň Aşgabada gitmeli bolýandygy hem aýdylýar. Sebäbi adamlar öz gaz ölçeýji gurallaryny “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugyna barlatmaly we hilini tassyklatmaly bolýarlar.

Degişli maglumat Aşgabadyň ýaşaýjylaryna gaz ölçeýjileri oturtmak üçin 15-nji dekabra çenli möhlet berildi

Azatlyk Radiosyna ýokarda gürrüňi edilen ýagdaýlary öz ýurt içindäki habarçylaryna tassyklatmak ýa-da inkär etdirmek häzirlikçe başartmady. Bu barada “Türkmengaz üpjünçilik” birleşiginden hem maglumat alyp bolmady.

Emma bu maglumat Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde gaz ölçeýjileri satýan döwlet edaralarynda gurallaryň ýetmezçiliginiň we nobatlaryň emele gelendigi baradaky habarlaryň yz ýanyna gabat geldi.

Azatlygyň bu welaýatdaky habarçysy özüniň 18-nji dekabrda beren maglumatynda ýaşaýjylaryň gaz ölçeýjilerini satyn almakda kynçylyk çekýändigini hem belläpdi.

27-nji dekabrda Azatlygyň paýtagtdaky habarçysy Aşgabadyň hususy eýeçilikdäki howly jaýlaryndaky gaz ölçeýjileriň sähel wagt işländen soňra hatardan çykýandygyny we ýaşaýjylaryň täze gaz ölçeýjileri satyn almaga mejbur edilýändigini habar berdi.

Türkmenistanda gazyň sarp edilişini ölçeýän gurallary oturtmak çäresi şu ýylyň sentýabr aýynyň 25-nde prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ilata gazy, togy, suwy, nahar duzuny mugt bermek düzgünini ýatyrmak baradaky karara gol çekenden soň güýçlendirildi.

Berdimuhamedow bu karara ýaşulularyň köp sanly teklipleri esasynda gelendigini aýtdy we şol bir wagtda-da raýatlaryň girdejileriniň görnetin ýokarlanandygyny, her maşgala gazanç etmek, çagalaryny eklemek üçin mümkinçilik döredilendigini belledi.

Oktýabr aýynyň başyndan bäri ýurduň çar künjeginde hojalyklara suw, tok we gaz hasaplaýjy enjamlary oturtmak işleri batlandy. Bu çäräniň çäginde Lebapda, Daşoguzda we Aşgabatda bergisini üzlüşmedik ýaşaýjylaryň togy, gazy kesildi.

Noýabr aýynda Aşgabatda we Balkanda kanun goraýjy organlaryň işgärleriniň gatnaşmagyndaky türkmen häkimiýetleri suw, gaz üçin tölegleri tölemedikleriň suda çekiljegini duýdurdylar.

Degişli maglumat Aşgabatda oturdylan gaz ölçeýji gurallar bibat bolup çykýar

28-nji dekabrda Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylarynyň biri soňky iki hepdäniň dowamynda paýtagtyň agyz suwy üpjünçiligi edarasynyň töwereginde suw üçin töleglerini tölemek isleýän adamlaryň uzyn nobatlarynyň emele gelendigini habar berdi.

“Mundan öň Aşgabadyň agyz suwy üpjünçiligi edarasynyň işgärleri jaýlara aýlanyp, özleriniň suw töleglerini 28-nji dekabra çenli tölemegi tabşyrypdylar. Sebäbi bu senä çenli tölegleri tölemediklere jerime salynjakdygyny aýtdylar. Aglabasy pensionerlerden ybarat adamlar nobata durup, ençeme sagat garaşmaly bolýarlar” diýip, habarçy aýtdy.

Şeýle-de, ol sarp edilen elektrik togy üçin tölegleri dürli bank şahamçalarynda we poçta bölümlerinde amala aşyryp bolýan bolsa, suw üçin tölegleri diňe Aşgabadyň agyz suwy üpjünçiligi edarasyna töläp bolýandygyny hem belledi.

Türkmenistanda ilata gazy, suwy we togy mugt bermek boýunça ýeňillikleriň ýatyrylmagy, ýurduň öz garaşsyzlygyna eýe bolany bäri iň agyr ykdysady kynçylyklary başdan geçirýändigi aýdylýan döwre gabat geldi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.