Türkmen häkimiýetleri raýatlara jerime salmagyň hasabyna döwlet býujetini dolmagyň nobatdaky bir usulyny oýlap tapana çalym edýär. Aşgabadyň polisiýasy köçelerdäki geçmesiz ýerden geçýän pyýadalary awlap, olara jerime salyp başlady diýip, “Türkmenistandan alternatiw habarlar” neşiri habar berýär.
Neşir öz redaksiýasyna gelip gwoşan hata salgylanyp, paýtagtyň Magtymguly şaýolunyň ugrunda, “Puşkin” adyndaky teatryň golaýynda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň ýaş işgäriniň agajyň arkasynda gizlenip durandygyny aýdyp, şeýle ýazýar:
“Bu işgäriň elinde kamera bar. Ol kimdir biri köçedäki ýörite bellenilen ýerlerden geçmese, dessine kamerasyny açyp, ony wideo düşürýär. Köçe-ýol düzgünini bozan pyýadalar ýoluň beýleki tarapyna geçen badyna oňa polisiýanyň beýleki bir işgäri jürlewügini çalýar we olary bir çüňke äkidip jerime salýar” diýip, neşir 18-nji dekabrda özüniň paýtagtly okyjylaryndan gelip gowşan hata salgylanyp, habar berdi.
Hatda jerimäniň möçberiniň 20 manada barabardygy, ýöne onuň soňky möçberiniň polisiýa işgärleriniň “ynsabyna” baglydygy bellenilýär. Şeýle-de, munuň tutuşlygyna ýörite operasiýadygy, oňa elleri wideo kameraly dört polisiýa işgäriniň we ýörite awtomobilleriň gatnaşýandygy hem nygtalýar.
“Polisiýa işgärleriniň pyýadalara duýduryş bermän, olaryň köçelerdäki geçmesiz ýerlerden geçip, düzgüni bozmagyna garaşýandygy baradaky hakykat – olaryň esasy maksadynyň jerime ýazyp, adamlardan pul almakdan ybaratdygyny tassyklaýar” diýip, neşir özüne gelip gowşan hata salgylanýar.
Azatlyk Radiosyna ýokarda aýdylýan ýagdaýlar dogrusynda PÝGG-niň paýtagtdaky edarasyndan we Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginden maglumat almak başartmady.
Paýtagtda PÝGG-niň işgärleriniň pyýadalara jerime salyp başlandygy baradaky habarlar, prezident Berdimuhamedowyň 4-nji dekabrda geçiren hökümet maslahatyndan soň, welaýat häkimlerine regional býujetleri doldurmagyň tärlerini tapmak boýunça dilden görkezme berlendigi baradaky maglumatlaryň yz ýanyna gabat geldi.
Degişli maglumat Daşoguz: Pyýadalara ýanýollardan ýöremelidigi duýdurylýar14-nji dekabrda Azatlygyň habarçysy bu görkezme bilen baglylykda, welaýatlarda polisiýa işgärleriniň ulag sürüjilerine anyk sebäbini düşündirmezden jerime ýazmaga başlandygyny, şeýle-de, Salgyt gullugynyň işgärlerine salgyt töleýjilere jerime salmagyň ugurlaryny tapmak boýunça görkezme berlendigini habar berdi.
Azatlyk Radiosy PÝGG işgärleriniň pyýadalara jerime salýandygy barada mundan öň birnäçe gezek habar beripdi. Käte bu jerimäniň möçberi 50 manada barabar bolupdy.
Türkmenistanda häzirki wagt hereket edýän kanunçylyga laýyklykda, pyýadalaryň geçmesiz ýerlerde ýoluň gatnalýan böleginden geçmegi halatynda duýduryş berilýär ýa-da binýatlyk mukdaryň 0,1 böleginden 0,2 bölegine çenli möçberde jerime salynýar.
2014-nji ýylda güýje giren karara laýyklykda bolsa, binýatlyk möçberi 100 manat möçberinde kesgitlendi.
Netijede, “Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakyndaky kodeksiniň” 231-nji maddasyna laýyklykda, pul jerimesiniň möçberi 10-20 manat aralygynda bolmaly.
Türkmen metbugatynyň wagtal-wagtal berýän habarlaryndan çen tutulsa, paýtagtyň we welaýatlaryň köçelerinde pyýadalar üçin ýoluň üstünde, aşagynda we ýokarsynda ýörite geçelgeler, köprüler, estakadalar yzygiderli gurulýar.
Ýöne Azatlygyň ýerli habarçylary bilen söhbetdeş bolýan türkmenistanlylar pyýadalar üçin niýetlenen ýerasty we ýerüsti geçelgeleriň köpüsiniň amatly däldigini, olaryň aralarynyň uzakdygyny, şol sebäpdenem adamlaryň rugsatsyz ýerlerde-de köçeleri kesip geçmeli bolýandyklaryny gürrüň berýärler. Olaryň käbirlerinde bolsa, mümkinçiligi çäkli adamlar üçin şertleriň hem göz öňünde tutulmandygy aýdylýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383. Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.